Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aşgabat — ählumumy dialogyň merkezi: Ýokary derejeli halkara forum dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Jemgyýet
Aşgabat — ählumumy dialogyň merkezi: Ýokary derejeli halkara forum dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Çap edildi 17.12.2025
111

Golaýda Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat döwlet we hökümet Baştutanlaryny, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny bir ýere jemläp, ählumumy syýasy dialogyň merkezine öwrüldi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, şeýle-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli halkara forum dünýä metbugatynyň ünsüni çekdi. Esasy habarlar agentlikleri, elektron media neşirleri we beýlekiler öz sahypalarynda forumy giňden şöhlelendirip, häzirki geosyýasy ýagdaýlarda onuň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.

Habarlarda we makalalarda parahatçylyk döredijilikli diplomatiýanyň netijeli guraly hökmünde türkmen Bitaraplygyna esasy orun berilýär. Žurnalistlerdir bilermenler Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, häzirki wagtda derwaýys sebit we ählumumy meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança hökmünde çykyş edýändigini belleýärler. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde nygtalyşy ýaly, dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny yglan etmek başlangyjyna ýokary baha berip, oňa döwletleriň arasynda dialogy dikeltmäge, ynanyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga çagyryş hökmünde garaýar.

Media neşirleri forumyň ýokary wekilçilikli derejesine ünsi çekdiler. Munuň özi Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli ornunyň halkara jemgyýetçilik tarapyndan giňden goldanylýandygynyň güwäsidir. Dünýäniň köp ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, iri sebit guramalarynyň, BMG-niň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň foruma gatnaşmaklary bilen bagly wakalar ýaýlyma berlen reportažlarda aýratyn görkezildi. Forumyň ýokary wekilçilikli düzümi Türkmenistanyň açyk we netijeli pikir alyşmak babatda zerur gurşawy döretmäge ukyply, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ornuny äşgär edýär. Halkara synçylar seljerme makalalarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň garaýyşlary ýakynlaşdyrmak we ylalaşyk gazanmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýändigini belleýärler.

Daşary ýurt metbugaty forumyň anyk netijelerine ünsi çekýär. Makalalarda oňa gatnaşyjylaryň energetika howpsuzlygy, durnukly ulagy pugtalandyrmak, sebit infrastrukturasyny ösdürmek, ekologiýa meselelerini çözmek boýunça anyk teklipdir başlangyçlary beýan edilýär. Synçylaryň sözlerine görä, Aşgabatda geçirilen halkara forum durnukly ösüşe gönükdirilen sebit we ählumumy strategiýalary utgaşdyrmak babatda netijeli platforma boldy. Hususan-da, ýakyn geljekde ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze ugurlary üçin binýady goýan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn duşuşyklar giňden şöhlelendirildi. “Forumyň öňde goýlan maksatlara ýetjekdigine we halkara gatnaşyklaryň taryhynda örän möhüm waka öwrüljekdigine meniň hiç hili şübhäm ýok. Çünki gürrüň örän derwaýys meseleler — parahatçylyk, bitaraplyk we ynanyşmak barada barýar. Bular häzirki döwürde örän wajyp düşünjelerdir” diýip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň aýdan sözlerini gazak neşirleri mysal getirýär.

Hytaýyň “Sinhua” habarlar agentliginiň sahypalarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan forumyň ýokary derejesi bellenilýär. “EADaily” Ýewraziýa habarlar agentliginiň sahypalarynda forumyň ýokary derejeli duşuşyklary, Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyny, “Parahatçylyk we ynanyşmak: durnukly geljegiň bähbidine maksatlaryň bitewüligi” atly plenar mejlisi öz içine alýan giň gerimli maksatnamasyna üns çekilýär. ŞHG we integrasion prosesler hakyndaky köpçülikleýin habar beriş serişdesi bolan “ИнфоШОС” diňe bir forumdaky çykyşlary däl, eýsem, çäräniň anyk netijelerini hem şöhlelendirýär. Neşiriň sahypalarynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň hyzmatdaşlygy, olaryň GDA-nyň çägindäki integrasion proseslerde eýeleýän orny, forumyň jemleýji resminamasy bolan Aşgabat Jarnamasy barada nygtalýar.

Merkezi Aziýanyň, Kawkazyň we Ýakyn Gündogaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu forumyň üç möhüm senä — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelmeginiň simwolik mana eýedigine ünsi çekdiler. Habarçylar öz makalalarynda forumy ählumumy meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança hökmünde şöhlelendirdiler. Hindistanyň “The Economic Times”, Azerbaýjanyň “Trend.az” neşirleriniň sahypalarynda ählumumy dartgynlylygyň artýan häzirki şertlerinde Türkmenistanyň parahatçylygy we ynanyşmagy ilerletmek boýunça başlangyjynyň wajyp ähmiýeti bellenilýär. “The Economic Times” neşirinde Gazagystanyň Prezidentiniň Hazarüsti halkara ulag ugruny ösdürmek boýunça beýan eden pikirlerine üns berilýär. Munuň özi forumyň Ýewraziýa giňişliginde özara baglanyşygy ösdürmek, sebitiň üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan möhüm waka hökmünde hem kabul edilendigini görkezýär.

Metbugat sahypalarynda bitarap platforma hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän wajyp orny aýratyn üns merkezinde boldy. Daşary ýurtly bilermenler Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň dürli daşary syýasy garaýyşly ýurtlaryň Liderlerini bir ýere jemlemäge mümkinçilik berýändigini nygtadylar. Synçylaryň sözlerine görä, munuň özi ygtybarly araçy hökmünde Türkmenistana bildirilýän ýokary ynamyň nyşanydyr. Russiýanyň “RIA nowosti”, Hytaýyň “Sinhua” agentlikleri, Gazagystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtyna gelen wekiliýetleriň ýokary derejesine ünsi çekdiler. Şunda sebitiň iri döwletleriniň Baştutanlarynyň Aşgabada saparlary aýratyn gyzyklanma döretdi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde jemleýji resminamanyň — Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti bellenilýär. Bu resminamanyň kabul edilmegi taraplaryň parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine bilelikdäki hereketlere ygrarlydyklaryny tassyklap, foruma gatnaşyjylaryň anyk netijeleri gazanmagy maksat edinýändiklerini görkezdi. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň e-cis.info portalynyň sahypalarynda Türkmenistanyň integrasion orny nygtalýar. Hyzmatdaşlaryň Bitaraplyga bagyşlanan çärä gatnaşmaklary Türkmenistanyň GDA-nyň giňişliginde durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň goldanylýandygyny subut edýär.

Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, hususan-da, “IRNA” habarlar agentliginiň sahypalarynda foruma ykdysady hyzmatdaşlyk üçin möhüm meýdança hökmünde baha berilýär. Makalalarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge ýardam berýändigi bellenilýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň agentlikleriniň habarlarynda sebit raýdaşlygyna we Türkmenistanyň Merkezi Aziýada durnuklylygy üpjün etmekde eýeleýän ornuna üns çekilýär. Forum hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin wajyp dialog meýdançasy boldy.

Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli forumy giňişleýin şöhlelendirdiler. Hususan-da, strategik hyzmatdaşlyk we sebit durnuklylygy meselelerine, Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryna üns çekildi. “TASS” döwlet habarlar agentliginiň habarynda nygtalyşy ýaly, Prezident Wladimir Putiniň foruma gatnaşmak maksady bilen Aşgabada amala aşyran sapary Russiýanyň daşary syýasatynda, hususan-da, GDA-nyň ugry boýunça gatnaşyklarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny tassyklaýar.

“RIA nowosti” agentligi ikitaraplaýyn duşuşyklara ünsi çekdi. Onuň reportažlarynda forumyň çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklary bellenilýär. “Rossiýskaýa gazeta” metbugat neşiri öz habarlarynda Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berdi. Synçylar rus tarapynyň Türkmenistanyň işjeň we çuňňur oýlanyşykly daşary syýasatyna möhüm ähmiýet berýändigine, oňa Merkezi Aziýada durnuklylygy üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde garaýandygyna ünsi çekdiler.

“Rossiýa24” teleýaýlymynyň habarçylary reportažlarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bu hukuk derejesini howpsuzlygy üpjün etmekde üstünlikli ulanmak tejribesini bellemek üçin sebäpdigini bellediler. “Rossiýa24” öz habarlarynyň birinde: “Türkmenistanyň Bitaraplygy çylşyrymly köptaraplaýyn gepleşikleri geçirmek üçin BMG tarapyndan ykrar edilen ygtybarly binýat bolup çykyş edýär” diýip nygtaýar. “TASS” döwlet habarlar agentligi Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmek boýunça ara alyp maslahatlaşmalary giňişleýin şöhlelendirdi. Habarlaryň birinde beýan edilişine görä, Türkmenistanyň üstaşyr geçirijilik kuwwatynyň, şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy Russiýanyň Günorta Aziýa we Ýakyn Gündogar bilen söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin strategik ähmiýete eýedir. Başga bir rus neşirinde forumyň Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berendigi nygtalýar. Aşgabatda geçirilen duşuşyklar Hazar deňzinde howpsuzlyk we ekologiýa meseleleri boýunça garaýyşlary mundan beýläk-de ylalaşmak üçin binýady döretdi.

Şeýle-de ritmeurasia.ru portalynda: “Prezident Wladimir Putin Türkmenistanyň 30 ýyl mundan ozal hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini saýlamagyna ýokary baha berdi” diýlip bellenilýär. “Bu ýol Türkmenistanyň Garaşsyz we özygtyýarly döwlet hökmünde ösüşiniň strategik ugruny kesgitledi. Türkmenistan baý taryhy, medeni we ruhy mirasyna esaslanyp, okgunly ösýär. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, durmuş ulgamynda belent sepgitlere ýetýär. Türkmen döwleti oýlanyşykly daşary syýasaty durmuşa geçirýär, sebit we halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar, dünýä işlerinde hyzmatdaşlyk we özara ynanyşmak ýagdaýyny döretmek üçin uly tagallalary edýär” diýip, Prezident Wladimir Putin Aşgabat forumynda eden çykyşynda belledi. Şeýlelikde, Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Aşgabat forumyny türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň nyşany, Bitarap Türkmenistanyň Ýewraziýa yklymynda parahatçylygy, ynanyşmagy, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan möhüm goşandy hökmünde suratlandyrdylar.

Aziýa ýurtlarynyň mediasy metbugat sahypalarynda Türkmenistanyň sebitde durnuklylygy we ykdysady özara baglanyşygy üpjün etmekde eýeleýän ornuna aýratyn üns berdiler. Hytaýyň “China Daily” neşirinde Aşgabat forumynyň dünýä döwletleriniň parahatçylykly ýaşamak ýörelgelerine ygrarlydyklaryny tassyklamak üçin meýdança bolandygy nygtaldy. Hytaýyň metbugat serişdeleri Türkmenistany tutuş Ýewraziýa yklymynyň bähbidine hyzmat edýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde şöhlelendirdiler.

Türkiýäniň “Anadolu” habarlar agentligi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň türki döwletleriň arasynda gatnaşyklary ilerletmäge, sebitleýin ykdysady taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berýän möhüm ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik berendigini belledi. Foruma gatnaşyjylar häzirki halkara gatnaşyklar ulgamynda bitaraplygyň ähmiýetiniň barha artýandygyny nygtadylar. Gapma-garşylyklaryň artýan şertlerinde Türkmenistanyň bu çemeleşmesi açyk dialogy we parahatçylykly gatnaşyklary goldamagyň guraly bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň halkara gatnaşyklarda ynanyşmagy dikeltmek üçin taryhy mümkinçilik döredendigini aýdyp, dialogyň, özara hormat goýmagyň parahatçylygyň iň esasy kepilleri bolup durýandygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda dünýä gurluşynda parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeler bolmalydygyny, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Konstitusiýada berkidilendigini, gapma-garşylyklaryň parahatçylykly ýollar arkaly çözülmeginiň we adam hukuklaryna hormat goýulmagynyň Türkmenistanyň syýasatynyň esasyny düzýändigini nygtady.

Umuman, dünýäniň esasy neşirleri Aşgabat forumyny dialogy, parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak üçin diplomatik köpri, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň netijeliligini tassyklan taryhy waka hökmünde beýan etdiler. Forumda beýan edilen başlangyçlar halkara jemgyýetçilikde uly seslenme döredip, “Parahatçylyk we ynanyşmak” konsepsiýasyny syýasy şygardan halkara gatnaşyklaryň täze, has adalatly we howpsuz ulgamynyň esas goýujy ýörelgesine öwürmegiň ýolunda möhüm waka boldy.

Soňky habarlar
18.12
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
17.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary başlandy
17.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Ýaş aýdymçylary «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda
17.12
Aşgabat — ählumumy dialogyň merkezi: Ýokary derejeli halkara forum dünýä metbugatynyň sahypalarynda
17.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara çäreleriň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli halkymyza GUTLAGY
17.12
Ýaş estrada aýdymçylarynyň «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
16.12
Parahatçylyk we ynanyşmak — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgesi
16.12
Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi
16.12
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna (2025-nji ýyl), Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň Aşgabat Jarnamasy
16.12
«Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy
top-arrow