Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Medeni diplomatiýa — dowamatlylyk we täzeçil çemeleşmeler
Teswirlemeler
Medeni diplomatiýa — dowamatlylyk we täzeçil çemeleşmeler
Çap edildi 02.12.2025
31

Häzirki wagtda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän möhüm durmuş-ykdysady özgertmeler medeni syýasata hem oňyn täsirini ýetirýär. Şunda jemgyýetçilik durmuşynyň döredijilik we bilim-terbiýe ýaly esasy ulgamlaryndan başlap, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna çenli aýratyn üns berilýär. 8-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz halkymyzyň milli medeni mirasynyň, däp-dessurlarymyzyň dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändigini belledi hem-de «Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Bu resminama halklary jebisleşdirmekde we dostlaşdyrmakda medeniýetiň täsirini artdyryp, medeni diplomatiýanyň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Bu günki gün milli medeniýetimiz häzirki zaman ýörelgelerini, ugurlary we nusgalary özüne birleşdirýär. Şunda ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň wajyp binýadyny emele getirýän taryhy-medeni mirasymyz aýawly saklanylýar. Türkmen medeniýetini halkara derejede giňden wagyz etmek, daşary ýurtlaryň wekilleri bilen medeni dialogy işjeňleşdirmek hem-de döredijilik gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly, “Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy” 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren teklibi esasynda işlenip düzüldi. Strategiýanyň esasy wezipeleriniň biri dünýäniň öňdebaryjy düzümleri, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasydygyny hem-de taryhy-medeni, tebigy ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça giň gerimli işleri alyp barýandygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz ÝUNESKO-nyň degişli Konwensiýalaryna goşuldy. Döwletimiz gadymy şäherler, halkymyzyň milli sungaty hem-de senetleri bilen bagly maddy we maddy däl medeni gymmatlyklarynyň halkara derejede ykrar edilmegi ugrunda tagalla edýär.

Türkmenistan BMG-niň möhüm Kararnamalarynyň awtory hökmünde çykyş etmek bilen, 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek başlangyjyny öňe sürdi. Munuň özi parahatçylyk döredijilikli dialogy ilerletmekde medeniýetiň ähmiýetini açyp görkezýär. Medeni diplomatiýanyň esasy guraly onuň döwletiň halkara medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagydyr. Köp sanly döwletleriň Medeniýet günleri, halkara aýdym-saz, teatr festiwallary, ylmy maslahatlardyr forumlar bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň bir bölegidir. Ýurdumyz medeni we syýahatçylyk mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin köptaraplaýyn platformalary işjeň ulanyp, iri halkara, sebit guramalary bilen gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrýar. Bu işde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ), BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasyna, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna aýratyn orun degişlidir.

TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýän ugurlaryň biridir. Bu ugur türki halklaryň umumy medeni we dil mirasyny gorap saklamaga hem-de ösdürmäge gönükdirilendir. 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Änew şäheriniň bolsa şol ýyl üçin «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi özara gatnaşyklaryň taryhyndaky möhüm wakalardyr.

Türkmenistan Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň agzasy hökmünde medeni-taryhy syýahatçylyga, Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlaryna ünsi çekip, syýahatçylyk mümkinçiliklerini ugurdaş halkara ulgama ornaşdyrmaga çalyşýar. Bu gurama bilen hyzmatdaşlyk tejribe alyşmaga, syýahatçylyk infrastrukturasyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Mundan başga-da, ol tebigaty, medeni mirasy gorap saklaýan, durmuş-ykdysady peýda getirýän durnukly syýahatçylyk nusgasyny ösdürmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyz yslam dünýäsiniň çäklerinde-de medeni gatnaşyklary pugtalandyrýar. Şunda Türkmenistanda ýerleşýän yslam medeniýetine we binagärligine degişli ýadygärlikleri gorap saklamak hem-de öwrenmek boýunça bilelikdäki işlere aýratyn üns berilýär. Ýurdumyz Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň guramagynda geçirilýän medeni festiwallara, sergilerdir forumlara gatnaşyp, halklaryň arasynda özara düşünişmegi we ruhy jebisligi goldaýar.

Türkmenistan halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirip, medeniýetiň we syýahatçylygyň, parahatçylygyň, ösüşiň ilçisi hökmünde çykyş edýän strategiýasyny öňe sürýär. Halkymyzyň baý mirasynyň nesilden-nesle aýawly geçirilýän özboluşly maddy we ruhy gymmatlyklaryň bitewi ulgamydygyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz milli medeni mirasy öwrenmek, gorap saklamak we baýlaşdyrmak meselesini hemişe üns merkezinde saklaýar. Türkmen halkynyň gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek maksady bilen, kitaplary taýýarlamak, neşir etmek işi hem bu ugurda öňde duran wezipeleriň hataryndadyr.

Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy şu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şygary bilen baglylykda, möhüm ähmiýete eýe bolýar. “Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzda döwletleri we halklary ýakynlaşdyrýan medeni gatnaşyklary, ylmy alyşmalary giňeltmäge gönükdirilen işler dowam etdiriler. Türkmenistanyň özboluşly medeniýeti, gaýtalanmajak taryhy mirasy, ilkinji nobatda, halkymyzyň öz ruhy köklerine wepalylygy bilen baglanyşyklydyr.

Ruhy we döredijilik mümkinçiliklerine eýe bolan döwlet hökmünde ykrar edilen ýurdumyz dünýä giňişliginde giň medeni alyşmalar syýasatyny işjeň ilerledýär. Milli medeni mirasy gorap saklamak we wagyz etmek, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, Diýarymyzda üstünlikli geçirilýän halkara çäreler bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir. Soňky ýyllarda Türkmenistanda halkara forumlardyr çäreleriň köp sanlysy guraldy. Munuň özi medeniýetiň, sungatyň serhetleri aşyp, dürli halklary parahatçylyk, hoşniýetlilik, ösüş taglymlary ugrunda birleşdirmäge ýardam edýändigini aýdyň görkezýär. Şolaryň hatarynda görnükli türkmen akyldarlarynyň we şahyrlarynyň — Muhammet Gaýmaz Türkmeniň, Baýram hanyň, Mollanepesiň, Magtymguly Pyragynyň, Göroglynyň durmuşyny, döredijiligini, Seljuklar döwrüniň taryhy ýadygärliklerini, edebiýatyny we medeniýetini, gadymy Jeýtun medeniýetini, türkmen atçylyk sungatyny, orta asyr medeniýetleriniň ulgamyndaky Gündogar Türkmenistanyň mirasyny, Beýik Ýüpek ýolunyň ýadygärliklerini öwrenmäge bagyşlanan ylmy maslahatlar bar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak babatda ähli şertler döredilendir. Ýöriteleşdirilen mekdepleriň, oba medeniýet öýleriniň sany artýar, ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde täze kafedralar açylýar. Döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň netijesinde bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça halkara agentlikler, gaznalardyr guramalar bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegine-de aýratyn ähmiýet berilýär. Şolaryň hatarynda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşik aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli baýragyny almak ugrunda her ýylda geçirilýän bu bäsleşik döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine, ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagyna, ýaşlaryň döredijiligi esasynda milli medeniýetimiziň altyn hazynasynyň has-da baýlaşmagyna itergi berýär. Watanymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny öwrenmäge we milli medeniýetimizi ösdürmäge goşan goşandy, türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin daşary ýurt raýatlary Magtymguly adyndaky halkara baýrak bilen sylaglanylýar.

Täze Strategiýada milli poligrafiýa pudagyny halkara standartlara laýyk getirmek, oňa öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly dünýäniň neşir önümleri bazarynda bäsdeşlige ukyplylygy artdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutulýar. Ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, halklaryň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanda halkara derejeli konsertleri, sergileri, maslahatlary, suratkeşleriň döredijilik duşuşyklaryny, surat sergilerini, edebi agşamlary, opera, teatr, saz, tans festiwallaryny hem-de beýleki forumlary yzygiderli geçirmek bilen, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda özara tejribe alyşmak üçin netijeli meýdançany döretmek hem esasy wezipeleriň hataryndadyr.

Türkmenistanda we daşary ýurtlarda özara Medeniýet günlerini, kino günlerini, hepdelikleri geçirmek, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň, gadymy gymmatlyklarynyň, milli medeniýetiniň we sungatynyň halkara derejede giňden wagyz edilmegini gazanmak, iri halkara festiwallarda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlarynyň guralmagyny üpjün etmek meseleleri-de möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň başynda Monako Knýazlygyna amala aşyran saparynyň dowamynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Ýurdumyzda sirk sungatyny ösdürmekde bu topara uly ornuň degişlidigini nygtamak gerek. Topar 2007-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda döredildi.

Medeniýet we kino sungaty özboluşly aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen, halklary biri-birine ýakynlaşdyrmaga kömek edýär, olary parahatçylyk, gözellik, sazlaşyk, ösüş arkaly umumy abadançylyk ugrunda birleşdirýär. Ýurdumyzda geçirilen «Gorkut ata», «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwallar munuň aýdyň mysalydyr. Olaryň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, türki döwletleriň kino sungatynyň ussatlarynyň filmleri görkezildi. Häzirki wagtda kinematografiýanyň ösdürilmegine, türkmen filmleriniň surata düşürilmegine we ýaýradylmagyna, kinofestiwallaryň geçirilmegine, daşary ýurtlarda guralýan çärelere türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagyna döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýär.

Gadymy döwürlerden bäri türkmen topragy medeniýetiň, sungatyň, ylmyň we bilimiň ojagy hasaplanýar. Watanymyz taryhda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleri bilen meşhurdyr. «Türkmenfilm» birleşigine Oguz hanyň adynyň dakylmagy-da merdana ata-babalarymyza we şöhratly taryhymyza goýulýan belent hormatyň aýdyň güwäsidir. Ýeri gelende, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Kompozitor» atly çeper filminiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen, Gahryman Arkadagymyzyň gönüden-göni ýardam bermeginde döredilendigi bellenilmäge mynasypdyr.

Strategiýanyň esasy wezipeleriniň biri halkara habarlar giňişliginiň çäklerinde daşary ýurt teleradioýaýlymlary we teleradiokompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekden, Türkmenistan baradaky täzelikleriň, geçirilýän çäreleriň daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ýaýradylmagyny yzygiderli kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Türkmenistan taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak ugrunda netijeli işleri dowam etdirip, bu ugurda daşary ýurtlaryň medeni mirasy öwrenmek we gorap saklamak babatda iş alyp barýan ylmy edaralary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi, ylalaşyklaryň esasynda bilelikdäki arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirmegi maksat edinýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde «Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly milletara ulgamlaýyn hödürnamanyň çäginde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerde hem-de Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalarynyň ugrunda ýerleşýän ýadygärliklerde meýilleşdirilen ylmy-barlag işlerini görkezmek bolar.

Ýaşlaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi, öz mümkinçiliklerini açyp görkezmekleri üçin ähli zerur şertler döredilip, Diýarymyzyň iň çetki künjeklerinde-de medeniýet merkezleri, konsert meýdançalary gurulýar. Şunuň bilen baglylykda, 2026 — 2052-nji ýyllar üçin niýetlenen Strategiýada kesgitlenen wezipelere laýyklykda, Türkmenistanyň medeniýet ugurly ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, bu babatda ikitaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak işlerini dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, muzeýleriň ylmy-barlag işleriniň netijeliligini artdyrmak, ylmy taslamalary, seýrek tapyndylar baradaky ylmy habarlary halkara jemgyýetçilikde wagyz etmek, kitaphanalaryň we muzeýleriň daşary ýurtlaryň ugurdaş edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň çägini giňeltmek meýilleşdirilýär.

Şeýlelikde, “Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy” Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan türkmen jemgyýetiniň ruhy we döredijilik mümkinçilikleriniň has-da artdyrylmagyna goşant goşar.

Soňky habarlar
02.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary
02.12
Medeni diplomatiýa — dowamatlylyk we täzeçil çemeleşmeler
02.12
Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
02.12
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Pre­zi­den­ti­ni gut­la­dy
01.12
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
01.12
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda täze maldarçylyk toplumy işe girizildi
01.12
Türkmenistanda Kuweýt Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
01.12
Türkmenistanyň Prezidenti Tailandyň Patyşasyna gynanç bildirdi
01.12
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
01.12
Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Prezidentini gutlady
top-arrow