Şu gün paýtagtymyzda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli «Bitaraplyk we ynsanperwerlik: köpugurly alada bilen gurşalan geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw» ady bilen maslahat geçirildi. Halkara ähmiýetli maslahatyň dowamynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenmegi we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi hem-de dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


Häzirki döwürde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ynsanperwer ýörelgeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Munuň özi Bütindünýä çagalar güni mynasybetli geçirilen çärede öz beýanyny tapdy.


Şu günki çärä gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli sergi bilen tanyşdylar. Gözden geçirilişde ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliklerine degişli bölümlere giň orun berildi. Olarda häzirki döwürde ýurdumyzda degişli ugurlar boýunça ýetilen sepgitler, gazanylýan üstünlikler we ministrlikleriň tagallasy bilen amala aşyrylýan işler baradaky maglumatlar öz beýanyny tapdy.


Çärede häzirki döwürde ýurdumyzda Watanymyzyň we her bir maşgalanyň iň gymmatly baýlygy bolan çagalar barada ählitaraplaýyn aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Şu günki çäräniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň, ýagny ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde geçirilýändigini belläp, O.Atabaýewa bu iki düzümiň hem esasy maksadynyň çagalaryň saglygyny goramakdan, olaryň bilim almaklaryna ýardam bermekden hem-de durmuş üpjünçiligi meseleleri boýunça degişli goldawlary amala aşyrmakdan ybaratdygyny nygtady.


Soňra çärä gatnaşyjylar paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň Tennis toplumynda geçirilen mümkinçiligi çäkli çagalaryň aýdym-sazly çykyşlaryna hem-de tennis boýunça guran bäsleşiklerine tomaşa etdiler.


Häzirki döwürde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly maksatlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde çagalaryň arasynda tennis sporty uly meşhurlyga eýe bolýar.

