Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen-tatar gatnaşyklaryny pugtalandyryp
Ykdysadyýet
Türkmen-tatar gatnaşyklaryny pugtalandyryp
Çap edildi 20.11.2025
2074

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri O.Korobçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza sapar bilen geldi.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňňur taryhy, medeni we dil umumylygyna esaslanýan strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedigini bellemek gerek. Ýokary derejede işjeň goldanylýan bu hyzmatdaşlyk hereket edýän netijeli gural — bilelikdäki türkmen-tatar iş topary arkaly işjeň ilerledilýär.

Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, öňki geçirilen mejlisde öňe sürlen teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek ýaly meseleler girizildi. Toparyň ýolbaşçylary özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, iki tarap hem bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda bar bolan mümkinçilikleri doly derejede peýdalanmagy maksat edinýärler. Taraplar ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Şunda söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat ulgamlary geljegi uly ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, dokma senagaty, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlaryna aýratyn üns çekildi.

Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň we ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde halkara giňişlikdäki abraýynyň barha artmagynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerletmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy. Türkmen-tatar gatnaşyklaryna mahsus bolan ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesi dürli ugurlarda bilelikde hereketleri netijeli ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup durýar. Türkmenistanyň “KamAZ”, “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri, “KER-Holding”, Kazan dikuçar zawody ýaly iri kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr.

Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Munuň şeýledigini Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany R.Minnihanowyň şu ýyl Türkmenistana amala aşyran sapary hem tassyklaýar. Saparyň dowamynda ol hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşyklary geçirdi. 2024-nji ýylyň oktýabrynda döwlet Baştutanymyzyň «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köptaraplaýyn esasda özara gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegi maksat edinýändiginiň güwäsi boldy. Kazan şäheri bolsa ýokary derejedäki wekilçilikli sammitiň geçirilen ýeri boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýyl Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmagy, onuň çäklerinde “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmagy türkmen-tatar gatnaşyklaryna täze itergi berdi.

Häzirki wagtda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler, milli ykdysadyýetiň çalt depginlerde diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň hem-de sanlylaşdyrylmagynyň ugur edinilmegi, bar bolan ägirt uly ykdysady we eksport kuwwatlyklary Türkmenistanyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Şunda dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň iki tarap üçin hem ähmiýetli boljakdygy nygtaldy.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň nobatdaky mejlisi 21-nji noýabrda öz işini dowam eder.

Soňky habarlar
14.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
13.08
Ylym we tehnologiýalar — ýurdumyzyň rowaçlygynyň kepili
13.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
13.08
«Arkadag» topary täze ýeňişleri nazarlaýar
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
12.08
Hazar deňziniň güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat
12.08
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
11.08
Ulag-kommunikasiýa toplumynyň mümkinçiliklerini artdyryp
11.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 224 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow