Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen manady – ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşiniň nyşany
Ykdysadyýet
Türkmen manady – ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşiniň nyşany
Çap edildi 01.11.2025
179

Şu gün “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlanan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmen manadynyň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşindäki orny” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahata ýurdumyzyň döwlet hem-de paýdarlar täjirçilik banklarynyň, maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Şu gün Türkmenistan möhüm taryhy senäni--milli pul birliginiň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyny belleýär. Bu sene ýurdumyzyň Garaşsyzlygy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, ykdysady özygtyýarlylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň ýolunda ynamly öňe gitmegiň nyşany bolup durýar.

1993-nji ýylda milli pul birliginiň dolanyşyga girizilmegi döwletimizi berkarar etmekde möhüm ädim boldy. Munuň özi Türkmenistana özbaşdak we durnukly milli ykdysadyýeti döretmäge mümkinçilik berdi. 30 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen manady öz durnuklylygyny görkezip, döwletimiziň alyp barýan oýlanyşykly makroykdysady syýasatynyň beýany bolup durýar.

Milli manadymyzyň ygtybarlylygy raýatlarymyzyň abadan durmuşynyň kepili we maýa goýumlary çekmegiň esasy şerti bolup durýar. Munuň özi halkara giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrýar hem-de işewürlik üçin amatly şertleri döredýär.

Maslahatyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasynyň sergisi guraldy.

Maslahatyň gün tertibine milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi bilen ýurdumyzda gazanylýan ykdysady üstünlikler, milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly döwrebap bank hyzmatlarynyň ýola goýulmagy, elektron tölegler ulgamynyň kämilleşdirilmegi, halkara maliýe düzümler bilen hyzmatdaşlyk ýaly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň bank işgärlerine we ähli halkyna iberen Gutlagynda milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmeginiň ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň üpjün edilmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy hem-de banklaryň ykdysadyýetimiziň pudaklaryna gönükdirýän karzlarynyň möçberleriniň artdyrylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döredendigini belleýär.

 “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bank ulgamy çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Ulgama döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligi artdyrylýar, edilýän hyzmatlaryň gerimi giňeldilýär hem-de netijeliligi we hili gowulandyrylýar. Milli manadyň ykdysadyýetde dolanyşygy yzygiderli kämilleşýär, tiz pul dolanyşygynyň esasynda ykdysadyýetde täze önümçilikleriň sany artýar. Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejeleri yzygiderli kämilleşdirilýär” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň döwlet syýasatynda bank ulgamynyň işjeňligini artdyrmak, milli manadymyzy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere möhüm ähmiýet berilýär, bu bolsa diňe bir maliýe ulgamyna däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna öz täsirini ýetirýär. Türkmen manady harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatyny ölçemegiň ýeke-täk guraly bolmak bilen, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşini we ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmegiň, makroykdysady deňagramlylygy saklamagyň wajyp guraly bolup durýar.

Bank ulgamynyň innowasion häsiýetli ösüşini üpjün etmek, halkara maliýe guramalary, sebitleýin ösüş banklary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, ykdysady taýdan ähmiýetli pudaklary karzlaşdyrmagy kämilleşdirmek maksady bilen, Halkara Pul Gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky, Aziýanyň Ösüş banky, Yslam Ösüş banky ýaly abraýly halkara maliýe guramalary hem-de «Fitch Ratings» halkara reýting agentligi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Maslahata gatnaşyjylar «Fitch Ratings» halkara reýting agentliginiň ýurdumyza «durnukly» çaklama bilen «BB-» derejesini bermeginiň milli ykdysadyýetimiziň netijeliligine, ygtybarlylygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtadylar.

Häzirki ählumumy ykdysady şertlerde türkmen manady ýurdumyzyň maliýe durnuklylygynyň daýanjy bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan strategik özgertmeleriň we ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň netijesinde milli pul birligimiziň hümmeti barha pugtalanýar, bu bolsa raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönüden-göni ýardam berýär. Ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi türkmen manadynyň durnuklylygyny saklamak üçin berk serişde binýadyny üpjün edýär.

Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Soňky habarlar
01.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
01.11
Türkmen manady – ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşiniň nyşany
01.11
Türkmenistanyň Prezidenti Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna
31.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
30.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara başlangyçlary dabaralanýar
29.10
Döwlet we jemgyýet: döredijiligiň hem-de ösüşiň maksatlarynyň bitewüligi
29.10
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
29.10
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
28.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow