Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara başlangyçlary dabaralanýar
Teswirlemeler
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara başlangyçlary dabaralanýar
Çap edildi 30.10.2025
71

2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi dürli ykdysady we logistik kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin ägirt uly strategik ähmiýete eýe boldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. BMG tarapyndan her on ýyldan bir gezek guralýan ýokary derejeli foruma döwlet we hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurtdan, 50-ä golaý halkara guramadan ýokary wezipeli adamlar, iri kompaniýalaryň 20-den köpüsinden wekiller, 40-a golaý döwletden köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 160-dan gowragy gatnaşdy. Forumyň ýokary guramaçylyk derejesi, onda hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleriň döredilendigi ýokary derejeli myhmanlar tarapyndan aýratyn bellenildi. Maslahatyň netijeli işi üçin halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer, ykdysady, durmuş, ekologiýa ýaly ugurlardaky möhüm meseleleri, Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň çäklerindäki anyk maksatlardyr çäreleri öz içine alýan gün tertibi işlenip taýýarlanyldy.

Hereketleriň Awaza maksatnamasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ählumumy ösüş hereketine doly derejede gatnaşmagyna şert döredýän geljegi uly meýilnamalary işläp taýýarlamaga ýardam eder. Strategik “Ýol kartasy” bolup hyzmat etjek bu resminamanyň durmuşa geçirilmegi umumy jogapkärçiligi, ýurtlaryň hem-de halkara maliýe düzümleriniň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyny talap edýär. Ol bar bolan meseleleri durnukly ösüş üçin mümkinçiliklere öwrüp biler. Maslahatyň özi bolsa ösüşe tarap barýan ýolda gurluş päsgelçiliklerini ýeňip geçmäge çalyşýan 32 ýurt üçin aýgytlaýjy pursat boldy. Bu maksatnama arabaglanyşygy gowulandyrmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin ygtybarly platformany döretmäge gönükdirilendir.

Maslahatyň çäklerinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin inklýuziw geljegi gurmak maksady bilen, bu ýere jemlenen hökümetleriň, ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň, raýat jemgyýetiniň hem-de ýaşlaryň wekilleriniň, bilermenleriň duşuşyklary geçirildi. Öňdengörüjilikli, anyk hereketlere gönükdirilen, on ýylyň dowamynda bilelikde işlemek üçin ygtybarly binýat boljak resminamanyň — Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi wekilçilikli forumyň esasy netijesi boldy. Bu resminama DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmäni beýan edip, ulag infrastrukturasyny gowulandyrmak, söwdany ösdürmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, institusional mümkinçilikleri pugtalandyrmak boýunça anyk çäreleri özünde jemleýär. Jarnama BMG-niň durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmäge, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetine doly goşulyşmagyny üpjün etmäge umumy ygrarlylygy tassyklaýar.

«Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamada DÇBÖBD üçin hereketleriň täze halkara binýadyny döredip, ulag arabaglanyşygyny, sanly özgertmeleri we howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygy ösdürmek arkaly geografik çäklendirmeleri aradan aýyrmaga gönükdirilen ählumumy garaýyşlar berkidilýär. 57 ýurduň awtordaşlygynda taýýarlanylan bu resminamanyň biragyzdan kabul edilmegi BMG-ä agza döwletleriň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmäge berk ygrarlydygyny görkezýär. Munuň özi diňe bir resminama bolman, eýsem, bilelikde hereket etmek üçin borçnamadyr.

Mälim bolşy ýaly, 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy esasy bäş ugry öz içine alýar. Olar düzümleýin özgertmeler, ylym, tehnologiýalar we innowasiýalar; söwda, söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi we sebit integrasiýasy; üstaşyr geçirmek, ulag, arabaglanyşyk; howanyň üýtgemegine durnuklylygy pugtalandyrmak; bu maksatlary amala aşyrmak üçin serişdeler bilen baglydyr. Resminamada erkin üstaşyr geçirmegiň esasynda ulagyň ähli görnüşlerinde deňze bökdençsiz, netijeli we ykdysady taýdan bähbitli çykmaga ýardam bermegiň, halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, şunuň bilen bagly beýleki çäreleriň möhümdigi nygtalýar. Söwda amallary bilen baglanyşykly we ulag çykdajylaryny azaltmagyň, talabalaýyk üstaşyr ulag infrastruktura ulgamlaryny ösdürmegiň zerurdygy tassyklanylýar. Düzümleýin özgertmeleri, senagatlaşdyrmagy, diwersifikasiýany yzygiderli geçirmegiň wajypdygy ykrar edilýär. DÇBÖBD-niň deňhukukly, köptaraplaýyn söwda ulgamyna esaslanýan halkara söwda işlerine gatnaşmagyny giňeltmek bu ýurtlaryň ykdysady ösüşi hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagy üçin möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, maksatnamada bu ýurtlaryň dünýä bazarlary bilen baglanyşygyny ösdürmek, netijeli üstaşyr geçirmegi gazanmak, ulag çykdajylaryny azaltmak üçin ulag geçelgeleriniň ähmiýeti bellenilýär. Hemmeler üçin inklýuziw, ýokary hilli bilim hem-de hünär taýýarlygy arkaly adam maýasyny ösdürmäge maýa goýumlaryň zerurdygyna üns çekilýär. Ylym, tehnologiýalar, inženerçilik, matematika ugurlarynda ýokary hilli bilimi, durnukly ösüş boýunça netijeli çäreleri görmek maksady bilen, DÇBÖBD-de institusional kuwwaty ösdürmegiň möhümdigine üns çekilýär.

Hereketleriň Awaza maksatnamasynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler bilen üstaşyr geçiriji ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň olaryň infrastruktura arabaglanyşygyny, ulag, gümrük, logistika ulgamlaryndaky ylalaşyklaryny gowulandyrmak üçin özara bähbitli bolup durýandygy nygtalýar. Netijeli üstaşyr ulag ulgamlary, multimodal ulag infrastrukturasyny ösdürmekde ýakyndan hyzmatdaşlyk, institusional mehanizmlere ýardam bermek düzümleýin özgertmeleri amala aşyrmak, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin wajyp ähmiýete eýedir. Halkara bileleşik, şol sanda maliýe we ösüş edaralary, köptaraplaýyn guramalardyr agentlikler bu resminamada görkezilen anyk maksatlary ilerletmek üçin maliýe we tehniki goldawy bermäge çagyrylýar.

Ösüş babatda halkara hyzmatdaşlygyň, hususan-da, durnukly ösüşiň esasy hereketlendirijisi bolan Demirgazyk-Günorta hyzmatdaşlygynyň we özara ylalaşylan ulgamlarda Günorta-Günorta hem-de üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerindäki özara gatnaşyklar goldanylýar. Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi agzalan ýurtlarda durnukly ösüşi gazanmak üçin möhüm ähmiýete eýedir. Maksatnama ykdysadyýetleri diwersifikasiýalaşdyrmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegini ugur edinýän düzümleýin özgertmeleri göz öňünde tutýar. Şeýle-de ol ösüş gazanmak üçin halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtaýar. Maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň, şol sanda hökümetleriň, halkara guramalaryň, hususy pudagyň işjeň gatnaşmagyny talap edýär. Şeýle hyzmatdaşlyk tejribeleri we serişdeleri alyşmaga ýardam berer.

2003 — 2013-nji ýyllar üçin Hereketleriň Almaty maksatnamasy awtomobil we demir ýollaryny, port infrastrukturasyny gurmak hem-de gümrük amallary bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge gönükdirilen bolsa, 2014 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena maksatnamasy bu gün tertibini giňeltdi. Hususan-da, oňa düzümleýin özgertmeler bilen baglanyşykly meseleler girizildi, bu işlere hususy pudagyň işjeň gatnaşmagynyň möhümdigi nygtaldy. Hereketleriň Awaza maksatnamasy bolsa ilkinji gezek XXI asyryň iň esasy meselelerini — howanyň üýtgemegine garşy durnuklylyk, sanlylaşdyrmak, düzümleýin özgertmeler ýaly ugurlary öz içine aldy. Bu ugurda täze Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň belent halkara abraýynyň we ählumumy ynanyşmagy, hyzmatdaşlygy ilerletmekde eýeleýän wajyp ornunyň ykrar edilmesi boldy.

Türkmenistan Hereketleriň Awaza maksatnamasyny sebit we ählumumy derejede ilerletmek, DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleriniň halkara jemgyýetçiligiň üns merkezinde bolmagyny üpjün etmek ugrunda tagalla edýär. «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnama diňe bir Hereketleriň täze maksatnamasyny tassyklaýan resminama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy netijesinde dünýä bileleşigini DÇBÖBD-ni ählumumy ykdysadyýete integrirlemek boýunça anyk hereketlere borçlandyrýan syýasy başlangyçdyr.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky köpri hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän geosyýasy ornuny açyp görkezdi. Ýurdumyz kuwwatly multimodal infrastrukturany, şol sanda döwrebap awtomobil we demir ýollaryny, portlary döretmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek babatda edýän tagallalary Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny amala aşyrmaga gönüden-göni ýardam berer. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasat doktrinasyny ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi ilerletmek üçin işjeň ulanýar. Sebit we sebitara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen ulag diplomatiýasy ýurdumyzyň bu ugurdaky tagallalarynyň esasy strategik ugurlarynyň biridir. Bu işler deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler, şeýle hem tutuş Ýewraziýa yklymy üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Ýurdumyz halkara giňişlikde, hususan-da, ulag we logistika ulgamlarynda işjeň orun eýeleýär. Onuň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki diplomatik tagallalary diňe bir ileri tutulýan ugur hökmünde durnukly ulagyň ornuny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, ählumumy ykdysady durnuklylygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin täze halkara hukuk binýadyny emele getirýän birnäçe Kararnamalaryň kabul edilmegine hem şert döretdi. Bu başlangyçlaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi hem-de infrastruktura gönükdirilýän uly möçberdäki maýa goýumlar Türkmenistanyň sebitde logistika merkezi hökmünde ornuny pugtalandyrýar. Geografik taýdan ýerleşişini ykdysady artykmaçlyga öwürmek we Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy üstaşyr köpri hökmünde çykyş etmek ýurdumyzyň bu ugurdaky strategik maksadydyr. BMG-niň meýdançasyndaky diplomatik başlangyçlar bolsa döwletimiziň bu garaýşyny durmuşa geçirmek üçin syýasy-hukuk binýady bolup hyzmat edýär.

Türkmenistan milli we sebit ulag infrastrukturasyny yzygiderli ösdürmek bilen, oňa milli taslama hökmünde däl-de, ählumumy abadançylyga goşant hökmünde garaýar. Halkara standartlara ygrarlylyk, şol sanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýurdumyzyň ulag diplomatiýasynyň esasyny düzýär. Munuň özi Türkmenistana ulag taslamalaryny halkara hyzmatdaşlygyň, durnukly ösüşiň netijeli guraly hökmünde ilerletmäge mümkinçilik berýär. Şunda ýurdumyzyň bu ugurda beýleki başlangyçlaryny hem bellemek ýerlikli bolar. Türkmenistanyň teklibi boýunça 2014-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegi dünýä ulag hukugynda täze çemeleşmeleri resmi taýdan berkiden möhüm waka boldy. Şol Kararnama Baş Assambleýanyň netijeli üstaşyr ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi bilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň arasynda gönüden-göni arabaglanyşygy resmi taýdan kesgitlän ilkinji resminamasy boldy. Bu resminama döwletleri durnukly ulag ulgamlaryny ösdürmek boýunça işjeň hyzmatdaşlyk etmäge çagyryp, ählumumy ösüş gün tertibinde ulag ulgamynyň wajyp ornuny ykrar edýär.

BMG-niň çäginde gazanylan bu diplomatik üstünlik milli derejede geçirilen deslapky işlere esaslanýar. Kararnama 2014-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen ulag boýunça ýokary derejeli halkara maslahatyň netijesidir. Maslahatyň jemleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde üstaşyr ulag geçelgeleriniň tutýan orny barada Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Bu mehanizm ýokary diplomatik netijeliligini hem görkezdi. Maslahatyň jemleýji resminamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen ykrar edilmegi ýurdumyzyň sebit başlangyçlaryny halkara gün tertibine girizmäge ukyplydygyny tassyklady. Kararnamanyň kabul edilmegi uzak möhletleýin netijeleri berdi, hususan-da, Merkezi Aziýada serhetüsti ulag infrastrukturasyna maýa goýumlar üçin syýasy binýat döredildi. Resminamada infrastrukturanyň ösdürilmeginiň diňe bir sebit meselesi bolman, eýsem, ykdysady ösüş, hususan-da, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ösüşi üçin esasy şert bolup durýandygy nygtalýar.

Ählumumy logistika merkezlerini tehniki we amaly taýdan kämilleşdirmek üçin hukuk binýadynyň döredilmegi ulag ulgamy bilen Durnukly ösüş maksatlarynyň arasyndaky arabaglanyşygyň berkidilmeginiň logiki dowamy boldy. 2015-nji ýylda kabul edilen «Durnukly multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam etmek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmegiň ýolunda» atly Kararnama hem şu maksada gönükdirilendir. Kararnamada netijeli we amatly logistika çözgütlerini üpjün etmek üçin ulagyň dürli görnüşlerini — demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglaryny utgaşdyrmak arkaly multimodal üstaşyr geçelgeleri ösdürmegiň möhümdigi bellenilýär. Munuň özi häzirki zaman ýük daşamalary bazarynyň aýratynlyklary esasynda netijelilige we çykdajylaryň azaldylmagyna bildirilýän ählumumy talaby beýan edýär. «Durnukly multimodal üstaşyr geçelgeleri döretmäge ýardam etmek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmegiň ýolunda» atly Kararnamada beýan edilýän ideýalaryň, şol sanda Türkmenistanyň bu ugurda öňe sürýän konsepsiýasynyň Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň ösüşi üçin möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär.

2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Bütindünýä durnukly ulag gününi esaslandyrmak baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň ýene bir wajyp diplomatik üstünligi boldy. Bu başlangyç durnukly ulag meselesiniň dünýä derejesinde ykrar edilmegine itergi berdi. 26-njy noýabryň “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edilmegi ählumumy ösüşde ekologik taýdan arassa, howpsuz we elýeterli ulagyň eýeleýän möhüm orny barada habardarlylygy ýokarlandyrmak üçin uzak möhletleýin gural bolup hyzmat edýär. Bu senäniň her ýyl bellenilmegi tutuş dünýäde durnukly ulag bilen bagly meseleleri yzygiderli ara alyp maslahatlaşmaga şert döredýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki köptaraplaýyn başlangyçlary ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň netijeli gural hökmünde dünýäde ykrar edilýändigini görkezýär. Türkmenistan öz borçnamalaryny diplomatik tagallalar bilen birlikde, infrastruktura gönükdirýän iri möçberli maýa goýumlary arkaly hem berkidýär. Soňky ýyllarda gurlan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, Halkara howa menzilleri, täze awtomobil we demir ýollary munuň aýdyň mysalydyr. Bu strategiýa Türkmenistanyň diňe bir sebitiň ykdysady ösüşine däl, eýsem, ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga hem ýardam berýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde halkara abraýyny has-da artdyrýar.

Soňky habarlar
30.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara başlangyçlary dabaralanýar
29.10
Döwlet we jemgyýet: döredijiligiň hem-de ösüşiň maksatlarynyň bitewüligi
29.10
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
29.10
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
28.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
28.10
Ruhy we aň-paýhas kuwwaty artdyrmak — jemgyýetiň hem-de döwletiň ösüşiniň möhüm şerti
28.10
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
27.10
Özara bähbitli hyzmatdaşlyk we netijeli dialog arkaly tagallalar işjeňleşdirilýär
27.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 862 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow