Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Arkadag şäherine täze halkara sylag gowşuryldy
Jemgyýet
Arkadag şäherine täze halkara sylag gowşuryldy
Çap edildi 16.10.2025
1547

Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I.Blinnikow adyndaky altyn medalynyň gowşurylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan bu şäheriň innowasion ösüş babatda gazananlarynyň nobatdaky ykrarnamasy boldy. Bu waka mynasybetli guralan dabara gatnaşmak üçin Aşgabatda geçirilen Ýewraziýa Patent Guramasynyň Dolandyryjy geňeşiniň 47-nji mejlisine gatnaşyjylar ýurdumyzyň «akylly» şäherine geldiler.

Dabara başlamazdan ozal, daşary ýurtly myhmanlara Arkadag şäheriniň gözelliklerini emele getirýän görnüşleri — tekiz we giň şaýollary, olaryň ugrunda bina edilen ajaýyp binalardyr desgalary synlamaga mümkinçilik döredildi. Myhmanlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan bu nusgalyk şäheriň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy. Onuň gurluşygynda häzirki zamanyň iň ösen tehnologiýalary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalar ulanyldy. Munuň özi Türkmenistanda baş maksady halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakdan ybarat bolan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Täze şäher innowasion şähergurluşyk taslamasynyň milli nusgasy hökmünde dünýäde gyzyklanma döredýär. Arkadag şäheriniň halkara derejeli birnäçe sylaglara mynasyp bolmagy hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.

Dabara gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň häkimligine gelip, binanyň eýwanynda guralan sergini synladylar. Ol Arkadag şäheriniň ýaşaýyş-durmuş ulgamyna ornaşdyrylan sanly we innowasion tehnologiýalar barada giň düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Arkadag şäherine halkara derejeli täze sylagyň gowşurylmagynyň onuň haýran galdyryjy üstünlikleriniň nobatdaky ykrarnamasy bolup durýandygy nygtaldy. Bu ajaýyp waka mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna, “akylly” şäheriň ähli ýaşaýjylaryna tüýs ýürekden gutlag sözleri beýan edildi.

Dabarada çykyş eden Ýewraziýa patent edarasynyň ýolbaşçysy G.Iwliýew Türkmenistanda “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda amala aşyrylan we häzirki wagtda-da ikinji tapgyrynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýän bu giň gerimli taslamanyň dünýäde nusgalykdygyny belledi. Arkadag şäheriniň häzire çenli abraýly halkara baýraklaryň, güwänamalardyr şahadatnamalaryň onlarçasyna mynasyp bolmagy-da bu hakykaty aýdyň görkezýär.

Soňra dabaranyň esasy pursady gelip ýetdi: Ýewraziýa patent edarasynyň ýolbaşçysy G.Iwliýew Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I.Blinnikow adyndaky altyn medalyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Medaly Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow kabul etdi.

Bu altyn medal Ýewraziýa Patent Guramasynyň esaslandyryjysy hem-de onuň birinji prezidenti bolan Wiktor Iwanowiç Blinnikowyň hormatyna döredilip, ol oýlap tapyjylyk we patent işine goşan goşandy üçin berilýär. Arkadag şäherine bu altyn medalyň gowşurylmagy şähergurluşyk ulgamynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeleriň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň netijesidir.

Çykyş edenler “akylly” şäher bilen baglanyşykly patent işini kämilleşdirmek boýunça wezipeleriň netijeli çözülmeginiň gazanylan nobatdaky üstünlikde uly ornunyň bardygyna ünsi çekdiler. Dabarada çykyş eden ugurdaş düzümleriň wekilleri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň alyp barýan işi bilen baglylykda, Türkmenistanda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň degişli döwlet maksatnamasynyň ähmiýetini nygtadylar. Onuň esasynda awtorlyk hukugyny goramak we hemmetaraplaýyn kepillendirmek üçin halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk berkidilýär. Dabaranyň dowamynda görkezilen wideoşekiller bolsa Arkadag şäherinde durmuşa geçirilen innowasion taslamalar hem-de sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.

Bu ýerde «Sag bol, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» atly aýdymyň ýerine ýetirilmegi oňa gatnaşyjylarda aýratyn ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Soňky habarlar
16.11
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy: gün tertibinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy
16.11
Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary bilen bardy
15.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy
15.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşygy
14.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.11
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi
14.11
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
top-arrow