Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Paýtagtymyzyň saglygy goraýyş düzüminiň binýady berkidilýär
Jemgyýet
Paýtagtymyzyň saglygy goraýyş düzüminiň binýady berkidilýär
Çap edildi 10.10.2025
1686

Paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Garadaşaýak” ýaşaýyş toplumynda gurlan döwrebap saglyk öýüniň açylyş dabarasy Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralan giň gerimli çäreleriň üstüni ýetirdi. Oňa şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, saglygy goraýyş işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Ýygnananlar medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünlikleriniň mizemez binýadynyň adam hakyndaky aladadan gözbaş alýandygyny bellediler. Şunda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramagyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy aýratyn nygtaldy. Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap saglyk merkezleri yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Muňa ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň ulgama degişli iri desgalaryň açylyş we düýbüni tutmak dabaralaryna beslenmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil enjamlary ornaşdyrylan döwrebap saglyk öýleri ilatyň saglygyna yzygiderli lukmançylyk gözegçiligini amala aşyrmakda, keselleriň öňüni almakda, gaýragoýulmasyz lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekde, saglyk babatda adamlar bilen saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwrebap saglyk öýüniň toý bagy kesildi.

Saglyk öýüniň desgalar toplumynyň gurluşygy ýerli gurluşyk kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirilip, onuň esasy binasy iki gatdan ybaratdyr. Bu ýerde daşary döwletleriň iri önüm öndürijileriniň kämil lukmançylyk we tehniki enjamlary ornaşdyryldy. Saglyk öýünde Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň çagyryş gullugy, şöhle bilen anyklaýyş, barlaghana, aýallara maslahat beriş, anyklaýyş we maslahat beriş, maşgala lukmanlar, dolandyryş, fiziobejeriş, dezinfeksiýa we sterilizasiýa bölümleri bar. Saglygy goraýyş işgärleri bu bölümleriň otaglarynda ornaşdyrylan enjamlar, olaryň aýratynlyklary barada dabara gatnaşyjylary ýakyndan tanyşdyrdylar. Meselem, oftalmolog lukmanynyň otagynda Ýaponiýanyň “Topcon Healthcare” kompaniýasynyň «KR-800» häzirki zaman oftalmologik anyklaýyş we bejeriş enjamlar toplumy ornaşdyrylypdyr. Ol gözüň görüş derejesini kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýedir. Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasynyň önümi bolan «Healthineers AG Acuson NX3» ultrases lukmançylyk enjamy ultrases barlaglaryny geçirmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Fiziobejergi bölüminde kesellemezden öň bedende döreýän üýtgeşmeleri öwrenmek, alnan netijeleriň esasynda öňüni alyş çärelerini geçirmek üçin ähli şertler bar.

Soňra dabara gatnaşyjylar şöhle bilen anyklaýyş bölüminde gurnalan «MULTIX Impact» sanly rentgen we flýurografiýa enjamynyň işi bilen tanyşdylar. Emeli aň ulgamy utgaşdyrylan rentgenografiýa enjamy rentgen barlaglaryny ýokary takyklykda, telemedisina usulynda uzak aralykdan hem alyp barmaga mümkinçilik berýär. Saglyk öýüniň barlaghana bölüminde Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil enjamlary ornaşdyrylypdyr. Saglyk öýünde ýürek, diş, maşgala lukmanlarynyň işlemegi, sanjymlaryň geçirilmegi üçinem ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Bu ýere geljekler gysga wagtda zerur bolan lukmançylyk maslahatlaryny alyp, ýokary takyklykda işleýän enjamlaryň üsti bilen lukmançylyk barlaglaryndan geçip bilerler. Saglyk öýüniň dermanhanasynda zerur derman serişdelerini tapmak mümkin.

Dabara gatnaşyjylar täze saglyk öýünde zähmet çekjek hünärmenleri tüýs ýürekden gutladylar. Saglygy goraýyş işgärleri özleri barada edilýän aladalar, işlemek üçin döredilýän döwrebap şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler. Açylyş dabarasynyň çäklerinde döwrebap saglyk öýüniň gurluşygynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylara ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylmagy olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.

Soňky habarlar
07.12
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda» Karara gol çekdi
07.12
Hormatly Prezidentimiz iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi
07.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
07.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary
07.12
Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
06.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
05.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow