Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Täze oba — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nyşany
Jemgyýet
Täze oba — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nyşany
Çap edildi 17.09.2025
33

Şu gün Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap obanyň açylyş dabarasy boldy. Täze ilatly ýeriň “Bagtly zamana” diýlip atlandyrylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar.

Garaşsyz Diýarymyzda täze, döwrebap şäherleri, şäherçeleri we obalary gurup ulanmaga bermek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzyň sebitlerinde ilaty döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça işler batly depginde dowam edýär, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumlary, obalardyr şäherçeler bina edilýär. Olarda ilata durmuş taýdan hyzmat edýän dürli maksatly desgalar gurulýar, abadan durmuş, netijeli zähmet çekmek, göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda Bagtly zamana obasynyň açylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.

Ir bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň, welaýat we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine ýygnandylar. Dabaranyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, türkmen topragynyň dürli künjeklerinde döwrebap durmuş-ykdysady düzümleriň döredilmegi, ähli pudaklara ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, innowasiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilýän ägirt uly maýa goýum serişdeleri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna we ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Paýtagtymyzy, beýleki şäherlerimizi bezeýän ajaýyp binagärlik toplumlary, önümçilik kärhanalary, saglygy goraýyş, medeni, sport desgalary, ýokary we orta okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň täze binalary soňky ýyllarda batly depginler bilen öňe barýan Watanymyzyň artýan ykdysady kuwwatyna şaýatlyk edip, döwletimizde adam baradaky aladanyň ileri tutulýandygyny görkezýär. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Soňra dabara gatnaşyjylara söz berildi. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunda ýaşaýyş-durmuş infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Täze innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen, dünýä standartlaryna laýyk gelýän döwrebap bilim we saglygy goraýyş edaralary, söwda merkezleri, beýleki desgalar halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, dabara gatnaşyjylar Bagtly zamana obasynyň etrabyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp toý sowgady bolandygyny belläp, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Dabaranyň esasy pursady gelip ýetdi: şowhunly el çarpyşmalar bilen täze obanyň açylandygyny alamatlandyrýan toý bagy kesildi. Soňra dabara gatnaşyjylar täze obada döredilen şertler bilen tanyşdylar.

Bagtly zamana obasy 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýyny, 640 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, söwda merkezini, geňeşligiň edara binasyny özünde jemleýär. Obadaky täze orta mekdepde çagalaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilipdir. Mekdepde döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen ýagty hem giň okuw otaglary, okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny açmaklary üçin aýdym-saz otaglary, sport, medeni çäreler üçin zallar, kitaphana göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem bu ýerde mekdep okuwçylaryna zähmet terbiýesini bermek üçin zerur şertler bar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, hemmetaraplaýyn bilimli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, gurulýan ähli umumybilim berýän mekdepler öňdebaryjy okuw tehnologiýalary, häzirki zaman multimedia we interaktiw enjamlary bilen üpjün edilýär. Munuň özi ýaşlaryň sazlaşykly ösmegine ýardam berýär.

Milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmäge hem möhüm ähmiýet berilýär. Ilatyň saglygyny goramak, adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmek baş wezipe hökmünde kesgitlenildi. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň sebitlerinde we paýtagtymyzda täze lukmançylyk edaralary, anyklaýyş merkezleri, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup ulanmaga berilýär. Täze obadaky döwrebap saglyk öýi hem häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän lukmançylyk tehnikalary, iň kämil enjamlar bilen üpjün edilipdir. Bu bolsa oba ilatyna köpugurly lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik döredýär.

Dabara gatnaşyjylar oba ilatyna we onuň myhmanlaryna dürli görnüşli harytlary hödürlejek döwrebap söwda merkezi bilen tanyşdylar. Bu ýerde azyk önümlerinden başlap, gündelik durmuşda zerur bolan hojalyk harytlaryny satyn almak bolýar. Munuň özi ýurdumyzda haryt-söwda dolanyşygynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň, ilatyň azyk we hojalyk harytlary bilen bökdençsiz üpjün edilmegi, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply harytlaryň önümçiligini ýokarlandyrmak ugrunda uly tagalla edilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda bina edilýän çagalar baglarynyň ählisi döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Bu bolsa çagalaryň zehinini açmak, gözýetimini giňeltmek, olary bilimler dünýäsine taýýarlamak üçin giň mümkinçilikleri üpjün edýär. Täze obada bina edilen çagalar bagynda hem körpeler üçin oýun, ýatakhana, synp otaglary, şol sanda mekdebe çenli bilim üçin döwrebap ulgamlar üpjün edilen lingafon hem-de kompýuter otaglary göz öňünde tutulypdyr. Mekdebe çenli çagalar edarasynda körpeleriň ýaş aýratynlyklaryna görä bilim-terbiýe almaklary, wagtyny şadyýan geçirmekleri, göwnejaý dynç almaklary üçin ähli şertler döredilipdir.

Täze obanyň açylyş dabarasynyň dowamynda welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary halkymyzyň milli däp-dessurlaryny şöhlelendirýän sahnalaşdyrylan kompozisiýalary ýerine ýetirdiler. Şowhunly çykyşlar dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.

Täze öýlere göçüp gelen bagtyýar maşgalalaryň jaý toýlary döwrebap obanyň açylyş dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Jaý toýy döwletlilik, rysgal-bereket, bagtyýarlyk ýaly gymmatlyklaryň durmuş ýörelgeleri bilen baglanyşygynyň özboluşly beýanydyr. Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda ähli amatlyklar göz öňünde tutulyp, otaglar ýokary hilli mebeller bilen enjamlaşdyrylypdyr. Olaryň gurluşygynda häzirki zaman gurluşyk we bezeg serişdeleri ulanylypdyr. Her jaýyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, ýaşaýyş üçin oňaýly şertler döredilipdir. Munuň üçin täze jaýlara göçüp gelen maşgalalar döwlet Baştutanymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

Şeýlelikde, täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygynyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
18.09
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Täze oba — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nyşany
17.09
Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlaryň açylyş dabarasy boldy
17.09
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň saýlanan Baştutanyny gutlady
16.09
Türkmenistanda zähmet bazaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
15.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Häzirki döwürde amala aşyrylýan köpugurly maksatnamalaryň, özgertmeleriň ählisi her bir adamyň we tutuş jemgyýetiň bähbitlerini göz öňünde tutýar
top-arrow