Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi
Jemgyýet
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi
Çap edildi 13.09.2025
37

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly senäniň – Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri  hem-de güneşli Diýarymyzyň dürli  künjeklerinden gelen wekiliýet toparlary  gatnaşdylar. 

Maslahatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň  okalmagy maslahatyň ähmiýetini we derejesini belende göterdi.  

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, ösüşiň, berkararlygyň we rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan milli baýramymyz bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýän bu maslahatyň agzybirligimizi, jebisligimizi hem-de doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmakda ähmiýeti örän uly bolar. 

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynda möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy bu guramanyň işiniň ähmiýetini has-da artdyrmaga, oňyn döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär. 

Soňky habarlar
13.09
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy
13.09
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi
13.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatyna gatnaşyjylara
12.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
12.09
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halk Maslahatynyň gün tertibi
11.09
Ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýolunda möhüm başlangyçlar
11.09
Daşoguz welaýatynda täze şäherçe dabaraly açyldy
11.09
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
10.09
2025-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
top-arrow