Şu gün Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň hem-de awtomobil köprüleriniň açylyş dabarasy boldy. Şäherçä Bitaraplyk adynyň dakylmagy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly senesiniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Döwrebap şäherleri, şäherçeleri we obalary gurmak Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary bilen durmuşa geçirilýän özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyna, döredijilikli zähmet çekmegine gönükdirilen Oba milli maksatnamasyna möhüm ähmiýet berilýär. Maksatnamada göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde täze obalar, şäherçeler yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Watanymyzyň demirgazyk sebitiniň ilatyna ajaýyp sowgat bolan döwrebap şäherçe hem munuň aýdyň mysalydyr.
Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, welaýatyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Bu ýerde medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen täze köprülerden ilkinji awtoulaglar geçip başlaýar. Döwrebap ýol-ulag desgalary awtoulaglaryň iki tarapa hem bökdençsiz hereket etmegini üpjün edýär. Köprüleriň ugrunda germewler, yşyklandyryş ulgamlary çekilipdir.
Halkymyzda ýol, köpri gurmak, bina galdyrmak sogap iş hasaplanýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary esasynda şeýle asylly işler häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde giňden ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Şäherçä barýan ýoluň ugrunda türkmen toýuna mahsus milli däp-dessurlar ýerine ýetirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli däp-dessurlarymyz täze röwşe eýe bolup, häzirki zaman ýörelgeleri bilen baýlaşdyrylýar. Şunda köpöwüşginli toý dessurlaryna aýratyn orun berilýär.
Soňra dabara gatnaşyjylar Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine geldiler. Bu ýerde, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwrebap şäherçäniň açylyş dabarasy mynasybetli iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda bellenilişi ýaly, güneşli Diýarymyzdaky şanly wakalar dünýä bileleşigi tarapyndan parahatçylygyň, abadançylygyň, agzybirligiň mekany diýlip ykrar edilen ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň ýolunda täze sepgitlere ýetýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Bu bolsa şöhratly geçmişi bolan, täze eýýamly, röwşen geljekli bagtyýar halkymyzyň eziz Watanymyzyň bähbitlerine çekýän döredijilikli zähmetiniň guwandyryjy netijeleri bolup durýar. “Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde şatlyk-şowhuna beslenip, dabaraly açylýan täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesi hem ýurdumyzyň depginli ösüşleriniň özboluşly beýany bolup durýar. Bu şäherçe ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Soňra dabara gatnaşyjylara söz berildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, giňden bellenilýän baýramçylyklar mynasybetli täze binalary we desgalary ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze, döwrebap obalaryň, şäherçeleriň, ýaşaýyş toplumlarynyň gurulmagy Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň görkezijisi bolmak bilen, sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunda innowasion tehnologiýalaryň, öňdebaryjy ylmy-tehniki gazanylanlaryň, iň gowy dünýä tejribesiniň giňden ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Dabarada çykyş edenler häzirki döwrüň türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň eýýamyna öwrülendigini, täze şäherçäniň dabaraly ýagdaýda açylmagynyň hem Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ajaýyp sowgat bolandygyny nygtap, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.
Dabara gatnaşyjylar täze şäherçede döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Bitaraplyk şäherçesi 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýyny, geňeşligiň edara binasyny, saglyk öýüni, önümçilik maksatly häzirki zaman desgalaryny özünde jemleýär. Şeýle hem bu ýerde körpeleriň 160-syna niýetlenen çagalar bagy hereket edýär. Onda ýaş toparlarynyň aýratynlyklary nazara alnyp, çagalaryň sazlaşykly ösmegi, wagtyny şadyýan geçirmegi üçin ähli şertler döredilipdir. Täze şäherçäniň 420 orunlyk orta mekdebinde ösüp gelýän nesliň döwrebap bilim almagy, ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmegi üçin zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Mundan başga-da, bu ýerde 200 orunlyk medeniýet öýi, 500 orunlyk toý mekany, hyzmatlar öýi, aragatnaşyk bölümi, ýangyn söndüriji gullugyň desgasy, seýilgäh bar. Täze şäherçede gurlan söwda merkezinde alyjylara harytlaryň dürli görnüşleri hödürlenilýär.
Şäherçäniň açylyş dabarasy bagtyýar ýaşaýjylaryň jaý toýlary we beýleki dabaralar bilen utgaşdy. Täze öýlere göçüp gelen maşgalalar ýurdumyzda halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Diýarymyzyň şäherlerinde, şäherçelerinde ähli amatlyklary özünde jemleýän jaýlaryň gurulmagy halkymyzyň bähbidine amala aşyrylýan işleriň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzda gurulýan medeni-durmuş maksatly desgalaryň ählisinde bolşy ýaly, täze şäherçedäki bir we iki gatly ýaşaýyş jaýlarynda-da hemme zerur şertler döredilipdir. Döwrebap jaýlaryň giň we ýagty otaglary iň täze hojalyk enjamlary bilen üpjün edilip, ýokary hilli enjamlaşdyrylan aşhanadyr beýleki otaglar amatly durmuş gurşawyny döredýär. Olaryň gurluşygynda ýurdumyzda öndürilen häzirki zaman binagärlik, bezeg serişdeleri ulanyldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrylyp, köçeleriň ugrunda, mellek ýerlerinde dürli bag nahallary oturdylypdyr.
Täze desgalaryň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň welaýat, etrap merkezlerinde, şäherlerde we obalarda häzirki zaman durmuş düzüminiň kemala getirilmegine uly üns berilýändigini tassyklaýar. Baýramçylyk öwüşgininde bezelen täze desgalaryň töwereklerinde Garaşsyz Watanymyzyň üstünliklerini wasp edýän aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy bu ýere ýygnananlaryň ruhuny has-da belende göterdi.
Umuman, täze şäherçe «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş ugurly syýasatyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky anyk mysalydyr.