Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Hemmeler üçin inklýuziw we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk
Jemgyýet
Hemmeler üçin inklýuziw we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk
Çap edildi 05.08.2025
909

Şu gün BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilýän Raýat jemgyýetiniň forumy öz işini mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi.

“Sanly ykdysadyýet, innowasiýalar we durnukly ösüş” atly mejlisde sanly özgertmeler bilen baglanyşykly mümkinçiliklere seljerme berildi, şeýle hem tehnologiýalaryň çalt depginde ösýän häzirki şertlerinde inklýuziw we durnukly ösüşi gazanmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Foruma gatnaşyjylar sanly tehnologiýalara hemmeler üçin deň derejede elýeterliligiň üpjün edilmeginiň, sanly infrastrukturanyň pugtalandyrylmagynyň, şeýle hem sanly ulgamlaryň howpsuzlygyny hem-de ygtybarlylygyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyny bellediler. Mundan başga-da, startaplary ösdürmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga ýardam berýän innowasion ekoulgamlary goldamak boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga hem-de ýurtlaryň ykdysady kuwwatyny ösdürmäge mümkinçilik döredýär.

Sanly inklýuziwligi ilerletmekde raýat jemgyýetiniň eýeleýän ornuna aýratyn üns çekildi. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de bilermenler sanly serişdelere deňhukukly elýeterliligi üpjün etmek, sanly bilimi ornaşdyrmak we jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň arasynda sanly ulgam baradaky habardarlygy ýokarlandyrmak babatda toplanan tejribäni paýlaşdylar. Raýat jemgyýeti döwlet düzümleriniň, hususy pudagyň hem-de ilatyň arasynda köpri bolmak bilen bir hatarda, özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolup durýar. Raýat jemgyýetiniň bu işlere işjeň gatnaşmagy her bir adamyň öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegine şert döredýän durnukly sanly gurşawy kemala getirmäge ýardam berýär.

Mejlise gatnaşyjylar emeli aň we blokçeýn ýaly özgerdiji tehnologiýalaryň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde eýeleýän ornuny hem ara alyp maslahatlaşdylar. Bu maksatnama deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geografik taýdan ýerleşmegi bilen baglanyşykly infrastruktura päsgelçiliklerini aradan aýyrmaga gönükdirilendir. Innowasion çözgütleriň ulanylmagy döwlet dolandyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýokary hilli bilime we saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligi gowulandyrmaga, logistika we söwda işini ýeňilleşdirmäge, şeýle hem ykdysadyýetiň täze pudaklarynyň ösüşini höweslendirmäge mümkinçilik berýär. Netijede, bularyň ählisi bu ýurtlaryň durnukly ösüşine we ählumumy ykdysadyýete üstünlikli goşulyşmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, foruma gatnaşyjylar şeýle tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň degişli hukuk binýadynyň döredilmegini, maglumatlaryň goraglylygynyň üpjün edilmegini we işgärler kuwwatynyň ösdürilmegini özünde jemleýän toplumlaýyn çemeleşmäni talap edýändigini bellediler.

Ýurdumyzda sanly we mobil hyzmatlaryň hemmelere elýeterliliginiň üpjün edilmeginiň esasy wezipeleriň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Häzirki wagtda öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan giň gerimli aragatnaşyk ulgamyny döretmäge, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we görnüşlerini artdyrmaga, şol sanda ýurdumyzyň iň çetki künjekleriniň ilaty üçin hem internete elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirilen iri taslamalar durmuşa geçirilýär.

Sarp edijilere ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürlemek, maglumatlaryň geçirijilik tizligini artdyrmak maksady bilen, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda optiki-süýümli ulgamlar çekilýär. Bu taslama pudaklaryň arasynda maglumatlaryň alşylmagyny ep-esli gowulandyrmaga, elektron hyzmatlaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Konsepsiýada Türkmenistanyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamynyň häzirki zaman ýagdaýy, olary ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, ýoly we gurallary, şeýle hem garaşylýan netijeler beýan edilýär. Konsepsiýada eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň, şeýle hem hususy kärhanalaryň sanly ykdysadyýete geçiş tapgyrlary kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda, ykdysadyýetde täze pudaklar, bazarlar, dolandyryş usullary peýda bolýar. Ykdysadyýete innowasion tehnologiýalaryň mundan beýläk-de üstünlikli ornaşdyrylmagy raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda, ýurdumyzyň çig mal, ylmy-tehniki we zähmet gorlaryny netijeli peýdalanmakda, halkymyzyň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmakda täze mümkinçilikleri açýar.

Şeýle hem mejlisde durnukly ösüşiň durmuş, ykdysady we ekologiýa ugurlaryny göz öňünde tutýan sanly özgertmeleriň toplumlaýyn we inklýuziw strategiýasyny döretmegiň zerurdygy nygtaldy. Foruma gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi döwlet düzümleriniň, hususy pudagyň, ylmy jemgyýetçiligiň we raýat jemgyýetiniň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär. Şunuň bilen birlikde, innowasiýalar we sanly inklýuziwlik üçin amatly şertleri diňe özara ynanyşmak, açyklyk we bilelikde çözgütleri gözlemek ýagdaýynda döredip boljakdygy bellenildi.

Mejlisiň dowamynda sanly ykdysadyýeti pugtalandyrmaga we innowasion ekoulgamlary goldamaga gönükdirilen anyk maslahatlar hem-de teklipler öňe sürüldi. Bu çäreler sanly tehnologiýalar adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň we hemmeler üçin deň mümkinçilikleri üpjün etmegiň guraly bolup hyzmat edýän has adalatly we durnukly geljegi gurmaga ýardam berer.

Şeýlelikde, mejlis sanly ykdysadyýetiň we innowasiýalaryň durnukly ösüşi üpjün etmekde eýeleýän ornuna has içgin göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Onuň dowamynda gelnen netijeler bolsa bar bolan päsgelçilikleri aradan aýyrmaga hem-de jemgyýetiň we geljek nesilleriň bähbidine sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk üçin berk binýat döretdi.

Soňra forumyň işi “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin maliýe arhitekturasy, maliýe syýasaty hem-de hyzmatdaşlyk” atly mejlis bilen dowam etdi. Mejlisde DÇBÖBD-niň maliýe durnuklylygy hem-de ösüşi bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýurtlarda has adalatly we durnukly maliýe gurşawyny kemala getirmekde raýat jemgyýetiniň eýeleýän möhüm ornuna aýratyn üns berildi.

Bellenilişi ýaly, raýat jemgyýetiniň guramalary durnukly maliýe ýörelgelerini ilerletmäge işjeň ýardam bermek bilen, maliýe durnuksyzlygynyň öňüni almak boýunça teklipleri hem işläp taýýarlaýarlar. Bu guramalaryň ýerlerde geçirýän seljerme işleri we tejribesi ulgamlaýyn meseleleri ýüze çykarmaga hem-de her ýurduň aýratynlygyny nazara alýan netijeli çözgütleri işläp taýýarlamaga ýardam berýär.

Mejlisde şeýle-de has adalatly inklýuziw maliýe ulgamlaryny kemala getirmekde raýat jemgyýetiniň eýeleýän ornuna seljerme berildi. Hususan-da, raýat jemgyýeti tarapyndan ählumumy maliýe institutlarynda hasabatlylygy we deňhukuklylygy üpjün etmek, halkara maliýe çözgütlerine täsir etmek boýunça anyk mehanizmler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çözgütler diňe bir iri karz edaralarynyň bähbitlerine laýyk gelmän, eýsem, DÇBÖBD-niň hem zerurlyklaryny göz öňünde tutmalydyr.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda 2025-nji ýylda ösüşi maliýeleşdirmek boýunça Sewilýada (Ispaniýa) geçirilen (FFD4) maslahatyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu maslahat maliýe ösüşi ulgamynda ählumumy çözgütlere has netijeli täsir etmek üçin raýat jemgyýetiniň tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen geçirildi. FFD4 maslahatynyň netijelerine berlen seljerme hyzmatdaşlygyň häzirki mehanizminiň güýçli we gowşak taraplaryny ýüze çykarmaga hem-de raýat jemgyýetiniň ählumumy maliýe çözgütlerini kabul etmek işine täsirini güýçlendirmek üçin anyk çäreleri kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Netijede, bu mejlis DÇBÖBD üçin durnukly maliýe ýagdaýynyň üpjün edilmeginiň diňe bir ykdysady wezipe bolman, eýsem, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy talap edýän toplumlaýyn mesele bolup durýandygyny görkezdi. Raýat jemgyýeti bolsa hemmeler üçin has adalatly, inklýuziw we durnukly geljegi döretmäge gönükdirilen syýasaty hem-de köptaraplaýyn ylalaşyklary kemala getirmekde işjeň we doly hukukly hyzmatdaş bolup çykyş edýär.

Forumyň dowamynda Raýat jemgyýetiniň jarnamasy kabul edildi. Jarnamada raýat jemgyýetiniň wekilleri ähli gyzyklanma bildirýän taraplary DÇBÖBD-niň ösüş maksatlaryny goldamak üçin öňdebaryjy tejribäni we innowasion çemeleşmeleri ulanýan netijeli hyzmatdaşlyga gatnaşmaga, durnukly infrastrukturany gurmak, sanly birikmäni güýçlendirmek hem-de durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin maliýe-tehniki goldawy bermäge, Hereketleriň Awaza maksatnamasyna laýyk gelýän maliýe ulgamlaryny, sanly goşulyşmagy we durnukly daşky gurşawy goldaýan syýasaty we başlangyçlary durmuşa geçirmäge çagyrýarlar. Jarnama BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň plenar mejlisinde tanyşdyrylar hem-de onuň hasabatyna goşular.

Türkmen tarapynyň çykyşynda foruma gatnaşan ähli wekilleriň — jemgyýetçilik guramalarynyň, halkara düzümleriň, alym-synçylaryň, döwlet edaralarynyň wekilleriniň tagallalaryna tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi hem-de forumda öňe sürlen teklipleriň we maslahatlaryň geljekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirildi. Bellenilişi ýaly, bu teklipler BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji resminamalaryna-da öz täsirini ýetirer.

Foruma gatnaşyjylar döredilen mümkinçilikler hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Şeýlelikde, bu giň möçberli çäre deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň abadan geljegini gurmakda raýat jemgyýetiniň eýeleýän möhüm ornunyň aýdyň güwäsi boldy. Forumyň dowamynda geçirilen ara alyp maslahatlaşmalar, gelnen netijeler hem-de ýola goýlan hyzmatdaşlyklar bolsa inklýuziw, durnukly we adalatly ösüş üçin berk binýady emele getirdi. Raýat jemgyýetiniň demokratiýa ýörelgelerine, adam hukuklaryna hem-de ösüşe üýtgewsiz ygrarlylygy bu işe goşýan goşandynyň ykrar ediljekdigine güwä geçýär.

Soňky habarlar
23.08
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi
22.08
Ze­nan­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gi — He­re­ket­le­riň Awa­za mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň mö­hüm şer­ti
22.08
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ara­syn­da­ky gep­le­şik­ler
22.08
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ara­syn­da­ky gep­le­şik­ler
22.08
«Türk­me­nis­tan — Azer­baý­jan — Öz­be­gis­tan» for­ma­tyn­da­ky üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk
22.08
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gynyň ýo­ka­ry de­re­je­li Türk­me­nis­tan — Azer­baý­jan — Öz­be­gis­tan du­şu­şy­gy­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça met­bu­gat we­kil­le­ri­ne ÝÜZ­LEN­ME­SI
22.08
Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Bilelikdäki Beýannamasy
22.08
Hazaryň kenarynda Azerbaýjanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlaryna sowgatlar gowşuryldy
22.08
Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady
21.08
Aşgabatda çagalar üçin halkara sergi-ýarmarka açyldy
top-arrow