Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Raýat jemgyýetiniň forumy öz işine başlady.
Giň möçberli çärä BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, halkara guramalaryň, raýat jemgyýetiniň, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Bu forum raýat jemgyýetine dünýä ýurtlarynyň hem-de BMG-niň ýokary wezipeli wekilleri we esasy gyzyklanma bildirýän taraplar bilen tejribe alyşmak, çözgütleri teklip etmek hem-de DÇBÖBD üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda durnukly ösüş ulgamynda gün tertibini kesgitlemek üçin mümkinçilik açýar.
Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi köptaraplaýyn çemeleşmäni talap edýär. Raýat jemgyýeti innowasion çözgütleri we pikirleri teklip etmek bilen, durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Şeýle hem raýat jemgyýeti maliýe, söwda, howanyň üýtgemegi ýaly meseleler boýunça ählumumy syýasy gün tertibinde DÇBÖBD-niň ileri tutulýan ugurlarynyň nazara alynmagyna ýardam berýär.
Ýerli guramalardan başlap, halkara guramalara çenli raýat jemgyýetiniň subýektleri milli strategiýalary işläp taýýarlamakda we amala aşyrmakda esasy orunlaryň birini eýeleýärler. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy hem hökümetler we hususy pudak bilen bir hatarda, raýat jemgyýetiniň işjeň gatnaşmagyna bagly bolup durýar.
Raýat jemgyýetine, ylmy jemgyýetçilige, hususy pudaga hem-de döwlet düzümlerine ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin netijeli meýdança döretmek, DÇBÖBD-de durnukly ösüşe ýardam berýän üstünlikli hyzmatdaşlygyň we strategiýalaryň mysallary bilen tanyşdyrmak, innowasion çözgütleri, öňdebaryjy tejribäni alyşmaga ýardam bermek forumyň esasy maksadydyr.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň maslahatynyň taryhynda ilkinji gezek geçirilýän Raýat jemgyýetiniň forumynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de BMG-niň ýokary wezipeli wekilleri çykyş etdiler.
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima DÇBÖBD-niň raýat jemgyýetiniň taryhda ilkinji gezek geçirilýän forumynda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belläp, bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Hereketleriň Awaza maksatnamasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geografik taýdan ýerleşişi bilen baglanyşykly meselelerini çözmek üçin özgertmeleriň özboluşly “ýol kartasy” bolup durýar. Ol bu ýurtlaryň mümkinçiliklerini doly derejede açmak üçin gyssagly umumy tagallalara çagyrýar. Maksatnamada raýat jemgyýeti bu özgertmeleri amala aşyrmakda esasy hyzmatdaş hökmünde bellenilýär.
Öz çykyşynda Rabab Fatima raýat jemgyýetini Hereketleriň Awaza maksatnamasyny amala aşyrmak we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin has durnukly hem-de abadan geljegi gurmak işine işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmen tarapynyň çykyşynda bellenilişi ýaly, bu forum döwletleriň, halkara guramalaryň, hususy pudagyň we iň esasy-da, raýat jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm meýdança bolup çykyş edýär. Durnukly ösüşi gazanmak, sosial deňligi we ekologik durnuklylygy üpjün etmek ýaly wezipeler diňe giňişleýin, inklýuziw hyzmatdaşlygyň esasynda üstünlikli amala aşyrylyp bilner.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan öňdebaryjy başlangyçlary öňe sürýän, halkara parahatçylyk, hyzmatdaşlyk we durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarly döwlet hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyz deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy meselelerini yzygiderli ýagdaýda halkara gün tertibine girizýär, şeýle hem logistika ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi, üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi, söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi ýaly ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge işjeň gatnaşýar.
Türkmenistanyň döwlet syýasatynda raýat jemgyýetiniň orny aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda jemgyýetçilik guramalarynyň, bileleşikleriň we jemgyýetçilik esasdaky birleşikleriň işjeň gatnaşmagy bilen, durmuş, bilim, saglygy goraýyş hem-de ekologiýa ulgamlarynda köp sanly maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Raýat jemgyýetiniň durmuş-ynsanperwer ulgamdaky işjeň ornunyň mysallaryna ýüzlensek, onda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan möhüm işini bellemek gerek. Gazna howandarlyga mätäç çagalara saglygyny dikeltmekde ýardam berýär, şeýle hem olaryň bagtyýar durmuşy üçin amatly şertleri döredýär. Mundan başga-da, ýurdumyzda durmuş ulgamynda birnäçe beýleki jemgyýetçilik guramalary üstünlikli işleýärler. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we Zenanlar birleşiginiň tutuş ýurdumyz boýunça milliondan gowrak agzasy bar. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda Türkmenistanyň ýerine ýetirýän işlerine işjeň gatnaşýarlar. Şeýle hem olar jemgyýetde hyzmatdaşlygyň, raýdaşlygyň we adam hukuklarynyň üpjün edilmeginde aýratyn wekilçilikli orun eýeleýärler. Raýat jemgyýetiniň giňişleýin gatnaşmagy döwlet bilen jemgyýetiň arasynda ygtybarly gatnaşyklaryň kemala gelmegine, ynamly, adalatly we has inklýuziw jemgyýetiň esaslarynyň berkemegine mümkinçilik döredýär.
Şeýle hem ýurdumyzda zähmetkeşleriň hukuklaryny goramaga, jemgyýetde durnuklylygy pugtalandyrmaga we adam maýasyny ösdürmäge gönükdirilen syýasat yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklary bu işe işjeň gatnaşyp, işgärleriň bähbitlerini goramaga, mynasyp zähmet şertlerini döretmäge hem-de durmuş goldawy ulgamyny ösdürmäge saldamly goşant goşýarlar.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi senagat we oba hojalygyndan başlap, bilim, saglygy goraýyş we hyzmatlar ulgamlarynda zähmet çekýän işgärleriň bähbitlerine wekilçilik edýän köp sanly pudaklary we çäk guramalaryny birleşdirýär. Merkez döwlet edaralary, iş berijiler we beýleki jemgyýetçilik düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, milli maksatnamalara, şol sanda ekologiýa, zähmeti goramak, gender deňligi we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda maksatnamalary işläp taýýarlamaga hem-de durmuşa geçirmäge gatnaşýar.
BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň (EKOSOS) Başlygy Lok Bahadur Tapa öz çykyşynda hökümetleriň, hususy ulgamyň, BMG-niň düzümleriniň we raýat jemgyýetiniň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmegi üçin tagallalaryny birleşdirmelidiklerini we ýolbaşçylyk edýän guramasynyň bu hyzmatdaşlygy goldamaga taýýardygyny nygtady. BMG-niň durnukly ösüş boýunça esasy düzümi bolmak bilen, EKOSOS adamlaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan inklýuziw köptaraplaýyn çemeleşmäni we çözgütleri ilerletmek işine ygrarlydyr.
Lok Bahadur Tapa bu forumda öňe sürüljek pikirleriň diňe bir maslahatyň netijelerine täsir etmek bilen çäklenmän, eýsem, EKOSOS-nyň işine hem täsirini ýetirjekdigini belledi we foruma gatnaşyjylary maksada okgunly öňe gitmäge çagyrdy.
Forumyň dowamynda bellenilişi ýaly, raýat jemgyýeti deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerletmekde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Bu döwletler geografik taýdan ýerleşişi bilen baglanyşykly birnäçe kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şunuň bilen baglylykda, raýat jemgyýeti diňe bir synçy bolman, eýsem, ösüşe päsgel berýän meseleleri çözmek üçin zerur bolan düzümleýin özgertmelere-de işjeň gatnaşýar.
Jemgyýetçilik çäreleri hem-de döwlet institutlary bilen dialog arkaly raýat jemgyýeti özgertmeleriň durmuşa geçirilişini aýdyňlaşdyrmaga ýardam berýär. Olar ýerli aýratynlyklary hem-de zerurlyklary nazara almak bilen, anyk çözgütleri teklip edýärler, şeýle çemeleşme bolsa DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini netijeli çözmäge gönükdirilen has çeýe ösüş strategiýalaryny işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem raýat jemgyýeti häzirki döwrüň iň derwaýys meseleleriniň birine — howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Jemgyýetçilik guramalary ýerli derejede howanyň üýtgemegi bilen bagly howplar barada habarlylygy artdyrmaga we uýgunlaşdyryş çärelerini ornaşdyrmaga ýardam berýärler. Olar ekologiýa ugurly tejribeleri, tebigy serişdeleri gorap saklamak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça başlangyçlary ilerletmäge işjeň gatnaşýarlar.
Çykyş edenler DÇBÖBD-niň durnukly ösüşi üçin zerur bolan inklýuziw başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginde raýat jemgyýetiniň eýeleýän möhüm ornuny bellediler. Munuň özi innowasion çözgütleri işläp taýýarlamakda hem-de ornaşdyrmakda dürli jemgyýetçilik toparlaryny, şol sanda ýaşlary, zenanlary we ýerli halky işjeň çekmäge şert döredýär. Şeýle inklýuziw çemeleşme dürli islegleri hem-de jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň mümkinçiliklerini göz öňünde tutýan adalatly we netijeli ulgamy döretmäge ýardam berýär. Mundan başga-da, raýat jemgyýeti DÇBÖBD-niň her biriniň aýratynlyklaryna laýyk gelýän täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, bilim we telekeçilik başlangyçlaryny işjeň goldaýar.
Şunuň bilen bir hatarda, raýat jemgyýetiniň döwlet düzümleriniň, hususy pudagyň hem-de halkara jemgyýetçiligiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmakda eýeleýän ähmiýetli orny bellenildi. Jemgyýetçilik guramalary hyzmatdaşlyk ulgamlaryny hem-de dialog üçin platformalary döretmek arkaly tagallalary birleşdirmäge, tejribe alyşmaga, şeýle hem maliýe we tehniki goldawy çekmäge ýardam berýärler. Hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşi tagallalary birleşdirmegiň we olaryň gerimini giňeltmegiň hasabyna Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen taslamalary hem-de meýilnamalary has netijeli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, foruma gatnaşyjylar Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň çäklerinde raýat jemgyýetiniň ornuny ykrar etmegiň hem-de goldamagyň Maksatnamada göz öňünde tutulan wezipeleriň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam bermek bilen bir hatarda, oňa gatnaşyjylaryň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrýandygyny hem-de bilelikdäki ösüş üçin berk binýady döredýändigini bellediler.
Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar Raýat jemgyýeti guramalarynyň Jarnamasyndaky esasy wezipeleri hem-de teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Soňra foruma gatnaşyjylar bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Günüň ikinji ýarymynda forum öz işini durmuş ugurly düzümleýin özgertmelere we ekologiýa durnuklylygyna bagyşlanan mejlis bilen dowam etdi. Mejlisde raýat jemgyýetiniň işjeň gatnaşmagynda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de daşky gurşawy goramak arkaly inklýuziw we durnukly ösüşi gazanmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Foruma gatnaşyjylar adamlaryň bähbitlerini we ekologiýa abadançylygyny göz öňünde tutýan ykdysady syýasatyň netijeli ugurlary barada pikir alyşdylar.
Bellenilişi ýaly, raýat jemgyýetiniň goldanylmagy hem-de ösdürilmegi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri uzak möhletleýin we durnukly ösdürmäge gönükdirilen milli strategiýalaryň hem-de halkara maksatnamalaryň ileri tutulýan ugry bolmalydyr. Diňe şeýle toplumlaýyn we bilelikdäki çemeleşme arkaly bar bolan päsgelçilikleri aradan aýyrmak, ilatyň ähli gatlaklarynyň abadançylygyny üpjün etmek we şunuň bilen birlikde, tebigy baýlyklary geljek nesiller üçin gorap saklamak mümkindir.
Şeýle hem foruma gatnaşyjylar döwlet we jemgyýetçilik institutlaryny pugtalandyrmakda raýat jemgyýetiniň möhüm ornuny nygtadylar. Munuň özi DÇBÖBD-de ykdysady diwersifikasiýany ekologiýa durnuklylygy bilen utgaşdyrmaga ýardam berýär. Jemgyýetçilik guramalary ilaty habardar etmek hem-de işjeň çekmek arkaly “ýaşyl” tehnologiýalaryň hem-de tejribeleriň ornaşdyrylmagyny ilerledip, ykdysady ösüş bilen daşky gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy üpjün edýärler.
Mundan başga-da, foruma gatnaşyjylar ilatyň ähli gatlaklarynyň bähbitlerini nazara alýan hem-de durnukly we inklýuziw ösüşe ýardam berýän toplumlaýyn ösüş strategiýalaryny işläp taýýarlamakda döwlet düzümleriniň, hususy pudagyň hem-de raýat jemgyýetiniň arasyndaky inklýuziw dialogyň ähmiýetini bellediler.
Forumyň dowamynda raýat jemgyýetiniň döwlet hem-de halkara guramalar tarapyndan goldanylmagynyň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygy bellenildi. Raýat guramalary halkara maýa goýumlaryny netijeli çekip, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga we durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam berýän taslamalary durmuşa geçirýärler. Netijede, adamlaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan ykdysady syýasatyň ekologiýa durnuklylygy bilen utgaşdyrylmagy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetleri döretmäge ýardam berýär.
Şeýlelikde, işjeň we guramaçylykly raýat jemgyýeti DÇBÖBD-niň inklýuziw we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça strategiýalarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. “Ýaşyl” ykdysadyýetiň höweslendirilmegi we jemgyýetiň ähli düzümleriniň arasynda netijeli dialogyň üpjün edilmegi bu ýurtlaryň dünýä giňişligindäki ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin bolsa raýat jemgyýetiniň çözgütleri kabul etmek işine işjeň hem-de netijeli gatnaşmagy babatda şertleriň döredilmegi zerur bolup durýar.
“Adamlaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan düzümleýin özgertmeler we ekologiýa durnuklylygy” atly mejlis gymmatly tejribe alyşmak we DÇBÖBD üçin anyk maslahatlary işläp taýýarlamak babatda netijeli meýdança boldy. Mejlise gatnaşyjylar kabul edilen çemeleşmeleriň we öňe sürlen pikirleriň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge goşant boljakdygyna hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere has abadan geljegi gurmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
5-nji awgustda forum “Sanly ykdysadyýet, innowasiýalar we durnukly ösüş”, “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin maliýe arhitekturasy, maliýe syýasaty hem-de hyzmatdaşlyk” atly mejlislerde öz işini dowam eder.