Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň hususy pudagy — innowasiýalara we durnukly ösüşe itergi berýän güýç
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň hususy pudagy — innowasiýalara we durnukly ösüşe itergi berýän güýç
Çap edildi 01.08.2025
105

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçiriljek mazmunlaýyn çärelere bagyşlanan makalalar toplumyny dowam edip, Türkmenistanyň ählumumy gatnaşyklara işjeň gatnaşyjy we köpugurly diplomatik ýörelgelere ygrarly bolup, Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösüş ýolundadygyny görkezýändigini bellemek gerek. Forumyň geçirilýän ýeri hökmünde Türkmenistanyň saýlanyp alynmagy sebit we halkara syýasy giňişlikde Bitarap Watanymyzyň eýeleýän ornunyň, durnukly ösüşi üpjün etmek, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda edýän tagallalarynyň ykrarnamasydyr.

Parahatçylyk döredijilik, ynsanperwerlik, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly hyzmatdaşlygyň däp bolan ugurlary bilen bir hatarda, ykdysady ösüş ulgamynda BMG bilen hyzmatdaşlygyň geriminiň barha giňeldilýändigi aýdyň göze ilýär. Bu diňe bir döwlet başlangyçlaryny däl, eýsem, bilelikdäki taslamalaryň, maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine hususy pudagyň işjeň çekilmegini hem öz içine alýar. Hut şu ugurda BMG bilen hyzmatdaşlyk, öňde boljak forumyň çäklerinde telekeçileriň orny aýratyn üns berilmäge mynasypdyr.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we bazar gatnaşyklaryny ösdürmek ýoluna düşmegi hususy pudagyň ornunyň pugtalandyrylmagyna getirdi. Türkmenistanda telekeçilik işi oba hojalygyndan, sarp ediş harytlarynyň önümçiliginden başlap, hyzmatlar, gurluşyk, ýokary tehnologiýalar pudaklaryna çenli ähli ugurlary öz içine alyp, barha işjeňleşýär. Ýeňillikli karzlar, salgytlaryň azaldylmagy, ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi kiçi we orta işewürligiň ösüşinde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Mundan başga-da, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, maýa goýum işjeňligini ösdürmek, döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, bazar gatnaşyklary şertlerinde ylma daýanýan ykdysady syýasaty amala aşyrmak ýaly başlangyçlar öňe sürülýär. Bularyň netijesi bolsa içerki bazary Diýarymyzda öndürilýän önümler bilen doly üpjün etmekden ybaratdyr.

Degişli ulgamdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunçylyk namalary kämilleşdirilip, netijeli býujet, salgyt we bank syýasaty durmuşa geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we Maýa goýum maksatnamasynda» döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň, hojalyk gatnaşyklarynyň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, bazar gatnaşyklary şertlerinde bu ugurdaky işlere telekeçileriň işjeň çekilmegine uly ähmiýet berilýär. Döwlet eýeçiliginiň hususylaşdyrylmagynyň, kärhanalaryň paýdarlar jemgyýetine özgerdilmeginiň ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitlenilmegi hususy maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda telekeçileriň kuwwatlyklarynyň giňden ulanylmagyna ýardam edýän netijeli gurala öwrüldi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlangyjy esasynda «Hil standart» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýurdumyzda Azyk önümleriniň howpsuzlygyna baha bermek boýunça barlaghana merkezi döredildi. Merkeziň işiniň hil derejesi ISO/IEC17025:2017 halkara standarty bilen tassyklanyldy. Türkmen kärhanalarynyň mynasyp bolan ISO we HACCP halkara güwänamalary olaryň öndürýän azyk önümleriniň ýokary hillidigine, ekologik taýdan howpsuzdygyna şaýatlyk edýär.

«Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň döredilmegi we ony bermegiň şertleriniň kesgitlenilmegi ýerli önüm öndürijileriň jogapkärçiligini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän ýurt hökmünde döwletimiziň abraýyny has-da belende galdyrmaga, eksport kuwwatynyň artmagyna, maýa goýumlaryň çekilmegine ýardam berýär. Hususy pudak ýurduň jemi içerki önüminiň artdyrylmagyna uly goşant goşup, innowasiýalaryň hereketlendiriji güýjüne öwrülýär, täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam edýär. Ýurdumyzyň telekeçileri häzirki zaman usullaryny işjeň özleşdirip, önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak arkaly halkara bazarlara çykýarlar. Bu gazanylanlar milli işewürleriň üýtgäp durýan şertlere uýgunlaşmaga, dünýä ykdysadyýetinde özleriniň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ukyplydyklaryny tassyklaýar.

Döwlete dahylly bolmadyk pudagyň ösüşi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryň we strategiýalaryň ýerine ýetirilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Telekeçiler ekologik ýagdaýyň gowulandyrylmagyny, jemgyýetçilik jogapkärçiligini, ykdysady ösüşi şertlendirýän taslamalary durmuşa geçirip, alyp barýan işlerine durnukly ösüş ýörelgelerini ornaşdyrmagy barha işjeňleşdirýärler. Şeýlelikde, hususy pudak diňe bir ykdysady ösüşiň çeşmesi bolman, eýsem, ýurdumyzyň uzak möhletleýin ösüş maksatlaryna ýetmeginde-de möhüm hyzmatdaş bolup çykyş edýär.

Döwrüň talaplaryna laýyklykda, ylym-bilim binýadynyň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna we BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna beslenýän 2025-nji ýylda milli telekeçilik pudagynyň taryhynda hil taýdan täze tapgyr açyldy. Çünki bu ulgamyň ösdürilmegi bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýetiň döredilmeginiň möhüm şertleriniň biri bolmagynda galýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan toplumlaýyn strategiýasyny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda, täze senagat önümçilikleriniň döredilmeginde, azyk bolçulygynyň berkidilmeginde wajyp orny eýeleýän hususy pudagyň geriminiň giňeldilmeginiň zerurdygyny belleýär. Döreýän zerurlyklara jogap edip we pudagyň ylym-bilim kuwwatyny berkitmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Permana gol çekdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlangyjy bilen öňe sürlen bu çözgüt şu ýylyň 27-nji iýunynda tassyklanyldy.

Täze ýokary okuw mekdebi telekeçilik we işewürlik düzümleri üçin ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny, olara gaýtadan okuw geçilmegini we hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Döwrebap binalar toplumynda ýerleşjek halkara uniwersitet 2025-2026-njy okuw ýylyndan bakalawr maksatnamasy boýunça talyplary kabul edip başlar. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine uniwersitetiň Düzgünnamasyny we düzümini işläp taýýarlamak hem-de tassyklamak, ony ygtyýarlylandyrmak, döwlet akkreditasiýasy amallaryny geçmegine ýardam bermegi üpjün etmek tabşyryldy. Okuw meýilnamalary halkara ülňülere laýyklykda işlenip taýýarlanylar. Sapaklary geçmek üçin daşary ýurtlardan mugallymlardyr hünärmenleri çagyrmak meýilleşdirilýär. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ykdysadyýetiň hususy pudagynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi bermäge, ýurdumyzyň durnukly gülläp ösmegine goşant goşmaga ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan esasy merkezleriň biri bolar.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde guraljak hususy pudagyň forumy hem ýurdumyzyň kiçi we orta işewürliginiň eýeleýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, onuň dünýäniň üpjünçilik ulgamyna goşulyşmagy üçin ajaýyp meýdançany hödürlär. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde telekeçilik işiniň möhüm ähmiýetine göz ýetirmek bilen, forumyň guramaçylary geografik ýerleşiş bilen bagly meseleleri ýeňip geçmekde onuň ähmiýetli ornuna üns berýärler. Maslahatyň çäklerinde telekeçilik, maýa goýumlary çekmek, ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek, söwda gatnaşyklaryny giňeltmek meselelerine bagyşlanan ýöriteleşdirilen mejlisler we çäreler guralar. Türkmen telekeçileri öz taslamalary bilen tanyşdyrmaga, daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik alarlar. Munuň özi özara bähbitli ylalaşyklary baglaşmak we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döreder.

Forumda sanlylaşdyrmak, hususy pudaga innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns çekiler. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler bäsdeşlige ukyplylygy üpjün etmek üçin täze ýollaryň agtarylmagynyň zerurlygy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu işde sanly çözgütler esasy gurallaryň biri bolup biler. Ýurdumyzyň hususy pudagy häzirki wagtda bu ulgamda uly üstünlikleri gazanýar. Şunlukda, olaryň toplan tejribesi maslahatyň beýleki gatnaşyjylary üçin peýdaly bolup biler. Paýtagtymyzda döwlet söwda kärhanalaryny sanlylaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginde Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Kompýuter tehnologiýalary merkezi” tarapyndan döredilen «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasynyň hünärmenleriniň “Hengsheng Lianhua Investment Management Co., Ltd.” hem-de “Tongfang Hongkong Limited” ýaly öňdebaryjy hytaý kompaniýalary bilen bilelikde iş alyp barýandyklaryny bellemek gerek. “Agzybirlik tilsimaty” haryt nyşany bilen öndürilýän enjamlar, şol sanda sensor ekranly kompýuterler, çek-printerler, ştrih-kod printerleri, skanerler söwdanyň guralyşyna awtomatik ýagdaýda gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Türkmen telekeçileriniň işi diňe bir däp bolan ugurlar bilen çäklenmeýär. Kompaniýalaryň aglabasy durnukly ösüşe itergi berýän innowasion taslamalara maýa goýýarlar. Munuň özi energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösdürilmegi, ekologik taýdan arassa önümleriň öndürilmegi, serişde tygşytlaýjy usullaryň ulanylmagy ýaly ugurlary öz içine alýar. Meselem, oba hojalyk pudagynda daýhanlar öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryndan, damjalaýyn suwaryş ulgamlaryndan, ekerançylygyň organiki usullaryndan işjeň peýdalanýarlar. Munuň özi diňe bir hasyllylygy ýokarlandyrmaga däl, eýsem, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmaga hem mümkinçilik berýär. Senagat pudagynda ekologiýa menejmentiniň we galyndylaryň möçberlerini azaldýan ülňüleri ornaşdyrýan kärhanalaryň sany barha artýar.

Türkmen telekeçileri bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň ösüşine goşant goşmak bilen, durmuş maksatly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Munuň şeýledigine ýurdumyzda jogapkärli işewürligiň kemala gelmegi hem şaýatlyk edýär. Jemgyýetçilik ösüşinde eýeleýän ornuna oňat düşünýän telekeçiler milli derejede ileri tutulýan wezipeleri çözmäge goşant goşýarlar. Şunda innowasiýalar, durnukly ösüş babatda ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň toplan üstünlikli tejribesi meňzeş meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýan we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge çalyşýan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin nusga bolup biler.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda guraljak maslahat ýurdumyzyň hususy pudagy bilen halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, maliýe we maýa goýum düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak babatda-da täze gözýetimleri açar. Häzirki wagtda telekeçiligi, eksport mümkinçiliklerini ösdürmäge we daşary ýurt maýalaryny çekmäge gönükdirilen taslamalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, ÝUNISEF, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça maslahaty ýaly düzümler bilen hyzmatdaşlygyň çäginde ýurdumyzyň telekeçileri öňdebaryjy bilimlere, tehnologiýalara, iň gowy dünýä tejribelerine elýeterliligi gazanýarlar. Munuň özi olaryň önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyny, täze bazarlara çykmak üçin mümkinçilikleriniň giňeldilmegini şertlendirýär. Zenanlaryň telekeçilik işini, innowasion taslamalary ösdürmek, startaplary goldamak boýunça maksatnamalar şeýle hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar.

BMG-niň goldamagynda guralýan halkara sergilere, forumlara we täjirçilik maksatly saparlara türkmen kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy olara dünýäniň ähli ýerinden mümkinçiligi uly hyzmatdaşlardyr maýadarlar bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi eksport edilýän harytlaryň geriminiň giňeldilmegine, daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagyna amatly şert döredýär.

Halkara kadalara laýyklykda söwda amallarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, bu ugurdaky işlere döwrebap tehnologiýalaryň we sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy daşary söwda ulgamynyň esasy ugurlarynyň hataryndadyr. 2024-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda “Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek” atly sebitleýin taslama hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyz dünýä döwletleriniň işewür toparlary bilen birnäçe ylalaşyklara gol çekmek, hyzmatdaşlygy ýola goýmak, daşary ýurtlarda söwda wekilhanalaryny hem-de söwda öýlerini açmak arkaly halkara işewürlik gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär.

Türkmen telekeçileriniň 2024-nji ýylda dürli meýdançalarda daşary ýurtly kärdeşleri bilen geçiren duşuşyklary-da bu ugurda halkara gatnaşyklaryň ösdürilýändigini subut edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň dekabrynda Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine, şol sanda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini bellemek gerek. Şol ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň çäginde dokma senagaty pudagynda ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi bilen Germaniýanyň «Trützschler Group SE» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Geçen ýylyň awgustynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň bilelikdäki işewürlik maslahatynyň gün tertibine sebit integrasiýasynyň möhüm ugurlary, köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meýilnamalary, senagat kooperasiýasy taslamalaryny goldamak, ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Mundan başga-da, şu ýylyň martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli guralan serginiň çäklerinde geçirilen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum ýurdumyzyň hususy pudagyndaky maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak we özara bähbitli döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin möhüm meýdança öwrüldi. Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Hususan-da, ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri bilen Russiýa Federasiýasynyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň kompaniýalarynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşyklara, özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Halkara forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, olarda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi.

Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň hususy pudagy bilen halkara guramalaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de ösdürilmeginde we onuň ählumumy ykdysady ulgama goşulyşmagynda wajyp şert bolup durýandygyny nygtamak gerek.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde hususy pudagyň forumynyň hem geçirilmegi ýurdumyzda telekeçilik pudagynyň ösüşiniň senenamasynda-da möhüm waka öwrülip, pudagyň halkara giňişlikde eýeleýän ornuny düýpli pugtalandyrar. Bu giň gerimli çäre diňe bir türkmen işewürleriniň mümkinçiliklerine ünsi çekmek bilen çäklenmän, bazar gurallarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine-de ýardam eder. Şeýlelikde, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygyň sazlaşygynda ýurdumyzyň hususy pudagynyň okgunly ösdürilmegi uzak möhletleýin durnukly ösüş üçin ygtybarly binýady döreder.

Soňky habarlar
01.08
Türkmenistanyň hususy pudagy — innowasiýalara we durnukly ösüşe itergi berýän güýç
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Hyzmatdaşlyk arkaly ösüş Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň esasy mazmunyny kesgitlär
30.07
Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
30.07
Bagta rowan ýollar
29.07
Parlamentara dialog — parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýoly
28.07
Medeni diplomatiýa — dostlugyň we hyzmatdaşlygyň nyşany
28.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 96 million 517 müň dollaryndan gowrak boldy
27.07
Durmuş-ykdysady özgertmeler — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
26.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
top-arrow