Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýaş alymlar — ýurdumyzyň ylmy we döredijilik kuwwaty
Jemgyýet
Ýaş alymlar — ýurdumyzyň ylmy we döredijilik kuwwaty
Çap edildi 12.06.2025
518

Şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralýar. Oňa ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we önümçilik kärhanalarynyň işgärleri, ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, ylmy işler bilen meşgullanýan dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşýarlar.

Jemgyýetiň ösüşi hem-de durmuş ulgamynyň özgermegi ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalarda öňdebaryjy innowasion tejribäniň giňden ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Ýaş alymlary sylaglamak dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar hem bar. Dabara talyplaryň dünýäniň dürli dillerinde ýerine ýetiren aýdym-sazly kompozisiýasy bilen açyldy. Onda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň many-mazmuny, parahatçylyk, abadançylyk, dost-doganlyk ýörelgeleri täsirli wasp edildi.

Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, halkymyzyň taryhyny bilýän, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine buýsanýan, onuň şan-şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watansöýüji nesli kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. Hormatly Prezidentimiz ýaş alymlarymyzyň dünýä derejesinde gazanýan üstünlikleriniň döwletimiziň abraýydygyny, ähli halkymyzyň buýsanjydygyny belläp, Garaşsyz döwletimiziň ýaş alymlary ylmy işe hem-de häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän täze ylmy ugurlary özleşdirmäge giňden çekmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ýurdumyzda düýpli ylmy barlaglary geçirmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi ýaşlaryň häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşmaklaryna ýardam edýär. Ýaşlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gözlegleri alyp barmaklary, innowasion tejribeleri geçirmekleri, döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmekleri döwletimiz tarapyndan giňden goldanylýar. Şunuň bilen baglylykda, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek.

Zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, olary ylym bilen meşgullanmaga işjeň çekmäge gönükdirilen ylmy bäsleşige şu ýyl ýaşlaryň 1 müň 665-siniň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Ýaş alymlar nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlar ýaly 6 ugur boýunça ylmy işlerini hödürlediler. Bäsleşigiň emin agzalary hödürlenen işleri seljerip, jemi 118 sany ýaş alymy ýeňiji diýip yglan etdiler. Hödürlenen ylmy işler diňe bir nazaryýet taýdan däl, eýsem, önümçilik babatda hem täze ylmy başlangyçlary bilen tapawutlanýar. Munuň özi ýurdumyzyň ýaş ylmy jemgyýetçiliginiň ylmy edebiýatlardan netijeli peýdalanyp, dürli pudaklar we ulgamlar üçin peýdaly bolan täzeçil ylmy garaýyşlary öňe sürmäge ukyplydygyny aýdyň görkezýär.

Soňra ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary we şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Aň-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri ýaş nesiller hakynda hemmetaraplaýyn aladalary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ähli gujur-gaýratlaryny, zehinlerini hem-de bilimlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Alymlaryň, şol sanda ýaşlaryň ylmy açyşlary, innowasion tejribeleri, ylmy-inženerçilik pikirleri, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy barlaglary döwletimiziň ylym-bilim kuwwatyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Ylmy döredijilik üçin mümkinçilikleriň artýan, maglumatlary alyşmagyň işjeňleşýän, dünýäniň esasy ylmy-barlag hem-de bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygyň barha ösdürilýän häzirki döwründe ýurdumyz halkara ylmy maslahatlaryň, ders olimpiadalarynyň geçirilýän merkezine öwrülýär. Şeýle gatnaşyklar ylmy gazanylanlaryň netijeli alşylmagyna, dost-doganlygy berkitmäge, adamzadyň nurana geljegini gurmakda tagallalaryň birleşdirilmegine hem ýardam edýär. Bu ýörelgeler ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyga we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan syýasatynyň möhüm ugrudyr.

Bäsleşigiň ýeňijileri hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler hem-de milli ylym-bilim ulgamyny okgunly ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler, ýaşlara döredilýän amatly şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Sungat ussatlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda guralan baýramçylyk konserti ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününde Watanymyzyň ýaş alymlary üçin ajaýyp sowgat boldy.

Soňky habarlar
21.06
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Karara gol çekdi
20.06
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyklary bilen tanyşdy
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
19.06
Ýurdumyzyň şypahanalary: saglyga peýdaly dynç alyş
19.06
Türkmenistan Eýrandan gelýänlere ynsanperwerlik goldawyny bermegi dowam edýär
18.06
2025-nji ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.06
Ýaş türkmenistanlylar küşt boýunça halkara ýaryşyň umumy medal hasabynda birinji orny eýelediler
top-arrow