Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýurdumyzda bugdaý oragyna badalga berildi
Ykdysadyýet
Ýurdumyzda bugdaý oragyna badalga berildi
Çap edildi 04.06.2025
508

4-nji iýunda ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň möhüm tapgyry bolan şu ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Onuň netijeleri halkymyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmekde ekerançylaryň ýene-de bir möhüm goşandy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesine mynasyp sowgat bolar.

29-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm oba hojalyk möwsümine başlamaga ak pata berip, daýhanlara bugdaý meýdanlarynda täze zähmet üstünliklerini gazanmagy arzuw etdi. Şunuň bilen baglylykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylary orak möwsümine girişdiler. 11-nji iýunda bu jogapkärli işe Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary hem goşularlar.

Asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan asylly däplere laýyklykda, hormatly ýaşulular orak möwsüminiň üstünliklere beslenmegini, Watanymyzyň rowaçlygyny we halkymyzyň abadançylygyny Beýik Biribardan dileg etdiler. Olar: “Harmanyňyza bereket, çäjiňize bereket!” diýen sözler bilen ilkinji bugdaý sünbüllerini ordular hem-de orlan bugdaý bogdagyny kombaýnçylara berdiler.

Şu ýylda ýurdumyzyň gallaçylaryna ekiş üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň we Balkan welaýatynda 80 müň tonna ak bugdaýyň hasylyny ýygnamak wezipesi öňde goýuldy. Ekerançylyk ýerlerinde bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri ösdürilip ýetişdirildi.

Türkmen halkynyň iň gadymy ekerançylyk medeniýetiniň düýbüni tutujy halklaryň biridigini bellemek gerek. Muny ýüze çykarylan köp sanly arheologik tapyndylar hem aýdyň tassyklaýar. Müňýyllyklaryň dowamynda halkymyz özüniň baý we döwrüň synagyndan geçen ekerançylyk tejribesine daýanyp, bugdaýyň bol hasylyny ýetişdiripdir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ylmy esasda toplumlaýyn ösdürmäge we ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň girdejililigini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oba hojalyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet ýeňillikleriniň dürli görnüşleri, şol sanda önümçilik harajatlaryny azaltmaga gönükdirilen ýeňillikler berilýär. Bularyň ählisi “Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda”, “Däneçilik hakynda”, “Pagtaçylyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki hukuk namalary bilen berkidilendir.

Seçgiçilik we tohumçylyk babatda iş alyp barýan ylmy edaralar bilen netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Pudaga täze ekin görnüşlerini iş ýüzünde ornaşdyrmakda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde täze sortlary synagdan geçirmek boýunça işler geçirilýär. Ýer we suw serişdelerini rejeli ulanmak, ekinleri suwarmak we ideg etmek meselelerine hem uly ähmiýet berilýär. Oba hojalykçy alymlaryň we ugurdaş hünärmenleriň tagallalary hem-de ekerançylaryň ýadawsyz zähmeti netijesinde ekinleriň hasyllylygy ýokarlandyrylyp, berkarar döwletimiziň ygtybarly azyk binýady üpjün edilýär.

Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlaryny dolanyşyga girizmek Türkmenistanda ekerançylyk pudagyny ösdürmek boýunça täzeçil strategiýanyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik instituty tarapyndan «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» ýaly güýzlük bugdaýyň täze görnüşleriniň döredilmegi we ýetişdirilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmek, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak hakynda Karara gol çekdi.

Bugdaý oragynyň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Olaryň dowamynda orak möwsümini guramaçylykly geçirmek we bugdaý orujy kombaýnlaryň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu ýylky degişli möwsümde bugdaý orujy kombaýnlar, döwrebap, ýokary öndürijilikli tehnikalar işlediler. Olary dolandyrýanlar tejribeli mehanizatorlardyr.

Möwsümde göçme mehaniki-abatlaýyş toparlary gije-gündizleýin esasda bugdaý orujylaryň tehnikalaryny zerur bolan ýangyç, çalgy ýaglary, ätiýaçlyk şaýlary we hyzmatlar bilen üpjün ederler. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň barlaghanalary hem doly taýýarlyk ýagdaýynda bolup, gullugyň hünärmenleri iň döwrebap enjamlaryň kömegi bilen gelip gowuşýan bugdaý hasylynyň hilini dessin kesgitlärler.

Möhüm waka mynasybetli bugdaý meýdanlarynyň ýanynda dabaralar guraldy. Sergilerde oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleri, çörek we çörek önümleri, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary görkezildi. Şeýle hem welaýatlaryň aýdym-saz, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary guraldy.

Soňky habarlar
21.06
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Karara gol çekdi
20.06
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyklary bilen tanyşdy
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
19.06
Ýurdumyzyň şypahanalary: saglyga peýdaly dynç alyş
19.06
Türkmenistan Eýrandan gelýänlere ynsanperwerlik goldawyny bermegi dowam edýär
18.06
2025-nji ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.06
Ýaş türkmenistanlylar küşt boýunça halkara ýaryşyň umumy medal hasabynda birinji orny eýelediler
top-arrow