Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Çagalar baradaky alada
Jemgyýet
Çagalar baradaky alada
Çap edildi 15.05.2025
457

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän körpelere hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara şu ýylyň ilkinji hasylyndan naz-nygmatlary gowşurdylar. Çagalar dürli miweleri hem-de ir-iýmişleri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bilen kabul etdiler.

Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde geçirilen çäre ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň, aýratyn-da, howandarlyga mätäç çagalaryň döwletimiz tarapyndan üns-alada bilen gurşalyp alynýandygynyň, halkymyzyň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň nesilden-nesle geçip, biziň günlerimizde döwrebap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Ýaş nesillere Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan miwelerdir ir-iýmişler gowşurylyp, çagalara hoşniýetli arzuwlar aýdyldy. Bagtyýar nesiller özleri hakynda edilýän aladalar üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler. Şatlykly pursatlaryň dabarasy belende göterildi.

Şunda ýakynda “Arkadag” futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy netijesinde gazanan pul baýragyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna geçirmek hakynda haýyş bilen ýüz tutandygyny we bu serişdäni Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdirmek barada karara gelnendigini hem bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyz “Arkadag” futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynda gazanan ýeňşi mynasybetli toparyň tälimçilerine, türgenlerine hem-de janköýerlerine Gutlagynda-da bu barada aýratyn nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu döwrebap kitaphana ýaş nesliň sanly ulgam arkaly kämil bilim almagyna oňyn täsirini ýetirer. «Bilimli il ozar» diýlişi ýaly, çagalaryň okamaklary, öwrenmekleri, sport, sungat bilen meşgullanmaklary üçin bu ýerde ähli şertler dörediler. Kämil bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly çagalar biziň geljegimizdir, bagtyýar ertirimizdir. Şeýle bolansoň, olar barada döwlet derejesinde yzygiderli alada edilýär. Şu gezekki dabara hem munuň aýdyň mysalydyr.

Paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan şu ýylyň ilkinji hasylyndan iberilen naz-nygmatlary gowşurmak dabarasy şatlykly pursatlara beslendi. Dabara gatnaşan çagalar belent ruha beslenen çykyşlarynda bagtyýar durmuşy peşgeş beren, ýaş nesilleriň saglygy baradaky aladany döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler.

Döwletliler köşgünde geçirilen bu çäre halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň üstünlikli dowam etdirilýändigini ýene bir ýola aýdyň görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gönükdirilýän kömek-goldawlaryň çäginiň barha giňeýändigini bellemek gerek. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna dünýäniň dürli ýurtlarynyň çagalaryna ynsanperwerlik ýükleri ugradyldy.

Dabaranyň çäklerinde ýerine ýetirilen çykyşlar çagalar tarapyndan uly şowhun bilen garşylanyldy. Olar iberilen naz-nygmatlary hoşallyk bilen kabul edip, özleri barada edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny aýtdylar.

Soňky habarlar
29.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
29.05
Gurban baýramyny bellemek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
29.05
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
29.05
Dost-doganlygy wasp edip
28.05
Bank hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy — ykdysady ösüşiň möhüm şerti
27.05
Halkymyzyň abadançylygy baradaky alada — döwlet syýasatynyň wajyp ugry
27.05
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.05
Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Prezidentini gutlady
26.05
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
26.05
“Türkmen arhiwi” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
top-arrow