Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Parahatçylyk söýüjilik, döredijilik we durnukly ösüş — Watanymyzyň abadançylygynyň binýady
Hepdäniň wakalary
Parahatçylyk söýüjilik, döredijilik we durnukly ösüş — Watanymyzyň abadançylygynyň binýady
Çap edildi 19.10.2025
91

Geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezdi. Bu syýasat ýurdumyzy innowasion esasda ösdürmäge, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkara guramalar we dünýä jemgyýetçiligi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.

13-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullini kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmana türkmen kärdeşleri bilen gepleşikleri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisini üstünlikli geçirmegi arzuw edip, duşuşyklaryň netijeleriniň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki wagtda dostluk, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklar diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, BMG-niň we GDA-nyň çäklerinde köptaraplaýyn formatda hem netijeli ilerledilýär. Şunda “Merkezi Aziýa — Russiýa” formatyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şunda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, täze özara bähbitli taslamalary amala aşyrmak we bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden doly derejeli peýdalanmak bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly ählumumy we sebit guramalarynyň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň hem-de teklipleriň, şol sanda Hazarýaka hyzmatdaşlyk boýunça başlangyçlaryň özara goldanylýandygy nygtaldy. Mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminamalara — Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň 13-nji mejlisiniň Teswirnamasyna, şeýle hem bilim ulgamynda, iki ýurduň haryt-çig mal biržalarynyň arasynda, oba hojalyk we atçylyk pudaklarynda, gümrük gulluklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky resminamalara gol çekildi.

14-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda ähli ugurlar boýunça ösdürilýän türkmen-koreý gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygy nygtaldy. Koreý kompaniýalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri türkmen bazarynda, hususan-da, nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda netijeli işleri alyp barýarlar.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda ykdysady ösüş maksatnamalarynyň, senagat özgertmeleriniň amala aşyrylýandygyna ünsi çekip, şunda ekologiýa ugurly “ýaşyl” taslamalara möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda gowaça çöpünden “ýaşyl” metanoly öndürmegiň mümkinçilikleri öwrenilýär. Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän gowaça ekologik taýdan arassalygy we bu önümçilige ýaramlylygy bilen tapawutlanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda täze gurulýan desgalaryň gurluşygynda ekologik kadalaryň berjaý edilmegine, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna, taslamalaryň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Ýakynda «Daewoo» kompaniýasynyň «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň taslamasyny durmuşa geçirmäge girişendigini bellemek gerek. 15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki ýurdumyzyň himiýa pudagyna degişli bu täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz gutlag sözi bilen çykyş edip, himiýa senagatynyň ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda uly möçberli maýa goýumlar özleşdirilip, iri taslamalar amala aşyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Täze toplum ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini we içerki sarp edijileri ýokary hilli fosforly dökünler bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berer. Garaşsyz döwletimizde azyk howpsuzlygyny berkitmäge hem-de daşary ýurtlardan getirilýän fosforly dökünleri özümizde öndürmäge şert döreder. Ýylda 350 müň tonna superfosfat, 100 müň tonna ammoniý sulfaty öndüriljek döwrebap himiýa kärhanasynyň işe girizilmegi bilen, goşmaça iş orunlary dörediler. Onda zähmet çekjek hünärmenleriň köpüsi daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanylar.

Hormatly Prezidentimiziň täze desganyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli gol çeken ýadygärlik ýazgysy ýörite gutujyga salyndy we täze toplumyň binýadyna atyldy.

Şol gün döwlet Baştutanymyz «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi. Işewür Türkmenabadyň himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, türkmen-koreý hyzmatdaşlygy özara hormat goýmak, ynanyşmak we düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Köp ýyllaryň dowamynda iri koreý kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirmek babatda giň gerimli işleri alyp barýarlar. Şunuň bilen baglylykda, «Daewoo» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine aýratyn üns çekildi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda himiýa senagatynyň ýurdumyzyň depginli ösýän pudaklarynyň biridigini belläp, ýerli çig maly ulanmak arkaly milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin we eksport ugurly önümleri öndürmegiň bu pudagy ösdürmegiň esasy strategiýasy bolup durýandygyny aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny, döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde iri önümçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Işewür Türkmenistanda durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmaga goşant goşmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny aýdyp, «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmagyna döredilýän amatly şertler üçin hoşallygyny beýan etdi.

17-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak, himiýa senagaty desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň alyp barýan işlerini kämilleşdirmek, «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy. Ýakyn wagtda geçiriljek möhüm çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada-da hasabatlar berildi. Şolaryň hatarynda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat, “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” atly XXX halkara maslahat we sergi, Germaniýanyň Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleri, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çäreler, ýurdumyzyň teatrlarynda guraljak “Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady” atly hepdelik bar.

Şu ýylyň 16-njy oktýabrynda geçirilen “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň 4-nji mejlisiniň netijeleri barada habar berildi. Mejlisiň gün tertibinde “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna” gutarnykly görnüşde seredildi we ol deslapdan makullanyldy. Nobatdaky maksatnama milli, sebit we halkara derejede syýasy, durmuş-ykdysady, ekologiýa ugurlarynda bilelikdäki hereketleriň esasyny düzýär. Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky “Ýol kartasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, BMG-niň wekilhanalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatyny şu ýylyň oktýabr aýynyň soňky hepdesinde guramak, ýurdumyzyň we BMG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki hereketleriniň Maksatnamasyny taýýarlamak, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri boýunça kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek babatda milli “Ýol kartasyny” işläp düzmek boýunça teklipler hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belledi we hödürlenen teklipleri goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy. “BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň uly ähmiýetini ýene bir gezek tassyklaýar” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy” hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.

17-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ýokary döwlet derejesindäki yzygiderli gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygy toplumlaýyn ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemekde möhüm şert bolup durýandygyna üns çekildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýär. Ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk, halkara ulag geçelgeleri, hususan-da, Demirgazyk — Günorta ugry boýunça ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi bu gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär. Sanlylaşdyrmak, infrastruktura, innowasiýalar, «ýaşyl» ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlar türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Geçen hepdede Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I.Blinnikow adyndaky altyn medalynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi Türkmenistanda baş maksady halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakdan ybarat bolan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Bu altyn medal oýlap tapyjylyk we patent işine goşan goşandy üçin berilýär.

Şu mynasybetli dabara paýtagtymyzda geçirilen Ýewraziýa Patent Guramasynyň Dolandyryjy geňeşiniň 47-nji mejlisine gatnaşyjylaryň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň häkimliginde geçirildi. Dabara başlamazdan ozal, myhmanlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan bu nusgalyk şäheriň aýratynlyklary, onuň gözelliklerini emele getirýän görnüşleri — tekiz we giň şaýollary, olaryň ugrunda bina edilen ajaýyp binalardyr desgalar bilen tanyşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Hususan-da, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alyp baran işleriniň jemleri baradaky maglumatlar diňlenildi, şeýle hem ýurdumyzda geoseýilgähi döretmegiň we ony ÝUNESKO-nyň Ählumumy geoseýilgähler toruna girizmegiň mümkinçilikleri, Türkmenistanda hereket edýän ÝUNESKO klublarynyň alyp barýan işi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň iri düzümlerinde ýurdumyzyň ornuny pugtalandyrmak, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmek, sanly taslamalarda hyzmatdaşlygyň hem-de maglumatlary alyşmagyň mümkinçilikleri ýaly möhüm wezipelere garaldy, guramaçylyk we beýleki meselelere seredildi.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ägirt uly işler uzak möhletleýin özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilendir.

Soňky habarlar
19.10
Parahatçylyk söýüjilik, döredijilik we durnukly ösüş — Watanymyzyň abadançylygynyň binýady
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
17.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
17.10
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
16.10
Türkmenistan ynsanperwer gün tertibi boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegi maksat edinýär
16.10
Arkadag şäherine täze halkara sylag gowşuryldy
15.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze önümçilik desgasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyndaky çykyşy
top-arrow