Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Türkmen tebigy gazynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak hem-de daşarky bazarlara ygtybarly ibermek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan täze, halkara ähmiýetli gaz geçirijileri çekmek babatda alnyp barylýan işler hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlary ýurdumyza tebigy gazy uzak möhletleýin esasda eksport etmäge mümkinçilik berýär.
Şunda sebitiň döwletleriniň doganlyk halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasy uly ähmiýete eýedir. Bu transmilli taslama Türkmenistanyň milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir. Bu taslama tutuş sebitiň durnukly ösüşine täze itergi bermäge gönükdirilendir.
Geçen ýylyň 11-nji sentýabrynda ýurdumyzyň Mary welaýatynda «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçiriji taslamasynyň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilmegi hem halkara derejesindäki möhüm wakalaryň biri boldy.
Şol gün türkmen-owgan gatnaşyklarynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň barha rowaçlanýandygyny görkezýän täze desgalar ulanmaga berildi, möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna badalga berildi.
Umuman, türkmen we owgan halklarynyň özara gatnaşyklary gadymyýetden gözbaş alýar. Bu gatnaşyklar häzirki günde has-da berkeýär. Halklarymyzyň bähbidine gönükdirilen taryhy taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şeýle giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň we Owganystanyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň subutnamasydyr.
Durmuşa geçirilýän bu möhüm ähmiýetli taslamalar diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlaryň däl-de, eýsem tutuş sebitiň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüşine hem oňyn täsir eder
Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!
Goňşy we sebit döwletleriň gülläp ösmeginde, ykdysady taýdan durnukly gurşawy emele getirmekde uly ähmiýete eýe bolan «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň uzynlygy 214 kilometr bolan türkmen bölegi edermen gazçylarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirildi.
Ine bu gün bolsa uzynlygy 153 kilometr bolan Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryny dowam etdirmek işleriniň şaýady bolýarys.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bu taslamany durmuşa geçirmek üçin berk maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. Taslamanyň gurluşygy 200-den gowrak täze häzirki zaman kuwwatly tehnikalar bilen üpjün edildi.
Bu taslamanyň gurluşygyna owgan raýatlary hem işe çekiler. Şeýle hem, bu taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi bilen owgan halky üçin täze iş orunlary dörär.
Her ýyl Owganystana ortaça 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişdeler gelip gowşar.
Munuň özi diňe bir türkmen-owgan gatnaşyklaryna däl, eýsem sebite hem öz oňyn täsirini ýetirer.
Şoňa görä-de, bu taslamalar umumy maksada – biziň ýurtlarymyzyň uzakmöhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge we sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge niýetlenendir.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda iri möçberli taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşýandygy üçin edermen gazçylarymyza, şeýle hem bu taslamany goldandygy we ony amala aşyrmaga gatnaşýandygy üçin, owgan tarapyna minnetdarlyk bildirýärin.
Goý, türkmen we owgan halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary hemişe gülläp össün!
Hormatly adamlar!
Häzir bolsa, «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçiriji taslamasynyň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryna Ak pata berýärin!
Hormatly adamlar!
Bilşiňiz ýaly, «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçiriji taslamasyny ilkinji bolup goldan döwletleriň biri hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary bolup durýar.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklar ýokary derejede ösdürildi.
Häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk köp sanly ugurlary öz içine alýar. Bu ugurlara özara söwda, maýa goýumlary hem-de işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklar degişlidir.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň uly ähmiýetiniň bardygyny hem aýratyn bellemek isleýärin.
Indi köp ýyllardan bäri belli amerikan kompaniýalary Türkmenistanda uly işleri durmuşa geçirýärler.
Amerikanyň «Boeing», «Case New Holland», «John Deere», «Caterpillar», «General Electriс», «Sikorsky», «Nicklaus Design» kompaniýalary ýurdumyzda üstünlikli iş alyp barýarlar.
Aýratyn-da, «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçiriji taslamasynyň konsultant-maslahatçysy bolup çykyş edýän Amerikanyň «Brownstein» kompaniýasynyň goşandyny belläp geçmek isleýärin. «Brownstein» kompaniýasy bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmekde öz gymmatly, peýdaly maslahatlaryny berýär.
Hormatly adamlar!
Şu ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça III halkara maslahaty Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da artdyrdy.
Ýakynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara maslahat bilen bagly «Awaza syýasy jarnamasy» atly kararnama biragyzdan kabul edildi.
Bu halkara maslahaty bilen bagly Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp hem öz gutlagyny iberipdi.
Pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzda geçirilýän uly ähmiýetli halkara maslahatlary goldap, öz gutlagyny iberendigi, şeýle hem «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçiriji taslamasyny goldaýandygy üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.
Hormatly adamlar!
Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!».
Şoňa görä-de, gujur-gaýratyny gaýgyrman şunuň ýaly uly işleri bitirýän, taryhy taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşýan nebitgaz toplumynyň işgärlerine, aýratyn hem edermen türkmen gazçylarymyza ŞÖHRAT, ŞÖHRAT, ŞÖHRAT!
(Owganystanyň Hyrat welaýaty, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabry)