Şu gün paýtagtymyzda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasy hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahaty öz işine başlady.
Üç günläp dowam edýän forum önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygyny, özara bähbitli söwda gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Irden Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada joşgunly aýdym-saz çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.
Hemmeler döwlet Baştutanymyzyň «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasyna hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler. Hormatly Prezidentimiz bu giň möçberli çäreleriň halkara söwdany ösdürmekde, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmekde, ylmyň we tehnologiýanyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak esasynda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, halkara ülňülerine laýyk gelýän harytlary dünýä bazarlarynda ilerletmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.
Soňra çärelere gatnaşýan köpsanly myhmanlar sergi-ýarmarkada ýaýbaňlandyrylan sergi diwarlyklary bilen tanyşdylar. Olarda görkezilýän dürli görnüşli baý harytlar ýurdumyzda ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany bolup, bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär.
Sergide ýurdumyzyň we daşary döwletleriň 140-dan gowrak kompaniýalary hem-de halkara düzümleri öz işleri we hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri bilen bu ýere gelýänleri tanyşdyrýarlar.