23-24-nji aprelde Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler. Onuň esasy maksady ýurdumyzyň häzirki döwürdäki maýa goýum mümkinçilikleri barada düşünjeleri giňeltmekden, okgunly ösýän milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen, bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmakdan, kärhanalaryň, guramalaryň, kompaniýalaryň hem-de maliýe düzümleriniň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny we göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin geljekki maýadarlary, gyzyklanma bildirýän taraplary bu işe çekmekden, döwletimiziň işewürlik abraýyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Foruma öňdebaryjy daşary ýurt korporasiýalarynyň, iri halkara we sebit guramalarynyň, maliýe edaralarynyň, maslahat beriş hem-de reýting agentlikleriniň, halkara bilermenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Oňa 40-dan gowrak ýurduň wekilleriniň gatnaşmaga isleg bildirmegi hem çäräniň geriminiň örän giňdiginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýändikleriniň aýdyň mysalydyr. Malaýziýanyň paýtagtynda geçiriljek duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumatlar beýan ediler. Olar möhüm ulgamlarda eýýäm badalga berlen hem-de durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalary öz içine alýar. Mundan başga-da, forum maliýe serişdeleri üçin ileri tutulýan pudaklary kesgitlemäge, innowasion teklipler bilen tanyşdyrmaga amatly mümkinçilikleri döreder.
Türkmenistanyň geosyýasy hem-de geoykdysady taýdan amatly ýerleşmegi, ägirt uly uglewodorod ýataklaryna baý bolmagy hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, energiýa serişdeleriniň eksport edilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça amala aşyrýan syýasaty netijesinde soňky ýyllarda dünýä derejesinde ýangyç-energetika pudagynda onuň eýeleýän ornuny has-da berkitdi. Şunuň bilen baglylykda, “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: bütindünýä energiýanyň we durnukly ösüşiň geljegini emele getirmekde Türkmenistanyň orny” meselesi umumy mejlisiň esasy mowzugy bolar. Onuň çäklerinde energetika diplomatiýasynda ýurdumyzyň eýeleýän ornuny hem-de onuň sebit durnuklylygyna we howpsuzlygyna täsirini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň örän baý uglewodorod serişdeler binýady, häzirki wagtda hereket edýän, durmuşa geçirýän iri gaz geçiriji taslamalary, gaz we nebitgaz senagatynda göz öňünde tutulýan täze maýa goýum taslamalary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar.
Forumyň maksatnamasynyň çäklerinde iki günüň dowamynda “Türkmenistanyň energetika pudagyndaky täze maýa goýum mümkinçilikleri: tebigy gaz we monetizasiýa”, “Gurluşyk, ulag, maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk ulgamlaryna aýratyn üns berip, Türkmenistanda infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlary çekmek işini çaltlandyrmak”, “Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýum mümkinçilikleri: nebit we nebithimiýa”, “Önümçiligi ösdürmek hem-de senagat, oba hojalyk, dokma we azyk önümleriniň eksport möçberlerini artdyrmak” ýaly ugurlar boýunça pikir alyşmalar geçiriler. Forumyň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň hususy pudagyny ösdürmegiň geljegine, döwlet-hususy hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meselelere garamak hem meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, önümçilik kuwwatlyklaryny, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça milli taslamalara, Türkmenistany dünýä derejesinde harytlary ibermekde bäsdeşlige ukyply döwlet hökmünde görkezmek maksady bilen, ýurdumyzda öndürilýän önümleri halkara bazarlara ibermegiň möçberlerini artdyrmak boýunça strategiýalara syn berler.
Iri energetika döwleti hökmünde Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda energiýa serişdelerini öndürmegiň, ibermegiň hem-de peýdalanmagyň daşky gurşawa oňaýsyz täsirini peseltmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýär. Şol bir wagtda ýurdumyz “ýaşyl” önümçilige geçmegi ilerletmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Çünki adamzadyň geljegi arassa we durnukly energiýa bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şoňa görä, forumyň bäşinji mejlisinde “BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna esaslanýan strategiýalar: metanyň we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak hem-de arassa energetika ulgamynda innowasiýalary höweslendirmek” meselesine garalar. Umumy pikir alyşmalaryň barşynda Ählumumy metan borçnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň tagallalary hem-de “MARS” sanly ulgamynyň üsti bilen metanyň zyňyndylary baradaky maglumatlary alyşmagy gowulandyrmak üçin Metan zyňyndylary boýunça halkara obserwatoriýa (IMEO) bilen bilelikdäki taslama degişli garaýyşlar beýan ediler.
Garaşylyşy ýaly, çykyşlar hormatly Prezidentimiziň tebigaty goramak babatda, şol sanda sebitde howanyň üýtgemegine uýgunlaşmakda BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyk ulgamynda öňe sürýän oňyn başlangyçlaryna bagyşlanar. Umuman, Malaýziýanyň paýtagtynda geçiriljek iri çäre Türkmenistanyň maýa goýum ulgamynda ösüşiň täze derejesine çykandygynyň aýdyň güwäsi bolmak bilen, geljekki maýadarlar bilen uzak möhletleýin maýa goýum syýasatyny, ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň wekilleriniň netijeli dialogyny ýola goýmak üçin amatly meýdança bolup hyzmat eder. Daşary ýurtly gatnaşyjylar forumyň dowamynda gurluşyk, nebitgaz toplumy, energetika, maliýe-bank, ulag, maglumat tehnologiýalary, telekommunikasiýalar ýaly ulgamlarda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän iri taslamalar bilen tanşarlar. Mundan başga-da, olar öz täze işläp taýýarlamalaryny, dürli tehnologiýalaryny, ylmy-önümçilik babatda ýeten sepgitlerini görkezmäge, ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik alarlar.