Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 11.10.2025
153

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi, Türkmenistanyň Hökümetini we halkyny şanly waka — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Malaýziýa we Türkmenistan birek-birege hormat goýmaga hem-de umumy gymmatlyklara esaslanýan uzak möhletli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Siziň Alyhezretiňiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň täze sepgitlere ýetjekdigine, özara hyzmatdaşlygymyzyň bolsa geljekde-de ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine has-da pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy kabul ediň!

Sultan IBRAHIM,
Malaýziýanyň Patyşasy.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli hut öz adymdan, şeýle hem Tunisiň halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we berk jan saglyk, bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Pursatdan peýdalanyp, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak, ony halklarymyzyň bähbidine ähli ugurlar boýunça ösdürmek maksady bilen, hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirmäge ygrarlydygymyzy tassyklamak isleýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Kais SAID,
Tunis Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Jenap Prezident!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size mähirli gutlaglarymy ýollaýaryn. Size berk jan saglyk we abadançylyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa gülläp ösüş arzuw edýärin.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin Siziň bilen bilelikde işleşmäge taýýardygyma ynandyrýaryn.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Bassiru Diomaý FAÝ,
Senegal Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Somali Federatiw Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň Hökümetine hem-de dostlukly halkyna 27-nji sentýabrda bellenilýän şanly baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Bu möhüm sene türkmen halkynyň edermenliginiň, agzybirliginiň we tutanýerliliginiň nyşany bolup, ýurduňyzyň taryhynda buýsançly tapgyry alamatlandyrýar. Türkmenistan parahatçylygyň, durnukly ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Siziň Alyhezretiňize täze üstünlikleri, ähli türkmen halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, halklarymyzyň arasyndaky däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli berkitmäge tüýs ýürekden ygrarlydygymyzy tassyklaýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hasan Şeýh MOHAMUD,
Somali Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi we Türkmenistanyň halkyny ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzda durnukly ösüşiň gazanylandygyny bellemek isleýärin hem-de dostlugymyzy we hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygymyzy tassyklaýaryn. Türkmenistanyň halkyna mundan beýläk-de parahatçylyk, durnukly ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk baradaky arzuwlarymy hem-de belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hormatlamak bilen,

Nikos HRISTODULIDIS,
Kipr Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
13.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 514 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
10.10
Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki ÇYKYŞY
10.10
Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenildi
10.10
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.10
Ýurdumyzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy
10.10
Paýtagtymyzyň saglygy goraýyş düzüminiň binýady berkidilýär
10.10
Mary welaýatynda döwrebap hassahana ulanmaga berildi
top-arrow