Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistan ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk başlangyçlaryny öňe sürýär
Hepdäniň wakalary
Türkmenistan ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk başlangyçlaryny öňe sürýär
Çap edildi 13.10.2025
53

Geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän, ählumumy abadançylygyň bähbidine uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen netijeli daşary syýasat strategiýasynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky anyk güwäsi boldy. Gahryman Arkadagymyzyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammitine, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bolsa Duşenbede geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitine gatnaşmagy munuň şeýledigini aýdyň görkezýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Garaşsyz Watanymyzda ynsanperwerlik, agzybirlik, mähriban topraga çäksiz söýgi, durmuşy söýmek ýaly türkmen halkyna mahsus asylly ýörelgeleri özünde jemleýän ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryna uly sarpa goýulýar. 6-njy oktýabrda — Hatyra gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine gatnaşdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, geljekki nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hatyralap, “Ruhy tagzym”, “Milletiň ogullary”, “Baky şöhrat” ýadygärliklerine gül çemenlerini goýdy. Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem hatyra çäreleri geçirildi.

7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýurtlarymyz dürli ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Döwletara dialogyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz russiýaly kärdeşini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

7-nji oktýabrda döwlet Baştutanymyz Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radmany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda myhman Horwatiýanyň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belläp, Prezident Zoran Milanowiçiň we Premýer-ministr Andreý Plenkowiçiň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, ýurdumyzyň bu babatda horwat tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady. Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministriniň ýurdumyza saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi, şeýle-de iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik maslahaty geçirildi.

7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Gahryman Arkadagymyz sammitde çykyş edip, TDG-niň umumy taryha, medeniýete, ruhy mirasa we dile esaslanýan dostlukly halklaryň halkara guramasy bolup durýandygyny, dünýä bileleşiginiň ösüşiniň häzirki çylşyrymly döwründe onuň baş maksadynyň türki döwletleriň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy pugtalandyrmaga, sebitleýin we halkara derejede bilelikdäki tagallalardyr hereketleri utgaşdyrmaga gönükdirilendigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan deňhukuklylyga, birek-birege hormat goýmaga, strategik hyzmatdaşlyga esaslanýan özara bähbitli gatnaşyklary berkitmek, ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrmak üçin energetika, ulag-logistika, aragatnaşyk we beýleki strategik ugurlarda sebit hem-de halkara ähmiýetli iri taslamalary öňe sürýär, olary durmuşa geçirmek üçin has-da işjeň işleri alyp barýar.

Sammit tamamlanandan soňra, wekiliýet Baştutanlary sanly ulgam arkaly Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar. Bu metjit Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna bina ediler.

Iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda Hazar deňzi boýunça bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy, hususan-da, howpsuzlyk, ykdysadyýet, ekologiýa, söwda, deňiz gatnawlary we ylmy gözlegler ýaly ugurlary işjeňleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy. Şeýle-de söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika, oba hojalygy, dokma senagaty, täze tehnologiýalar ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz goňşy ýurduň Liderini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň başynda milli parlamentiň ýolbaşçysy häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny goýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde, şeýle hem şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, döwlet Baştutanymyza «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly ady dakmak hakynda Mejlisiň kararyny okady.

Hormatly Prezidentimiz özüne bu sylagyň gowşurylmagynyň ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda mundan beýläk-de yhlas bilen tutanýerli işlemäge borçly edýändigini belledi we pursatdan peýdalanyp, berlen şeýle ýokary baha üçin mähriban halkymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, maliýe bazaryny ösdürmek, “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň tehnologik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy. Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek halkara sergä we maslahata hem-de Balkan welaýatynda guraljak dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada-da hasabat berildi.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz birnäçe resminama gol çekdi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasyny», «Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny», Halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalary hakynda Düzgünnamany, «Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklamak hakynda resminamalar bar. Hormatly Prezidentimiz «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahanany, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahanany, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmak hakynda, şeýle-de aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak barada degişli Kararlara gol çekdi.

9-njy oktýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Russiýa” ikinji sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Hormatly Prezidentimiz sammitdäki çykyşynda ählumumy howpsuzlyk, ykdysadyýet, ulag, innowasiýalar ulgamlarynda birnäçe başlangyçlary öňe sürdi, täze tehnologiýalara ünsi çekip, energetika ulgamynda anyk teklipleri beýan etdi, şeýle hem ekologik deňagramlylygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hemişelik gün tertibine girizmäge çagyrdy.

Duşenbe şäherine iş saparynyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňyn häsiýetine ünsi çekip, Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň dünýä we sebit syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň köp babatda gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini aýtdy hem-de Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny, halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin täjik tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Söhbetdeşler iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin zerur çäreleri durmuşa geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

10-njy oktýabrda Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda häzirki geoykdysady ýagdaýlarda GDA-nyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň, geografik artykmaçlyklaryny ulanmagyň möhümdigine ünsi çekip, ykdysadyýet we ulag ulgamlary, guramanyň giňişliginde howpsuzlygyň, durnuklylygyň ygtybarly ulgamyny gorap saklamak boýunça anyk çözgütleri teklip etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Arkalaşygyň döwlet Baştutanlaryny şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek dabaralara, halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga ýene-de bir gezek çagyrdy. “Siziň bu ähmiýetli çärelere gatnaşmagyňyz olary üstünlikli geçirmäge möhüm goşant goşar hem-de Türkmenistanyň halkynyň ýokary bahasyna mynasyp bolar” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylda GDA-da Türkmenistanyň başlyklyk etmegi hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geljek ýylyň 9-njy oktýabrynda ýurdumyzda geçirmek baradaky kabul edilen çözgüt üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň bilelikde çözmeli wezipeleriň gerimine doly derejede düşünmek bilen, Arkalaşykda başlyklyk wezipesine jogapkärçilikli çemeleşjekdigini nygtady. “Ýakyn wagtda Türkmenistanyň GDA-daky başlyklygynyň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanylar. Onda, biziň pikirimizçe, häzirki wagtda has derwaýys zerurlyklar nazara alnyp, döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň çemeleşmeleri beýan ediler. Resminama diplomatik ýollar arkaly Arkalaşygyň ýurtlaryna öz wagtynda iberiler” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Sammitiň çäklerinde Arkalaşygyň şu ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň netijeleri seljerildi, geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler anyklaşdyryldy, halkara we sebit durmuşynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy. Sammitiň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesi kabul edildi.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly ikinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar çykyşlarynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işjeň ulanmakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna ýokary baha berdiler.

10-njy oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda her ýyl giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we onuň çäklerindäki ylmy maslahat geçirildi. Şu gezekki çärä dünýäniň 40 döwletinden alymlaryň we lukmanlaryň, hünärmenleriň 120-ä golaýy, şeýle-de lukmançylyk enjamlaryny, sport, ylym-bilim ulgamlaryna degişli tehnologiýalary işläp öndürýän hem-de hyzmatlary hödürleýän öňdebaryjy kompaniýalardan 180-den gowrak wekil gatnaşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen “Jahan” döredijilik merkeziniň çagalar aýdym-saz toparynyň ilkinji gezek çykyş etmegi baýramçylyk dabarasyna özboluşly sowgat boldy. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gazna tarapyndan paýtagtymyzda ýerleşýän “Jahan” döredijilik merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak barada çözgüt kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna we tabşyrygyna laýyklykda, serginiň ilkinji gününde zähmetde tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary boldy.

Forumyň çäklerinde utgaşykly görnüşde saglygy goraýyş, ylym, bilim, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalaryň giň toplumyna gol çekmek dabarasy geçirildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikdäki 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde 2026 — 2028-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almak barada Ylalaşyga gol çekildi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyna bagyşlanyp, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli sebitlerinde döwrebap lukmançylyk desgalarynyň düýbüni tutmak hem-de saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze binalaryň açylyş dabaralary boldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Türkmenistanyň halkara bileleşik bilen syýasy dialogy giňeldýändiginiň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini has-da pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Soňky habarlar
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
13.10
Türkmenistan ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk başlangyçlaryny öňe sürýär
13.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 514 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
10.10
Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki ÇYKYŞY
10.10
Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenildi
10.10
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.10
Ýurdumyzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy
top-arrow