Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda Türkmenistanda ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine, şol sanda «ýaşyl» energetika geçilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky işleriň hatarynda daşky gurşawa goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça çäreler işjeň amala aşyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň Glazgo şäherinde geçirilen 26-njy maslahatynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjy goldaýandygyny belläp, bu resminamany içgin öwrenmäge we ony durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Bu Çarçuwaly konwensiýanyň maslahatlaryny nazara almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň işjeň goldamagynda ýurdumyz howa boýunça Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandyny taýýarlady we ony 2022-nji ýylyň maýynda tassyklady. Strategik resminamada 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny, 2010-njy ýylyň derejesine görä, 20 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň halkara resminamalardan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigini bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyndaky (СOP28) taryhy çykyşynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny dünýä jemgyýetçiligine resmi taýdan yglan etdi. Türkmenistanyň agzalan halkara başlangyja goşulmagy bilen bagly gelip çykýan wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýerine ýetirilmeli çäreleriň sanawy taýýarlanyldy. Hususan-da, Ählumumy metan borçnamasynda göz öňünde tutulan maksatlarydyr wezipeleri amala aşyrmaga gönükdirilen 2024 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnama hem-de 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasy» işlenip taýýarlanyldy.
Häzirki wagtda bu resminamalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Soňky iki ýylyň dowamynda nebitgaz toplumynyň önümçilik desgalarynyň birnäçesinde halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde metan gazlarynyň we ugurdaş gazlaryň zyňyndylarynyň çeşmelerini hem-de möçberini anyklamak boýunça giň gerimli barlag-anyklaýyş işleri geçirildi we degişli hasabatlar taýýarlanyldy. Bu hasabatlaryň netijeleri boýunça önümçilik desgalarynda abatlaýyş-bejeriş işleri geçirilip başlandy hem-de halkara nebitgaz tejribesinde metan gazynyň zyňyndy ojaklaryny anyklamakda ulanylýan öňdebaryjy enjamlary satyn almak boýunça zerur çäreler görüldi. Nebitgaz desgalaryny döwrebaplaşdyrmak arkaly metan zyňyndylaryny azaltmak babatda taslamalar taýýarlanylyp, bu ugurda zerur işleri alyp barmak üçin tejribeli halkara inženerçilik kompaniýalaryny işe çekmek meýilleşdirilýär.
Merkezi Garagumda ýerleşýän “Zäkli-Derweze” gaz ýataklar toplumynyň “Çaljulba” gaz käninde geçen asyryň 70-nji ýyllarynda emele gelen tehnologik açyk gaz ýangyn krateriniň gaz çykmasyny azaltmak boýunça ýerine ýetirilýän işleri Türkmenistanda metan zyňyndylaryny azaltmak babatda amala aşyrylýan netijeli çäreleriň ýene-de bir anyk mysaly hökmünde görkezmek bolar. Bu krateriň gazynyň çykyşyny azaltmak maksady bilen, onuň golaýynda ulanyş guýulary gazylyp, olardan ýokary möçberdäki arassa gaz akymlary alyndy we netijede, kraterden çykýan gazyň mukdary 2 esse azaldyldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu ugurda şu güne çenli uly işleri durmuşa geçirdi. Diňe 2024-nji ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzda metan zyňyndylary 11 göterim azaldy. Bu bolsa meýilnamada bellenen derejeden ep-esli ýokarydyr.
Türkmenistan ýakyn geljekde metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça çäreleriň toplumyny ýerine ýetirmegi, metan gazyny ýygnap, ony gymmatly, ekologik taýdan arassa energiýa çeşmesine öwürmek we rejeli peýdalanmak boýunça netijeli çäreleri amala aşyrmagy maksat edinýär. Bu maksatlara ýetmek üçin ulgamlaýyn esasda nebitgaz, energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, senagat ýaly pudaklarda ekologik taýdan arassa we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de ulanmaga geçmek işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistan Metan zyňyndylary boýunça halkara obserwatoriýa (IMEO) bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem aýratyn ähmiýet berýär. BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň çäklerinde döredilen “Metan zyňyndylary boýunça duýduryş we çäre görüş ulgamy” (MARS) atly sanly platformanyň işine ýurdumyzyň giňden gatnaşmagyny ýola goýmak işleri-de dowam etdirilýär. Döwletimiziň öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň degişli pudaklary boýunça ýokarda görkezilen ugurlar boýunça gözegçiligi amala aşyrmak we hasabatlary taýýarlamak üçin degişli hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda-da toplumlaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän energetika we ekologiýa syýasatynyň netijesinde Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetirmäge girişendigi we Merkezi Aziýa sebitinde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýändigi bellenilmäge mynasypdyr. Türkmenistan Merkezi we Gündogar Aziýada energetika howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda iri taslamalar amala aşyrylanda, hususan-da, ägirt uly tebigy gaz gorlaryna eýe bolan «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça alyp barýan işlerinde ekologiýanyň talaplaryny berjaý etmäge ygrarlydygyny yzygiderli tassyklaýar.