Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Parahatçylyk, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine eýerip
Hepdäniň wakalary
Parahatçylyk, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine eýerip
Çap edildi 20.04.2025
505

Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit we halkara derejede deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran sapary we «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere gatnaşmagy munuň şeýledigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Türkmenistan bu iri gözden geçirilişde ilkinji bolup öz Milli gününi geçirdi we onuň çäklerinde halkymyzyň taryhy, baý medeni mirasy, Watanymyzyň gazanan üstünlikleri tanyşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Milli günümiziň açylyşy mynasybetli çykyşynda Bütindünýä sergisiniň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýetiniň bardygyny, onuň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi bilen gabat gelýändigini belledi. Parahatçylyk, ynanyşmak, deňhukuklylyk bütindünýä ykdysady gatnaşyklarynyň esasyny düzmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ýaponiýa saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýär. Häzirki wagtda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär. Parlamentara hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 15-nji aprelde Tokioda Imperator Naruhito, Premýer-ministr Sigeru Isiba, şeýle hem Ýaponiýanyň işewür we ylym-bilim jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz we Imperator Naruhito ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Nygtalyşy ýaly, Ýaponiýa öňdebaryjy tehnologiýalary we ösen senagaty bilen bellidir. Tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan, öz gezeginde, ýapon tehnologiýalaryny ulanmak arkaly bu baýlyklary has netijeli peýdalanmaga çalyşýar.

Hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň ýokary tehnologiýalar ulgamynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, maglumat tehnologiýalary, ekologiýa, durnukly ösüş ýaly ugurlarda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň iki ýurt üçin hem gowy netijeleri berjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz hem-de Ýaponiýanyň Imperatory uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlygyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba bilen geçiren gepleşiklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak ýaly meselelere ünsi çekdi.

Saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy Haýahsi Nobumitsu bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň döwlet ösüş strategiýasy ylma esaslanýan önümçilikleriň döredilmegini, öňdebaryjy we ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň, nou-haularyň milli ykdysadyýetiň pudaklaryna giňden ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlarda ýapon kompaniýalary bilen durmuşa geçirilen taslamalaryň ähmiýeti bellenildi. Ýaponiýanyň iri bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň netijeliligine ünsi çekip, öz ýurdunyň işewür düzümleriniň hem-de maliýe edaralarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen duşuşdy. Oňa iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary hem gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda bilim-ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin döwlet Baştutanymyza Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki derejesiniň diplomyny gowşurmak dabarasy boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu sylagyň özi üçin uly hormatdygyny we munuň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň, hususan-da, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini görkezýändigini nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Duşuşyga ýapon tarapyndan Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň, «Mitsubishi Corporation», «Sumitomo Corporation», «Komatsu Ltd.», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «Sanko Seiko Co. Ltd.», «Muroosystems Corporation», «Tokyo Boeki Eurasia Limited», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.», «Sumitomo Heavy Industries, Ltd.», «Tohkemy Corporation», «ITOCHU Corporation» kompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynda tehnologik çözgütlere, durnukly ösüşe we uzak möhletleýin maýa goýumlara esaslanýan ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meselelerine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz amatly maýa goýum ýagdaýy, durnukly ykdysady ösüş barada aýdyp, muny tassyklaýan käbir sanlary we maglumatlary getirdi. Energetika, ulag-logistika pudaklary uzak möhletleýin maýa goýumlaryň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle-de ýokary tehnologiýaly we ekologik taýdan arassa önümçilikleriň, suw serişdeleri ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň, hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm ähmiýeti nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiziň beýan eden anyk teklipleriniň hatarynda türkmen bazarynda ýapon tehnologiýalaryny we önümlerini, aýratyn-da, olary maşyn gurluşygy, elektronika, himiýa senagaty ýaly pudaklarda ornaşdyrmak; suw tygşytlaýjy we arassalaýjy, galyndylary gaýtadan işlemek, “ýaşyl” hem-de wodorod energetikasy boýunça ösen ýapon tehnologiýalaryny ornaşdyrmak; Türkmenistanda kiçi we orta ýapon kärhanalarynyň işewürligi ýöretmek hem-de Ýaponiýada türkmen kärhanalarynyň iş alyp barmak mümkinçiligini öwrenmek ýaly teklipler bar. Türkmenistanyň bu teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy, ykdysady we işewürlik hyzmatdaşlygyny ynamly meýilleşdirmek üçin ýurdumyzda ähli şertleriň bardygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn resminamalaryň 15-sine gol çekildi, Bilelikdäki metbugat beýanaty kabul edildi. Şeýle hem geçen ýylyň 9-njy awgustynda Astanada gol çekilen Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen “Nippon” eksport we maýa goýumy ätiýaçlandyryş agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama alşyldy. Bularyň ählisi türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýa saparynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýet agzalarynyň bu dostlukly ýurduň döwlet we hususy, şol sanda bank düzümleriniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary boldy. Duşuşyklarda degişli ugurlarda özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa Salman ben Abdelaziz Al Saudyň we Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saudyň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygy hem-de bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma we oba hojalygy pudaklary Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Medeniýet, ylym, sungat, döredijilik ulgamlarynda hem hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikler bar.

18-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Şolaryň hatarynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň suw üpjünçilik desgalaryny we ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny döretmek we işe girizmek, ýurdumyzda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly meseleler bar. Mundan başga-da, şu ýylyň aprelinde Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Forumyň esasy maksady YHG-nyň sebitinde durnukly ösüş ugrunda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy ilerletmekden ybaratdyr. Çäräniň dowamynda Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerini çözmegiň ýollaryna garalar, gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin hemmetaraplaýyn we durnukly strategiýalar ara alnyp maslahatlaşylar. Duşuşygyň netijeleri boýunça Jemleýji resminamany kabul etmek meýilleşdirilýär.

Şu ýylyň 29-njy apreli — 1-nji maýy aralygynda Söwda-senagat edarasynda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkany hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Serginiň çäklerinde halkara hünärmenleriň gatnaşmagynda eksporty ösdürmek, sanly marketing, sertifikasiýa talaplary ýaly meseleler boýunça maslahat beriş duşuşyklary, işewürlik geňeşmeleri geçiriler. Şeýle-de ýurdumyzda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günlerini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu çäräniň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçiriler. Bu ýerde arap kalligrafiýasynyň we Liwiýanyň milli lybaslarynyň, kitaplaryň hem-de milli tagamlaryň sergisini guramak, «Adamzadyň medeni ösüşini açyp görkezmekde we arap dilini hem-de yslam magaryfyny baýlaşdyrmakda türkmen alymlarynyň eýeleýän orny» atly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Mejlisde hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 25-nji awgustyndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipler, şol sanda geljek ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda Halkara sergiler býurosy bilen bilelikde oba hojalyk ugry boýunça ýöriteleşdirilen “EKSPO” halkara sergisini geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek baradaky teklip hödürlenildi.

Ýurdumyzyň halkara sergi işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, Türkmenistanyň öňümizdäki Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergilerine ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek üçin degişli işleri amala aşyrmaga gönükdirilen degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak bilen bagly teklipler beýan edildi. Şolaryň hatarynda 2027-nji ýylyň 19-njy marty — 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokogama şäherinde geçiriljek ekologiýa we tebigaty goramak meselesine bagyşlanan «Green EKSPO — 2027» hem-de 2027-nji ýylyň 15-nji maýy — 15-nji awgusty aralygynda Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde «Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin» diýen şygar astynda geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergileri bar. Şeýle-de türkmen hünärmenleri üçin sergi-ýarmarka işi boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň we halkara guramalaryň wekilleri bilen okuw maslahatlaryny guramak, daşary ýurtlardaky okuw merkezlerinde olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, 2025 — 2027-nji ýyllar üçin degişli Maksatnamany taýýarlamak teklip edilýär.

Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda gazna tarapyndan alnyp barylýan işler we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda çagalaryň irki ösüşini kadaly ýola goýmak, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek, degişli ugurlaryň kanunçylyk binýadyny berkitmek babatdaky işleriň häzirki zaman ylmynyň esasynda durmuşa geçirilmeginiň wajypdygy bellenildi.

Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek we lukmançylyk edaralaryna täzeçil usullary, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Gahryman Arkadagymyz haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň diňe bir öz ýurdumyzyň çagalarynyň abadançylygynyň bähbidine däl, eýsem, dünýä ýurtlarynyň çagalarynyň sagdyn durmuşynyň üpjün edilmegine hem gönükdirilýändigini belledi. Arkadag şäherinde geçirilen foruma gatnaşan döwletleriň wekillerinden bu ugur boýunça halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, türkmen wekiliýetini öz ýurtlarynda kabul etmek ýaly teklipleriň gelip gowşandygy bilen baglylykda, Milli Liderimiz ilkinji saparyň ýakyn goňşymyz bolan Özbegistan Respublikasyna guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi, şeýle-de lukmançylyk edaralarynyň hojalyk işleriniň ýagdaýy we ýerlerde “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşmak üçin haýyr-sahawat gaznasynyň wekilleriniň ýurdumyzyň welaýatlaryna saparlarynyň guralmagy babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Gahryman Arkadagymyzyň beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti welaýatyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda, köpugurly hassahanasynda, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde çagalaryň saglygyny dikeltmek hem-de olara degişli derejede bilim bermek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Şunda mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny dikeltmegiň häzirki zaman usullaryna, olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek ugrunda ähli zerur şertleriň döredilmegine aýratyn üns çekildi.

Geçen hepdede Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýurdumyza sapar bilen gelen “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy hem-de gaznanyň alyp barýan işleri bilen tomaşaçylary has giňden tanyşdyrmak üçin interwýu berdi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary — ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk, Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak ýaly wezipeler öz beýanyny tapdy.

Soňky habarlar
23.04
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
23.04
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
23.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi
23.04
Türkmenistanda Horwatiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Gahryman Arkadagymyzyň Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary
23.04
Aşgabatda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş başlandy
23.04
Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri dünýäniň işewür toparlarynyň üns merkezinde
23.04
Sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşa gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara
22.04
Kuala-Lumpurda halkara maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow