Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýurdumyza sapar bilen gelen “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Duşuşykda myhmanlar gaznanyň alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň ýolbaşçylyk etmeginde üstünlikli geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahat dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi. Dürli hyzmatdaş ýurtlar we halkara guramalar bu ugurda özara gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Ine, bu gün bolsa şeýle maksat bilen, “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň wekilleri Arkadag şäherine gaznanyň işi barada ýakyndan tanyşmak üçin geldiler.
Jenap Rizwan Han dünýäde köpmillionly tomaşaçysy bolan “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň ýurdumyza gelen wekiliýetiniň agzalaryny mähirli we myhmansöýerlik bilen kabul edendigi üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa hoşallyk bildirdi.
O.Atabaýewa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistanda üpjün edilen syýasy abadançylygyň, amala aşyrylýan oýlanyşykly ykdysady strategiýanyň ýurtda ähli ugurlar boýunça uly depginli ösüşleri gazanmaga, şol sanda hemaýat-goldawa mätäç çagalara hemmetaraplaýyn kömek bermäge giň mümkinçilikleri döredýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, myhmanlar gaznanyň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.
Bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlary esasynda 4 ýyl mundan ozal döredilip, Türkmenistanda hemaýata mätäç çagalaryň ykbalyna, bagtyýar geljeginiň üpjün edilmegine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn çemeleşilýändigini aýdyň ýüze çykardy. Döwletimiz bu çagalary üns merkezinde saklap, olaryň özüni türkmen jemgyýetiniň doly derejeli agzasy hökmünde duýmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär.
Myhman Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň uly sogaplydygyny aýratyn nygtamak bilen, onuň işine ýokary baha berdi. Munuň anyk mysaly hökmünde teleýaýlymyň işgärleri haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri bilen öz tomaşaçylaryny has giňden tanyşdyrmak üçin gaznanyň wise-prezidentinden interwýu bermegini haýyş etdiler. Duşuşykdan soňra, O.Atabaýewa myhmanlaryň haýyşyna kanagatlanma bilen seslenip, dünýäniň meşhur “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Hanyň sowallaryna jogap berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna beren interwýusy ýakyn günlerde tomaşaçylara ýetiriler.
Meşhur teleýaýlymyň alypbaryjysy O.Atabaýewanyň beren interwýusynyň haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berendigini belledi.