Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Gahryman Arkadagymyzyň gaznanyň ştab-kwartirasynda geçiren iş maslahatynda beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti welaýatyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda, köpugurly hassahanasynda, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde çagalaryň saglygyny dikeltmek hem-de olara degişli derejede bilim bermek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Häzirki döwürde lukman Arkadagymyzyň milli saglygy goraýyş ulgamynda başyny başlan giň möçberli özgertmeleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn ösmeklerine, olaryň bilim-terbiýeli bolmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şunda mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny dikeltmek meseleleri hem döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, ilki bilen, Ahal welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň işi bilen tanyşdy.
Onuň çäginde mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça bejeriş işleri toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Bu ýerdäki ýöriteleşdirilen bejeriş otaglary häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyryldy. Olarda birnäçe ugurlar, şol sanda suw bilen bejeriş, dürli görnüşli oýnawaçlaryň kömegi arkaly saglygy dikeltmek ýaly lukmançylyk hyzmatlary ýola goýlupdyr. Toplumyň eýwanynda bu ýerde bejergi alýan çagalaryň el işleri, çeper döredijilik bilen meşgullanýan körpeleriň ýasan dürli şekilleri, oýnawaçlar görkezilýär. Munuň özi bu ýerde ýola goýlan lukmançylyk hyzmatlarynyň çagalaryň aňyny ösdürmek, olaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmekleri üçin döredilen şertler ýaly işler bilen utgaşykly alnyp barylýandygyny görkezýär. Bu bolsa, köp ýyllaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, dikeldiş işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Şoňa görä, Oguljahan Atabaýewa şeýle usulyň lukmançylykda esasy orun eýeleýändigini belledi we bu işleri has-da ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Toplumyň irki goşulyşma otagynda kiçi ýaşly çagalar ene-atalary bilen bilelikde çagalara irki goşulyşma boýunça maşgala gatnaşyklary usulynda goldaw berilýär. Bu usul çagalaryň özlerini maşgala agzalarynyň arasynda ýaly duýmaklary, olaryň degişli bejerişe bolan höwesiniň artmagy babatda ähmiýetli ugur hökmünde kesgitlenildi. Irki goşulyşma boýunça nobatdaky otagda psiholog hünärmen bilen çaga lukmany mümkinçiligi çäkli mekdebe çenli ýaşly çagalar bilen degişli dikeldiş işlerini alyp barýarlar. Munuň özi çagalaryň islendik ýagdaýa aň ýetirmek başarnygyny ösdürmekde we olaryň özbaşdak pikirleniş ukybyny berkitmekde zerur ugur hasaplanýar. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti lukmanlaryň bu otaglarda alyp barýan işleriniň çagalaryň sazlaşykly ösüşinde ähmiýetlidigini belläp, bu çäreleri has-da kämilleşdirmek we dünýä tejribesini özleşdirmek babatda öz maslahatlaryny berdi.
Toplumyň logoped otagynyň enjamlaşdyrylyşy häzirki döwrüň talabyna doly laýyk gelýär. Bu ýerde işleýän hünärmenler dürli görnüşli oýnawaçlaryň we suratlaryň kömegi bilen çagalaryň dem alyş, ses çykaryş agzalarynyň hereketini ösdürmek boýunça degişli işleri alyp barýarlar. Oguljahan Atabaýewa çagalaryň sözleýiş ukybyny ösdürmek boýunça häzirki zaman bejeriş usullarynyň degişli derejede ýola goýulmagynyň oňyn netijeleri berýändigini aýtdy. Munuň özi lukmançylyk hyzmatlarynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenendir.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti toplumyň otaglary bilen tanyşlygyň dowamynda daýanç-hereket synasy bozulan çagalaryň fizioterapiýa we ergoterapiýa usullary bilen bejerilýän bölüme geldi. Bu ýerde hem mümkinçiligi çäkli çagalaryň daýanç-hereket synalaryny bejermek, olarda herekete bolan höwesi ýokarlandyrmak boýunça bejergi işleri häzirki zaman usullary arkaly amala aşyrylýar. Bu bolsa geçirilýän bejergi işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär.
Toplumyň aýdym-saz we tans otagynda sungat älemine aralaşmaga höwes edýän çagalar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewany uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Olar bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň döreden ajaýyp aýdymyny ýerine ýetirdiler. Munuň özi mümkinçiligi çäkli çagalaryň özleri hakynda edilýän alada çuňňur hoşallygynyň beýany bolup ýaňlandy.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti çeper döredijilige, aýdym-saz sungatyna höwesek çagalara gaznanyň adyndan sowgatlary gowşurdy. Şatlyklarynyň çägi bolmadyk çagalar döwlet tarapyndan edilýän tagallalar we kömek-goldawlar üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Soňra Oguljahan Atabaýewa toplumyň daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak boýunça dürli amallar ýerine ýetirilýän otagyna bardy. Bu ýerde çagalara dürli şekillerdir suratlaryň üsti bilen sahawatly türkmen topragy, tebigatyň gözelligi barada gürrüň berilýär. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesillerde mähriban Watanymyza, gözel tebigatymyza bolan söýgini döretmekde aýratyn ähmiýetlidir. Çagalar görkezilýän suratlar boýunça öz pikirlerini beýan etmek endiklerini ösdürýärler.
Ahal welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň mejlisler zalynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa geçirilen we toplumda degişli bejergi alýan çagalar Gahryman Arkadagymyzyň döreden ajaýyp aýdymyny ýerine ýetirdiler. Çagalaryň ene-atalarynyň lukman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize aýdan hoşallyk sözleri çagalaryň aýdym-sazlary bilen utgaşdy.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti çagalaryň saglygyny dikeldip, tiz wagtda jemgyýetimize goşulmagyny arzuw edip, bu ýerden Ahal welaýat köpugurly hassahanasyna tarap ugrady. Oguljahan Atabaýewa hassahananyň çaga dogrulýan bölüminiň intensiw otagyna baryp gördi. Bu ýerde eneleriň saglygyny goramak, sagdyn nesilleri kemala getirmek we dünýä inen çagalaryň saglyk ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklamak üçin ähli zerur mümkinçilikler döredilipdir. Bu bolsa nesilleriň sagdyn bolmagynda, olaryň sazlaşykly ösüşinde örän ähmiýetlidir.
Soňra gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Ahal welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine bardy we onuň çaga dogrulýan bölüminiň işi bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, bu ýerde enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatda ähli zerur tagallalar edilýär. Şunda merkeziň bu bölüminiň enjamlaşdyrylyşy, lukmanlaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi, bejerişiň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýär.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti häzirki döwürde sagdyn nesilleriň kemala gelmeginde enäniň sagdyn bolmagynyň wajypdygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini aýtdy. Şunda saglygy goraýşyň häzirki zaman usullarynyň, dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmegi wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendir.
Bu ýerde işleýän lukmanlar enäniň we çaganyň saglygyny goramak, nesilleriň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi, bu meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýandygy üçin lukman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly hem-de sagdyn ösmekleri, olaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede bilim-terbiýe almaklary bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetini belläp, şeýle asylly işi alyp barýan lukmanlara mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.