Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 21-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny döretmek hakynda Karara gol çekdi. Resminamada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda maldarçylyk we guşçulyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek, weterinariýa barlaglarynyň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, öri meýdanlary rejeli peýdalanmak boýunça geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, maldarçylyk önümleriniň öndürilişiniň, gaýtadan işlenilişiniň tehnologiýalaryny kämilleşdirmek ýaly maksatlar göz öňünde tutuldy.
Türkmenistanda maldarçylygy, dowardarçylygy, guşçulygy, düýedarçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary ýerli howa şertlerini we ot-iým üpjünçiligini göz öňünde tutmak esasynda alnyp barylýar. Azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmäge we ornaşdyrmaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berilýär.
Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň dabaralaryna beslenýär. Ýylyň şygarynda parahatçylyk, özara düşünişmek, dostluk ýaly adamzadyň iň gymmatly ynsanperwer ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Türkmenistan BMG we onuň ugurdaş düzümleri bilen strategik hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berip, sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň öňe sürýän anyk başlangyçlary häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan ugur alyp, uzak möhletleýin geljek üçin köpugurly halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Şunda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen obasenagat toplumyny durnukly ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen düzümi oba hojalygyny daşky gurşawyň täsirlerine uýgunlaşan usullar esasynda ösdürmekden başlap, azyk önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamyny kämilleşdirmäge çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Türkmenistanyň ähli tagallalaryny işjeň goldaýar. Şeýle hem ýurdumyzyň üçünji müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri bolan azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda gazananlary üçin BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň ýörite sylagyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek.
Diýarymyzda azyk howpsuzlygy ulgamynda sebitleýin hem-de halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmäge gönükdirilen dürli çäreleriň durmuşa geçirilmegi BMG, onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Azyk we oba hojalyk guramasy bilen ýakyn gatnaşyklaryň netijesidir. Şolaryň hatarynda ýer kadastry boýunça tehniki hyzmatdaşlygyň maksatnamasynyň bilelikde işlenip düzülen we durmuşa geçirilen taslamasy bar. Ol ýerleriň ulanylyşynda esaslandyrylan çözgütleri kabul etmäge, durnukly usullary ornaşdyrmaga, gyzyklanma bildirýän ähli taraplara ýer serişdelerine deň elýeterliligi üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, bu düzüm «Hemra suratlarynyň we geografik maglumat ulgamlarynyň kömegi bilen öri meýdanlarynyň monitoring ulgamyny gowulandyrmak», «Balyk gorlaryna baha bermek we gözegçilik etmek» ýaly başlangyçlaryň çäklerinde Türkmenistana tehniki taýdan kömek bermäge taýýardygyny mälim etdi.
Ýurdumyz obasenagat toplumynyň kuwwatyndan doly derejede peýdalanmak, önüm öndürijilere goldaw bermek, azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýokary hilli azyk önümleriniň önümçiligini artdyrmak, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri öz içine alýan düýpli özgertmeleri amala aşyrmak babatda oňyn tejribe toplady. Şu ýylyň martynda maldarçylyk pudagyny ösdürmek, ilatyň et, süýt önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, maldarçylyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek, mallaryň önümliligini ýokarlandyrmak, azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň degişli Karara gol çekmegi munuň aýdyň mysalydyr. Resminama laýyklykda, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigine «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň maldarçylyk fermasynyň taslamasyny düzmäge, bar bolan binalarynyň durkuny täzelemäge, goşmaça binalary we desgalary gurmaga, olara häzirki zaman enjamlaryny ornaşdyrmaga, zerur bolan oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, ýöriteleşdirilen awtoulaglary, ýokary önüm berýän gara mallary satyn almaga ygtyýar berildi. Şeýle-de gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň mart aýynda başlamak hem-de maldarçylyk fermasyny 2026-njy ýylyň mart aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Döwlet tarapyndan berilýän maliýe goldawy we salgyt ýeňillikleri, şol sanda ýer üçin ujypsyz tölegleriň göz öňünde tutulmagy oba zähmetkeşlerini täze üstünliklere ruhlandyrýar. Maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, gaýtadan işlemek hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak, esasy serişdeleri we emlägi edinmek üçin ýyllyk 5 göterim şertinde 10 ýyl möhlete çenli ýeňillikli karzlary almak mümkindir. Türkmen alymlarynyň bu ugurda alyp barýan işleri maldarçylyk pudagynyň ösdürilmegine ylmy esasda çemeleşilýändigine şaýatlyk edýär. Olar ençeme ýyl bäri maldarçylyk we weterinariýa pudagynda ýüze çykýan iň möhüm meseleleri çözmek bilen meşgullanýarlar, pudagyň ösmegine, onuň önümçilik kärhanalaryna öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna goldaw berýärler.
Soňky ýyllarda oba hojalyk mallarynyň genofondyny gorap saklamak we kämilleşdirmek, täze, ýokary öndürijilikli tohumlary döretmek, mallary iýmitlendirmegiň, olary dürli kesellerden goramagyň netijeli usullaryny tapmak boýunça köp sanly ylmy-barlag işleri geçirildi. Dermanlaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak, olaryň önümçiligini ýola goýmak babatda-da uly üstünlikler gazanyldy. Alnyp barlan işleriň netijesinde, saryja goýnuň tohumynyň ýokary öndürijilikli «Aşgabat» görnüşi we düýeleriň «Sakarçäge» tohum ugry ösdürilip ýetişdirildi.
Parasatly ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri goýun bakmagyň özboluşly usullaryny döredipdirler we häzirki wagtda bu ugur degişli derejede ösdürilýär. Bu günki gün ýurdumyzda dowarlaryň iki esasy tohumy — saryja we garaköli tohumy ýetişdirilýär. Goýunlaryň et öndürijiligini ýokarlandyrmak, maldarçylykdan alynýan azyk önümleriniň önümçiligini artdyrmak üçin esas bolup durýar. Olardan alnan ýüň halkymyzyň milli buýsanjy bolan türkmen halylaryny dokamakda giňden ulanylýar. Watanymyzda arwana tohumly düýeler hem ösdürilip ýetişdirilýär. Bu tohumy gadymy döwürlerde türkmenler kemala getiripdirler we olar ýerli howa şertlerine uýgunlaşdyrylypdyr. Garagumuň öri meýdanlary, ot-iým çeşmeleri geljegi uly bu pudagyň ösmegine ýardam berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe düýelerden alynýan önümleriň, düýe süýdünden alynýan çalyň, düýe ýüňüniň önümçiligi we bazary barha giňeýär.
Döwletimiz maldarçylyk ylmynyň, senagat maldarçylygynyň ösdürilmegi barada uly alada edýär, guşçulygyň dürli ugurlarynyň döredilmegini höweslendirýär, maldarçylyk önümlerini öndürijilere guramaçylyk we maliýe kömegini berýär. Munuň özi hususy maldarçylyk hojalyklarynyň ösmegine ýardam edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2024-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda Murgap etrabynyň «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň öri meýdanlaryna baryp gördi.
Çopan bilen söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginiň wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendigini belledi. «Düýe maly — dünýe maly» diýen paýhasly jümläni döreden halkymyzyň durmuşynda düýe malyna möhüm orun degişlidir. Halk Maslahatynyň Başlygy düýelere syn edip, olaryň ýüňüniň, süýdüniň, çalynyň, agaranynyň ynsan saglygy üçin tenekardygyny aýtdy.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň yzygiderli üns bermegi esasynda oba hojalyk pudagy sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Şunuň bilen baglylykda, halkymyzyň dürli görnüşli önümlere bolan islegi kanagatlandyrylýar we azyk bolçulygy döredilýär. Ýurdumyzda guşçulyk pudagy hem yzygiderli ösdürilýär. Türkmen alymlarydyr hünärmenleri ýumurtga we broýler ugurly guşlaryň ösdürilip ýetişdirilýän binýadyny döretmek, guşçulyk fermalaryny sagdyn jüýjeler bilen üpjün etmek boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Işewür toparlaryň wekilleriniň girdejili iş ugurlarynyň biri hökmünde guşçulyga bolan gyzyklanmalary artýar. Häzirki wagtda bu pudak döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kärhanalary döretmek üçin iň amatly mümkinçilikleri hödürleýär. Ýurdumyzda guş etini, ýumurtga öndürýän hususy fermalar üstünlikli hereket edýär.
Mälim bolşy ýaly, oba hojalyk mallarynyň we guşlaryň öndürijilik derejesi olaryň ähli zerur düzümleri, biologik taýdan işjeň maddalary öz içine alýan iýmler bilen iýmitlendirilmegine baglydyr. Senagat tehnologiýalarynyň ösýän şertlerinde ylmy taýdan esaslandyrylyp düzülen, dürli iýmlik serişdeleriň deňagramly garyndysy bolan ýokumy baýlaşdyrylan iýmlere zerurlyk ýüze çykýar. Bu babatda mallardyr guşlar üçin niýetlenen dürli görnüşli iýmleri öndürýän kärhanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi azyk bolçulygynyň senagat binýadyny berkitmäge, şol sanda guşçulygy ösdürmäge toplumlaýyn çemeleşilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Maldarçylygy ösdürmek işi ygtybarly weterinariýa goldawy bilen amala aşyrylýar. Bu ugurda onlarça ýyllaryň dowamynda iş alyp barýan türkmen hünärmenleri ýerli mal keselleriniň öňüni almak boýunça çäreleri, mallary we guşlary, olaryň saklanýan jaýlaryny zyýansyzlandyrmak üçin dermanlary önümçilige ornaşdyrýarlar.
7-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Bu resminama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Ýediýyllyk Prezident Maksatnamasynyň hem-de şu ýyl üçin Döwlet býujetiniň esasynda taýýarlanylan bu resminamanyň taslamasynda 2025-nji ýylda gazanylmaly makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary, durmuş-ykdysady ösüşiň, maýa goýumlaryň görkezijileri beýan edildi. Şeýle-de onda maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda obasenagat pudagynda-da hil taýdan täze üstünlikler gazanylar.