Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan zenanlary sylaglamak dabarasy
Jemgyýet
«Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan zenanlary sylaglamak dabarasy
Çap edildi 07.03.2025
1084

Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Olaryň çäklerinde sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary boldy.

Häzirki wagtda türkmen zenanlary ýokary jemgyýetçilik-syýasy derejä eýe bolup, olaryň hukuklary we azatlyklary döwlet tarapyndan ygtybarly kepillendirilýär. Olar taryhy-medeni mirasymyzy, dünýä siwilizasiýasynyň gazananlaryny gündelik durmuşynda sazlaşykly utgaşdyrýan demokratik, hukuk we gülläp ösýän döwletimiziň geljegini gurmaga işjeň gatnaşýarlar. Halkara hukuk giňişligine aralaşmak bilen, Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda adam hukuklary babatda möhüm halkara konwensiýalary we şertnamalary tassyklady hem-de olara goşuldy. Şolaryň hatarynda Aýallar babatda kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda Konwensiýa, Aýallaryň syýasy hukuklary hakynda Konwensiýa, Erkekleri we aýallary deň gymmaty bolan zähmeti üçin deň sylaglamak hakynda Konwensiýa, Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa we beýlekiler bar.

...Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlarynyň adyna iň gowy arzuwlar hem-de gutlaglar, olaryň mähri, yhlasy, jomartlygy, aladalary üçin çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy. Dabarynyň dowamynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty zenanlaryň ýurdumyzyň döwlet, jemgyýetçilik, ykdysady durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryna, telekeçilikde, ylymda, sungatda, sportda öz mynasyp ornuny tapmaklaryna gönükdirilendir. Bu günki gün türkmen zenanlary ýokary bilim we hünär derejelerine eýe bolmak bilen, döredijilikli başlangyçlara mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz eneligi we çagalygy, maşgala gymmatlyklaryny goramak baradaky aladany ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitledi. Bu ugurda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça anyk işler amala aşyrylýar, eneligi, çagalygy goramaga, köp çagaly maşgalalara durmuş taýdan goldaw bermäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Zenanlaryň hormatyna her ýyl geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde köp çagaly eneleri sylaglamak dabarasy ýatdan çykmajak waka öwrülýär. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygy bellenilýän şu ýylda hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly ada ildeşlerimiziň 200-den gowragy mynasyp boldy. Bu at enelerimiziň jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitirýän hyzmatlarynyň, Watanymyzyň rowaçlygyna, gülläp ösüşine goşýan goşandynyň ýokary derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli täze binalary we desgalary ulanmaga bermek asylly däbe öwrülip, munuň özi Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriniň, durmuşyň ähli ugurlarynda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge esasynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijeliliginiň anyk güwäsi bolup durýar. Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalara ýokary amatlykly täze öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy-da munuň aýdyň mysalydyr.

Dabara gatnaşyjylar döwletimizde giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, bagtyýar durmuşda ýaşamaga amatly şertleriň döredilýändigi, jemgyýetde belent ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň aýawly saklanylmagy, ýaş nesilleriň geljegi baradaky aladalary üçin hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň ähli zenanlarynyň adyndan çuňňur hoşallyk bildirdiler.

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda tutuş ýurdumyzda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, olaryň düzümleýin bölümlerinde, kärhanalarda, guramalarda, eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalarda zenanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Däp bolşy ýaly, pul sowgatlaryny gelin-gyzlaryň ählisi, şol sanda talyp gyzlar, mekdepde okaýan hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzjagazlar aldylar.

Şu bahar günlerinde ähli ýerlerde gelin-gyzlaryň adyna mähirli arzuwlar we gutlaglar aýdylýar, sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary guralýar.

Soňky habarlar
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Jemgyýetde sanly özgertmeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň orny
03.07
«Bilim» ylmy-usuly žurnalynyň ýörite sany
03.07
Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär
03.07
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.07
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
02.07
M.Sapargulyýew Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenildi
02.07
Täze halkara ýokary okuw mekdebi ýurdumyzyň hususy pudagy üçin hünärmenleri taýýarlar
01.07
Halkymyzyň medeni we döredijilik mümkinçiliklerini artdyryp
01.07
Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny gutlady
top-arrow