Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan Türkmenistanyň ykdysady ösüş nusgasy durmuş ugurly özgertmeleri amala aşyrmaga gönükdirilendir. Ol ykdysadyýeti dolandyrmaga, döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmaga, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň dürli gurallaryny ornaşdyrmaga esaslanýan bazar özgertmelerini amala aşyrmak üçin amatly başlangyç meýdançany döretmäge mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda, hususan-da, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dabaralaryna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan ýurdumyzyň ykdysady ugry hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň esasy maksady Watanymyzyň ösüş ýolunda barha ilerlemegini, dünýäniň ykdysady gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Häzirki wagtda täsirli dolandyryşyň, meýilnamalaşdyrmagyň we seljerişiň gurallaryny özünde jemleýän, Türkmenistany ösdürmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady, serişde kuwwatyny nazara alanyňda, köptaraplaýyn işi alyp barmaga, pudaklarda oňyn makrogörkezijileri gazanmaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtda ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, onuň esasy pudaklaryny ösdürmäge maýa goýumlaryň çekilmegine, iri innowasion kärhanalaryň gurulmagyna, eksport ugurly, importyň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegine, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şu ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» kabul edilmegi bu ugurda nobatdaky möhüm ädim boldy. Degişli Kararda bellenilişi ýaly, resminama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.
Prezident Maksatnamasynyň we şu ýyl üçin Döwlet býujetiniň ileri tutulýan ugurlary göz öňünde tutulan resminamada kesgitlenen çäreleriň iş ýüzünde amal edilmegi işjeň maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, döwlet maýa goýumlarynyň netijeliliginiň üpjün edilmegine, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, kiçi we orta telekeçiligiň geriminiň giňeldilmegine, raýatlaryň ýaşaýyş derejesiniň, durmuş taýdan goraglylygynyň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam berer. Maksatnamada 2025-nji ýylda garaşylýan makroykdysady görkezijiler getirilýär, ähli pudaklar üçin önümçilik meýilnamalary, ýerine ýetirilmeli işler, durmuş-ykdysady ösüşiň şertleri bellenilýär, ýurdumyzyň welaýatlary, Aşgabat, Arkadag şäherleri üçin maýa goýum mukdary kesgitlenilýär. Oňa laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak meýilleşdirilýär. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberini 169,2 milliard manada, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini bolsa 20 milliard amerikan dollaryna ýetirmek göz öňünde tutulýar.
«Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyzyň esasy maliýe maksatnamasynyň girdeji bölegi ykdysadyýetiň pudaklarynyň hasabyna, hususan-da, nebitgaz, senagat, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk, oba hojalyk, ulag-kommunikasiýalar, dokma, azyk senagaty pudaklaryndan, maliýe-bank ulgamlaryndan, hususy bölekden gelip gowuşmaly salgytlardyr hökmany tölegleriň hasabyna üpjün ediler. Döwlet býujetiniň çykdajy böleginde durmuş maksatly ulgama gönükdirilýän serişdeleriň 76,1 göterime barabar bolmagyna garaşylýar. Umuman, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilendir. Şunda maýa goýum işjeňliginiň artmagyna uly ähmiýet berilýär. Munuň üçin zerur şertler döredilýär we ýeterlik mukdarda serişdeler bölünip berilýär. Gaýtadan işleýän kärhanalary, senagat pudaklaryny ýokary depginde ösdürmek üçin goýberilýän maýa goýumlaryň möçberi ýylsaýyn artdyrylýar.
Täze Maksatnamada önümçilik kärhanalaryny doly kuwwatynda işletmek, çig mallary rejeli peýdalanmak, eksport ugurly we importyň ornuny tutýan harytlaryň görnüşlerini artdyrmak bellenilýär. Bu bolsa innowasion tehnologiýalara esaslanýan pudaklara, bäsdeşlige ukyply senagaty, önümçiligi döretmek boýunça taslamalara hususy maýa goýumlaryň gerimini giňeltmek arkaly döwlete degişli däl pudagyň, daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýynyň artmagyny göz öňünde tutýar. 2025-nji ýylda alnyp baryljak işleriň çäklerinde ýurdumyzyň durnukly ösüşini dowam etdirmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek bu resminamanyň esasy maksatlary hökmünde kesgitlenendir. Makroykdysady durnuklylygy gazanmak üçin pudaklary diwersifikasiýalaşdyrmak, sebitleriň ykdysady kuwwatyny artdyrmak bilen bagly wezipeler öňde goýuldy. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 40,1 milliard manat möçberinde düýpli maýa goýumlar gönükdiriler. Serişdeleriň agramly bölegini önümçilik desgalarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy üçin bölüp bermek göz öňünde tutulýar. Uly möçberdäki maýa goýumlary ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda aýratyn zerurlyklary bolan raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üçin ulanmak meýilleşdirilýär.
Resminama laýyklykda, maýa goýum syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýet üçin bölünip berlen maliýe çeşmelerini kämilleşdirmek şu ýyl üçin ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, innowasion pudaklara, bäsdeşlige ukyply senagat we önümçilik taslamalaryna maýa goýumlary artdyrmak, milli hem daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, olaryň telekeçiler, maýadarlar üçin özüne çekijiligini ýokarlandyrmak babatda anyk çäreler görler. Şunda degişli meseleleri düzgünleşdirýän kanunçylyk binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy möhüm ugur hökmünde bellenilýär.
Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk, ynsanperwerlik, özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary ykdysady syýasaty durmuşa geçirmek, ähli ugurlar boýunça döwletara, sebitara, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli söwda gatnaşyklaryny ösdürmek hem esasy wezipeleriň hataryndadyr. Daşary ýurtlar, abraýly guramalar, şol sanda iri maliýe-ykdysady düzümler bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda birnäçe çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, işewürlik, maýa goýum forumlary, işewürlik geňeşleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklary we beýlekiler guralar. Bu ugurda 23-24-nji aprelde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum hem aýratyn ähmiýete eýe bolar.
Mundan başga-da, bar bolan tebigy, zähmet, maliýe serişdelerini tygşytly hem-de oýlanyşykly peýdalanmaga gönükdirilen ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýeti höweslendirmäge möhüm üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz 7-nji fewraldaky Hökümet mejlisinde eden çykyşynda ähli ulgamlara ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmagyň wajypdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Maksatnamada innowasion tehnologiýalara esaslanýan senagat pudaklaryny ösdürmek, sanly ulgamy ornaşdyrmagy dowam etdirmek, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak boýunça anyk çäreler kesgitlenilýär. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda pudaklaýyn we düzümleýin özgertmeleri geçirmek, döwlet emläginiň dolandyrylyşyny döwrüň talabyna laýyk getirmek wezipeleri hem bar. Hususan-da, ýokary tehnologiýaly önümçiligi goldamak, goşulan bahasy, ylmy-tehniki derejesi pes bolan senagat önümleriniň önümçiliginden goşulan bahasy ýokary bolan haryt önümçiligine geçmäge aýratyn üns berler. Mundan başga-da, döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak, olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek göz öňünde tutulýar. Kärhanalary gurluş taýdan üýtgedip gurmagyň çäklerinde dolandyryş we önümçilik ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy ylmy-tehnologik gazananlaryny ulanmak meýilleşdirilýär.
Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy hem bu işleriň ýene bir möhüm ugrudyr. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň iň möhüm esaslaryny döretmek, bu ugurda kadalaşdyryjy hukuk binýadyny üpjün etmek üçin birnäçe çäreleriň görülýändigini bellemek gerek. Edara-kärhanalarda, guramalarda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny işjeň ulanmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, resminamalary dolandyrmagyň elektron ulgamyny ornaşdyrmak, häzirki zaman iş usullaryny ulanmak, ugurdaş hünärmenleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen alnyp barylýan giň gerimli işler muny aýdyň tassyklaýar.
Türkmenistanyň ählumumy ykdysadyýete netijeli goşulyşmagyny üpjün etmek babatda ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmegi boýunça utgaşdyrylan işleri dowam etdirmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, BSG-niň kadalaryny we düzgünlerini göz öňünde tutmak bilen, milli kanunçylyk, daşary söwda ulgamy kämilleşdiriler. Şunuň bilen birlikde, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, hususy pudagyň wekilleri üçin ýörite okuw maslahatlaryny, duşuşyklary, dürli çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem degişli halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge üns berler.
Ykdysadyýetiň ähli ugurlarynyň deňagramly ösüşini üpjün etmek Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy şertleriniň hatarynda kesgitlenildi. Şundan ugur alnyp, Maksatnamada her pudak, her ministrlik we pudaklaýyn dolandyryş edarasy üçin ileri tutulýan wezipeler anyk beýan edilýär. Resminamada bellenilişi ýaly, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan býujet-salgyt syýasaty ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet we milli maksatnamalarynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda amala aşyrylar. Maliýe-ykdysady durnuklylygy üpjün etmäge, senagat, hyzmatlar ulgamynda ykdysady işjeňligi dowam etdirmäge, sanly we innowasion ösüşi goldamaga, bellenen wezipeleridir çäreleri, desgalaryň gurluşyk, abatlaýyş işlerini ýeterlik möçberde maliýeleşdirmäge gönükdirilen anyk işler durmuşa geçiriler. Şeýle hem maliýe bazarlaryny, gözegçilik işlerini, hasaplaýyş we maliýe hasabatlylygyny döwrebaplaşdyrmak, nyrh syýasatyny, nyrh emele getirmek ulgamyny kadalaşdyrmak, salgyt ulgamyny sanlylaşdyrmak esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan býujet syýasaty ýurdumyzyň esasy maliýe meýilnamasynyň girdeji böleginiň çykdajy böleginden has köp ýerine ýetirilmegini üpjün edýär. Şunda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň häzirki döwrüň talaplarynyň göz öňünde tutulyp işlenip taýýarlanylandygyny nygtamak möhümdir. Onda pul serişdeleriniň has deňagramly, maksatlaýyn peýdalanylmagy göz öňünde tutulýar. Milli ykdysadyýetiň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlar hem muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Mejlisiň dowamynda bellenilişi ýaly, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 105,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,9 göterim berjaý edildi. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýyl üçin niýetlenen Maksatnamada býujetiň çykdajylaryny ileri tutulýan ugurlara gönükdirmek, býujet serişdeleriniň tygşytly, maksatlaýyn peýdalanylyşyna gözegçilik etmek, býujet amallarynyň aýdyňlygyny üpjün etmek bellenilýär.
Milli intellektual eýeçiligi goramak ulgamyny dünýä standartlaryna laýyk getirmek hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Şunda ylmyň, tehnikanyň, medeniýetiň gazananlaryny döwletiň hem-de jemgyýetiň ösüşine ornaşdyrmak, intellektual eýeçilik hukuklaryny döwlet we halkara derejede goramagyň kepilliklerini üpjün etmek boýunça işler dowam etdiriler.
Maksatnama baradaky synymyzy dowam etmek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň özboluşly dowamy bolup durýan hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryna laýyklykda, durmuş-ykdysady strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, raýatlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny kämilleşdirmäge gönükdirilen anyk işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan şu ýylda zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmagy üpjün etmek, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, iş gözleýänleri hasaba almak, işe ýerleşdirmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Esasy tagallalar täze ýokary öndürijilikli, bäsdeşlige ukyply iş orunlaryny döretmäge gönükdiriler. Bellenen meýilnamalara laýyklykda, 2025-nji ýylda häzirki zaman kärhanalaryny gurmagyň, döwlet düzüminde bar bolanlarynyň durkuny täzelemegiň hasabyna 3 müňden gowrak iş orny dörediler. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ykdysady taýdan işjeň ilaty pensiýa ätiýaçlandyrmasyna çekmäge, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň töleniş ulgamyny kämilleşdirmäge, goldawa mätäç raýatlar üçin durmuş taýdan hyzmat etmegiň usullaryny kämilleşdirmek babatda teklipleri taýýarlamaga hem möhüm ähmiýet berler.
Häzirki wagtda statistikanyň döwletiň ykdysadyýetinde iň wajyp wezipeleriň birini ýerine ýetirýändigi hemmelere mälimdir. Şunuň bilen baglylykda, Statistika baradaky döwlet komitetiniň öňünde bu düzümiň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramak, halkara ülňülere we milli ykdysadyýeti dolandyrmagyň talaplaryna laýyk gelýän, ýokary hilli statistik maglumatlary öz wagtynda, doly möçberde ýygnamak, işlemek we ýaýratmak ýaly wezipeler goýuldy. «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işi barada aýdylanda bolsa, halkara tejribeden ugur almak arkaly hereket edýän standartlary yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, standartlaşdyrmak boýunça halkara we sebitara guramalar, daşary ýurtlaryň ygtyýarly edaralary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek boýunça işler dowam etdiriler. Şeýle hem standartlaşdyrmak, sertifikatlaşdyrmak, akkreditirlemek, metrologiýa ugurlary boýunça hyzmatlary ýeňilleşdirmek, bu ugurda ýöriteleşen hünärmenleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça işleri geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan ätiýaçlandyryş işiniň hilini ýokarlandyrmak, hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak, ugurdaş edaralaryň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de halkara ätiýaçlandyryş işewür düzümleriň tejribelerine esaslanyp, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça anyk çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde karz edaralary tarapyndan hem netijeli işler alnyp barylýar. Milli ykdysadyýetimizi yzygiderli ösdürmekde, onuň dünýäniň ykdysady gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyna ýardam bermekde bu edaralara aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda banklaryň esasy maksatlary hümmetsizlenmegiň derejesini bellenilen çäklerde saklamakdan, maliýe akymlaryny düzgünleşdirmek, gözegçilikde saklamak arkaly milli ykdysadyýeti zerur mukdarda pul serişdeleri bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Merkezi bankyň we tutuş bank ulgamynyň netijeli iş alyp barmagy üçin degişli kanuny şertlerdir kepillikler döredilýär, bitewi döwlet pul-karz syýasaty durmuşa geçirilýär. Nagt pul dolanyşygy amala aşyrylýar, hasaplaşyk-töleg ulgamynyň ygtybarly işi üpjün edilýär we bahalaryň durnuklylygy saklanýar. Maksatnamanyň esasy wezipeleri baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, 2025-nji ýyl üçin niýetlenen bu ugurdaky strategiýada ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini, milli manadymyzyň durnukly hümmetini saklamagyň, hyzmatlaryň sanawyny, karzlaryň görnüşlerini artdyrmagyň göz öňünde tutulandygyny nygtamak gerek.
Şeýlelikde, ykdysadyýetiň köpugurlylygyny üpjün etmek boýunça syýasatyň durmuşa geçirilişini işjeňleşdirmek maksady bilen, döwlet edaralarynyň, döwlete dahylsyz kärhanalaryň, hususy telekeçileriň önümçilik, dolanyşyk serişdelerini almaklary, raýatlara sarp ediş karzlarynyň berilmegi üçin anyk çäreler kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmak, eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, içerki bazarda azyk bolçulygyny üpjün etmek, önüm öndürijilere hödürlenilýän hyzmatlary mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen baglanyşykly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, ozalky ýyllarda bolşy ýaly, raýatlarymyzyň ýaşaýyş jaýlaryny satyn almagy üçin ipoteka karzlaryny resmileşdirmek boýunça hem degişli işler geçiriler. Bank kartlaryny we töleg ulgamlaryny kämilleşdirmäge, olaryň goraglylygyny pugtalandyrmaga, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, öňdebaryjy tehniki serişdelerini mundan beýläk-de giňden ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berler. Mälim bolşy ýaly, söwda nokatlarynda, hyzmatlar ulgamynda töleg amala aşyrylanda galtaşyksyz maglumat tehnologiýalaryny we QR-kodlary peýdalanmak mümkinçiligi döredildi. Bu ugurdaky işler şu ýylda hem dowam etdiriler.
Şeýle hem «Internet-bank», «Mobil-bank» hyzmatlary arkaly bank amallaryny uzakdan dolandyrmak, internet ulgamy arkaly bank töleglerini amala aşyrmak mümkinçiligini giňeltmek boýunça anyk çäreleri görmek meýilleşdirilýär. Banklar tarapyndan alnyp barylýan işleriň toplumy hormatly Prezidentimiz tarapyndan bu düzümiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirilendir. Şolaryň hatarynda milli töleg ulgamynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, ýurdumyzyň raýatlaryna, daşary ýurtly myhmanlara döwrebap hyzmatlary etmek bilen baglanyşykly wezipeler bar. Şunuň bilen birlikde, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk çuňlaşdyrylar, öňdebaryjy tejribäni alyşmak işleri dowam etdiriler.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň awgustynda «Fitch Ratings» agentligi Türkmenistanyň daşary ýurt walýutasyndaky uzak möhletleýin halkara reýtingini «B+» derejesinden «BB-» derejesine çykardy. Munuň özi diňe bir Watanymyzyň halkara giňişlikdäki maliýe abraýynyň pugtalandyrylmagyna oňyn täsir etmek bilen çäklenmän, eýsem, geljekde ýurdumyza çekilýän daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberiniň artmagyna, karz şertleriniň ýeňilleşdirilmegine, Türkmenistanyň daşary ykdysady işjeňliginiň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem ýardam berer. BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek hem 2025-nji ýylda ýerine ýetiriljek işleriň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyz üçin ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýolunda möhüm tapgyr bolar. Maksatnamadan görnüşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýa döwlet bilen işewürligiň hyzmatdaşlygynyň iň amatly görnüşlerini ulanmaga, amatly maýa goýum gurşawyny emele getirmäge, ykdysadyýete innowasiýalary, ylmyň, tehnikanyň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Resminamada bellenen wezipeleriň üstünlikli çözülmegi Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşine, ykdysady kuwwatynyň artmagyna, dünýä ykdysady gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna goşulyşmagyna, milli, sebitleýin we halkara maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine, daşary söwda dolanyşygynyň ösmegine, içerki önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşar. Netijede, türkmen halkynyň parahat we bagtyýar durmuşy, Watanymyzyň gülläp ösüşi üpjün ediler.