Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýady
Jemgyýet
Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýady
Çap edildi 20.02.2025
217

Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda şanly senedir. BMG-niň degişli Kararnamalary bilen iki gezek tassyklanan bu hukuk derejesi Watanymyzyň diňe bir milli bähbitlerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, parahatçylyk döredijiligiň, sebit we dünýä derejesinde howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. BMG-niň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde öňe sürülýän netijeli başlangyçlar, şol sanda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň başlangyjy esasynda, 86 döwletiň awtordaşlygynda öňe sürlen degişli Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Bu resminama türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde öňe süren “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly başlangyjynyň logiki dowamy hem-de onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň nyşany boldy. Şunlukda, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenip, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän 2025-nji ýyl Watanymyzyň şöhratly taryhyna ajaýyp sahypa bolup ýazylar. Şu mynasybetli ýylyň dowamynda dürli çäreleriň, maslahatlaryň, dabaralaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olaryň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen, guramaçylyk döwlet topary döredildi.

Şu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen gabat gelmeginde çuňňur many bar. BMG bilen strategik hyzmatdaşlyk döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Türkmenistanyň halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça jogapkärçilikli we başlangyçly çemeleşmesi Milletler Bileleşiginiň ýokary bahasyna eýe boldy. Şunda ýurdumyzyň BMG-niň düzüm birliklerine, şol sanda onuň iri wekilçilikli düzümi bolan Baş Assambleýanyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna birnäçe gezek saýlanylmagy hem bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda-da Türkmenistan 79-njy sessiýanyň işine wise-başlyklyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň iýulynda ýurdumyza sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçiren duşuşygy ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegi maksat edinýändigini aýdyň görkezdi. Döwlet Baştutanymyz bilen geçirilen gepleşiklerde guramanyň ýolbaşçysy Garaşsyzlyk ýyllarynda parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini toplan Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginiň möhüm we strategik hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini belledi. Şeýle-de ol ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki uly üstünliklerine kanagatlanma bildirip, tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine öz parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga çalyşýan döwletimiziň möhüm halkara başlangyçlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Baş sekretar Antoniu Guterrişiň arasynda bolan duşuşykda nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durmuş-ykdysady ösüş, demokratik institutlary kämilleşdirmek, daşky gurşawy goramak ýaly wajyp ugurlary öz içine almak bilen, işjeň hem-de netijeli ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyz duşuşykda BMG-niň Baş sekretarynyň bu saparyna çuň many-mazmuny, ynsanperwer garaýyşlary we iş ýüzünde durmuşa geçirilmeli meýilnamalary özünde jemleýän üstümizdäki ýylyň çäklerinde meýilleşdirilýän bilelikdäki işleriň başlangyjy hökmünde garamagy teklip etdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň bu başlangyjy dünýäniň ähli döwletlerine adamzadyň ykbaly babatda öz jogapkärçiligini duýmaga, artýan gapma-garşylyklary, ylalaşyksyzlygy aradan aýyrmaga, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny seljermäge, oňa taryhy we geljegiň nukdaýnazaryndan garamaga gönüden-göni çagyryş bolup durýar. Şunda Gahryman Arkadagymyz: “Biziň çagyryşymyz eşidilmelidir!” diýip, aýratyn nygtady. Çünki parahatçylyk we ynanyşmak filosofiýasy, ilkinji nobatda, ählumumy ähmiýete eýedir. Ol oňyn häsiýete eýe bolup, oňa hemişe isleg bildirilýär.

Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri bolan parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk, ýüze çykýan düşünişmezlikleri syýasy-diplomatik serişdeler hem-de usullar arkaly çözmek Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň mazmunyny düzýär. Bu ýörelgeler dünýäniň häzirki gurluşynyň möhüm talabyna, onuň yzygiderli, döredijilikli ösüşiniň, asuda geljeginiň üýtgewsiz we esasy şertine öwrülýär. Bularyň ählisi Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda öz beýanyny tapdy. Ýurdumyz bu ýyly geçirmek baradaky çözgüde ählumumy derejedäki waka, halkara gatnaşyklaryň hil taýdan täze tapgyryna geçmek üçin hakyky mümkinçilik hökmünde garaýar. Konsepsiýada bellenilişi ýaly, aslynda, türkmen tarapynyň bu başlangyjy ähli döwletleri dünýä ulgamynyň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak baradaky baş pikiri durmuşa geçirmegiň syýasy, ideologik, amaly taraplaryny öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çagyryşdyr. Hukuk we institusional gurallara esaslanýan bu wezipeleri ulgamlaýyn esasda çözmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek baradaky başlangyjy öňe sürdi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň biri-birinden aýrylmazlygy ýörelgesini berk hem durnukly goraýar. Şunuň bilen baglylykda, harby we syýasy howpsuzlyga ykdysady, ekologik, tehnogen, energetika, ulag, azyk, biologik, maglumat howpsuzlygyndan aýrylykda seredip bolmaz. Sanalyp geçilen ugurlaryň hiç biri ikinji derejeli ýa-da möhüm däl hasaplanyp bilinmez. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy meselelere toplumlaýyn çemeleşmäni göz öňünde tutýan bu Strategiýa döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýlaryny we dünýä ösüşiniň zerurlyklaryny beýan edýän täzelenen halkara hukuk binýady bolup hyzmat etmek üçin niýetlenendir. Şoňa görä, Türkmenistan bu resminamany konsepsional esasda işläp düzmek pikirini parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ykrar etmegiň logiki hem kanunalaýyk baglanyşygy hasaplaýar. Şundan ugur alnyp, Baş Assambleýanyň kabul eden Kararnamalaryna daýanmak bilen, oňa BMG-niň işiniň birnäçe ugurlaryny goşmak teklip edilýär. Dawalaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak üçin gural hökmünde öňüni alyş diplomatiýasy; jedellerdir gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegi üçin bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak; ynanyşykly dialog medeniýetini dikeltmek şolaryň hataryndadyr.

Şeýlelikde, Türkmenistan ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen täze guraly döretmek başlangyjyny teklip etmek bilen, BMG-niň dünýä jemgyýetçiliginiň häzirki döwrüň kynçylyklary we olary ýeňip geçmegiň ýollary baradaky garaýyşlaryny beýan edýän halkara hukuk binýadyna berk esaslanýar. Konsepsiýada 2025-nji ýylyň dünýä meselelerinde ösüp barýan ýurtlaryň has aýdyň we täsirli ornuny görkezmegi maksat edinýändigi hem bellenilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sebit howpsuzlygy meselelerine aýratyn üns bermegi teklip edýär. Şunda biziň ýurdumyz Merkezi Aziýanyň we oňa ýanaşyk sebitleriň bar bolan meseleleriniň toplumyna örän ünsli garamagyň zerurdygyndan ugur alýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”, “Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama”, “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamalary munuň üçin esas bolup hyzmat edýär.

Türkmenistan BMG-niň işine mazmun we gurluş taýdan sebit ölçeginiň berilmegi ugrunda-da çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Konsepsiýada “Merkezi Aziýa — BMG” ugry boýunça hemmetaraplaýyn, doly görnüşli, köp derejeli we ulgamlaýyn dialogyň ýola goýulmagynyň wagtynyň gelendigine berk ynam bildirilýändigi nygtalýar. Bu ugur Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň işleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüler. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy hökmünde 2007-nji ýylda ýurdumyzyň başlangyjy bilen Aşgabatda açylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini görkezmek bolar. Milletler Bileleşiginiň bu ýöriteleşdirilen düzümi goňşy döwletleriň we Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň goldamagy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdi bilen döredildi. Tejribeler bu çözgüdiň ýerlikli we öňdengörüjilikli başlangyç bolandygyny görkezdi. Döredilen wagtyndan bäri sebit merkezi parahatçylygy pugtalandyrmakda, özara ysnyşykly gatnaşyklary, düşünişmegi goldamakda, sebit we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde Birleşen Milletler Guramasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagallalaryny utgaşdyrýan netijeli meýdança hökmünde özüni tanatdy.

Merkezi Aziýa döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýän bu merkeziň binýadynda özara gatnaşyklaryň täze formatlary, şol sanda Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy we beýlekiler döredildi. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalaryň ikisiniň kabul edilmegi bu düzümiň mümkinçilikleriniň, giň gerimli işiniň halkara hukuk esaslarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etdi.

Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, türkmen Bitaraplygynyň möhüm ähmiýeti we onuň mümkinçiliklerine bolan gyzyklanma yzygiderli artýar. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň howandarlygynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi hem munuň şeýlediginiň aýdyň mysalydyr. Bu köptaraplaýyn dialogyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar halkara gatnaşyklarda bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmek, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin durnukly syýasy-diplomatik mehanizmiň işlenip taýýarlanylmagyna goşant goşmaga gönükdirilendir.

Ýokarda ady agzalan Konsepsiýada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bilen sazlaşykly gabat gelýändigine aýratyn üns çekilendigi bellärliklidir. Onda geçen ýyllaryň dowamynda türkmen Bitaraplygynyň yzygiderli ösüşiniň bu derejäniň BMG-niň esas goýujy gymmatlyklaryna we maksatlaryna laýyk gelýändigini subut edendigi hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň umumy gymmatlygy hökmünde ykrar edilendigi nygtalýar. Bu ýagdaý Türkmenistanyň başlangyjy bilen Baş Assambleýa tarapyndan 12-nji dekabryň “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip yglan edilmegi bilen hem tassyklanyldy. Şundan ugur alnyp, bitaraplyk, onuň ýörelgeleri we amaly gurallary halkara bileleşik tarapyndan has giňden ulanylmalydyr. Şu pikire eýermek bilen, Türkmenistan bitarap döwletlere Milletler Bileleşiginiň parahatçylyk döredijilikli tagallalarynda “BMG-niň ileri tutulýan hyzmatdaşy” diýen hukuk derejesiniň berilmegi baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy bar bolan hem-de ýüze çykyp biljek gapma-garşylyklary çözmegiň parahatçylykly, syýasy-diplomatik usullaryna geçmek üçin şertleri döretmekde mümkinçiliklerini, tejribesini we ygtyýarlygyny birleşdirmekde bitarap, goşulyşmaýan, birleşmelere girmeýän ýurtlaryň, şeýle-de gapma-garşylyklara gatnaşmazlyk hem-de goşulyşmazlyk ýörelgelerine eýerýän ähli döwletleriň goldawyna bil baglaýar.

Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň tutýan ornuny bellemek bilen, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna gabat gelýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemme agza döwletleriň hukuk taýdan ähli ygtyýarlyklara eýe bolan ýeke-täk halkara gurama hökmünde BMG-niň Tertipnamasyna we onuň mandatyna ygrarlydyklaryny tassyklajakdyklaryna ynam bildirýär. Konsepsiýada halkara ýagdaýlaryň ýitileşen häzirki şertlerinde güýçli, täsirli, netijeli Birleşen Milletler Guramasyna bolan zerurlygyň has-da artýandygy nygtalýar. Onuň öňbaşçylyk wezipesi babatda şübhe bolmaly däl-de, eýsem, ol güýçlendirilmeli we goldanylmalydyr. Häzirki ýüze çykýan dünýä meseleleriniň hiç birini ýekelikde çözmek mümkin däldir. Bu eýýäm subut edilen hakykat bolup durýar. Şol sebäpli, diňe BMG özüne mahsus tejribesiniň esasynda ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde merkezi hem-de möhüm orny eýelemäge ukyplydyr. Türkmenistan munuň üçin ähli tagallalary eder.

Şeýle hem ýurdumyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek boýunça hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn strategiýasyny işjeňleşdirmegi teklip edýär. Şunda diňe häzirki zaman dünýä ulgamynyň esasy ösüş hadysalaryna ähli döwletleriň doly görnüşde gatnaşmagy üçin şertleri üpjün etmek, çäk goýmak, birtaraplaýynlyk, syýasatlaşdyrmak we kemsitmek ýaly ýagdaýlar bolmazdan, geljegiň ykdysadyýetine täze çemeleşmeleri döretmek arkaly ýetmegiň mümkindigi bellenilýär. Türkmenistanyň ädimleri Durnukly ösüş maksatlary babatda bilelikdäki işe hem-de geoykdysadyýetiň durmuşa geçirip boljak we uzak möhletleýin nusgalaryny döretmäge gönükdirilendir. Şunda energetiki geçiş hem-de ulag arabaglanyşygy ýaly iki strategik ileri tutulýan ugruň amala aşyrylmagyna kesgitleýji orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, resminamada öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi, şol sanda ekologik şertleriň gürrüňsiz ileri tutulmagy babatda ýurdumyzyň garaýyşlarydyr çemeleşmeleri beýan edilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň “ýaşyl” diplomatiýa hem-de umumy jogapkärçilige esaslanjak, şahsy, toparlaýyn bähbitleri ýeňip geçjek, umumy bähbitlere hyzmat etjek özara gatnaşyklaryň görnüşlerini dünýä giňişliginde ilerletmäge aýratyn üns berjekdigi nygtalýar. Ýurdumyz ählumumy azyk howpsuzlygy, elýeterli saglygy goraýyş ýaly ugurlaryň meselelerinde hem şeýle ýörelgeleriň tarapdary bolup çykyş eder.

Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmegiň örän möhüm döwri hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwer gün tertibi medeniýetara gatnaşyklaryň, halklaryň arasynda özara düşünişmek, hormat goýmak, hoşniýetlilik köprülerini gurmagyň, düşünişmezlikleri, köpçüligiň aňyna ornaşan ters garaýyşlarydyr pikirleri ýeňip geçmegiň wajyp we aýrylmaz bölegine öwrülmäge gönükdirilendir. Bu işde parlament hem-de halk diplomatiýasyna, medeni alyşmalara, zenanlaryň, ýaşlaryň, sport wekilleriniň gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir. Bu ýyla BMG-niň Baş sekretarynyň başlangyjy bilen 2024-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen “Geljegiň sammitinde” kabul edilen “Geljegiň hatyrasyna pakty” iş ýüzünde durmuşa geçirmek nukdaýnazaryndan seredilýär. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz onuň Jemleýji resminamasynda beýan edilen ähli maksatlara ýetmek üçin tagallalary eder.

Şeýlelikde, häzirki döwürde oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini halkara we sebit hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlarynda iş ýüzünde ulanyp bolýandygy baradaky hakykat barha aýdyň ýüze çykýar. Şunda türkmen Bitaraplygynyň täze garaýyşlar we işläp düzmeler bilen yzygiderli baýlaşdyrylýan, häzirki zaman şertlerine, döreýän howplara uýgunlaşýan döredijilikli hadysadygyny bellemek gerek. Onuň mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy BMG-niň esas goýujy maksatlaryna ýetmäge, ählumumy derejede parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Soňky habarlar
20.02
Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýady
20.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
19.02
Ulag geçelgeleriniň we ählumumy logistikanyň kemala gelmeginde Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň orny
19.02
“Miras” žurnaly: türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna alymlaryň garaýşy
18.02
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy
18.02
«Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
18.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy
18.02
Parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasynyň baş maksady
18.02
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow