Baş sahypa
\
Medeniýet
\
“Miras” žurnaly: türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna alymlaryň garaýşy
Medeniýet
“Miras” žurnaly: türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna alymlaryň garaýşy
Çap edildi 19.02.2025
339

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen neşir açyşlar, halkymyzyň ruhy mirasy boýunça geçirilen gözlegleriň netijeleri baradaky makalalaryň tapgyryny okyjylara ýetirmegini dowam etdirýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýyl milli medeni we taryhy gymmatlyklarymyza häzirki döwrüň nukdaýnazaryndan täzeçe baha bermäge mümkinçilik döretdi.

Žurnalyň ilkinji sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaşulularyň halkara güni, Türkmen alabaýynyň baýramy, Halkara Bitaraplyk güni, Täze ýyl mynasybetli Gutlaglary ýerleşdirilipdir. Däp bolan “Täze ylmy açyşlar” bölüminde türkmen halkynyň ruhy-ahlak güýjüniň egsilmez çeşmesi bolan milli mirasymyz, golýazma ýadygärlikleri barada söz açýan “Edebi-ruhy gymmatlyklar” atly makala hödürlenilýär. Makalanyň awtorynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda golýazmalaryň goralyp saklanylmagyna we öwrenilmegine, ilat arasynda olaryň toplanylmagyna uly ähmiýet berlip, ýurdumyz boýunça ylmy iş saparlary we ekspedisiýalar guralýar. Häzirki wagtda institutyň golýazmalar gaznasynda Gündogar halklaryna degişli seýrek neşirleriň 10 müňden gowragy, daşbasma kitaplarynyň 3 müňe golaýy hem-de halkyň dilinden toplanan ýazgylardan ybarat baý miras hazynasy saklanylýar. Türkmen, arap, pars dillerindäki bu täsin gymmatlyklar ýurdumyzyň we daşary ýurtly hünärmenleriň gyzyklanmalaryna eýe bolýar.

Bu bölümde Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň ylmy teswirleriniň seljermesine bagyşlanan, gyzykly maglumatlar getirilýän makala ýerleşdirilipdir. Magtymgulynyň öz eli bilen ýazan goşgulary biziň günlerimize gelip ýetmedik bolsa-da, onuň pederi Döwletmämmet Azadynyň 1747-nji ýyl bilen senelenen golýazmasy saklanyp galypdyr. Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda saklanylýan golýazma arap dilinde ýazylyp, ol türkmen, pars dillerinde başga bir ýazar tarapyndan edilen bellikleri hem özünde jemleýär. Ýazgylaryň boş ýerlerindäki tapawutlanýan hatly bellikler hut Magtymgulynyň özi tarapyndan edilendir diýlip öňe sürülýän çaklamalar belli edebiýaty öwreniji alymlaryň, professorlaryň, gündogary öwrenijileriň gözlegleri arkaly tassyklanyldy.

Magtymguly Pyragynyň heniz ýaşan döwründe golýazma nusgasy edilen goşgular ýygyndysy bar. Türkmen tekstolog alymlary bu golýazmalaryň uly bölegine ylmy teswirleri taýýarladylar. Alymlaryň pikirine görä, ýazgylaryň we olaryň dil aýratynlyklarynyň deňeşdirme-seljermesi meşhur söz ussadynyň döredijiligine, dünýägaraýşyna düşünmäge täzeçe öwüşgin berip biler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda şygryýet dünýäsiniň görnükli nusgawy wekiliniň edebi mirasyna ýokary baha berýär. Kitapda nygtalyşy ýaly, parasatly şahyr öz ömründe ylmyň, medeniýetiň, edebiýatyň gazananlaryny paýhas eleginden geçirip, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna goşulan, adamzadyň iň gowy däplerini özünde jemleýän nusgawy eserleri döretdi.

“Magtymgulynyň döredijiliginde orta asyr edebi däpleri” atly makala hem okyjylaryň ünsüni özüne çeker. Awtoryň belleýşi ýaly, döredijiliginde orta asyr edebi däplerini ösdüren we kämilleşdiren şahyryň goşgularynda adamlarda ýokary ahlak häsiýetlerini terbiýelemek, ynsanperwerlige, watançylyga, birek-biregi goldamaga, jomartlyga çagyryş aýratyn orny eýeleýär. Orta asyr akyldary Ýahýa ibn Halylyň “Futuwwetnama” atly eserinde kämil adamy kemala getirmek boýunça öňe sürýän pikirleri Magtymgulynyň döredijiliginden hem eriş-argaç bolup geçýär.

“Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” bölüminde Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň uly ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty E.Oçilowyň “Magtymgulynyň döredijiliginde Nowaýynyň edebi täsiri” atly makalasy ýerleşdirilipdir. Magtymgulynyň we Nowaýynyň edebi mirasy iri möçberli ylmy barlaglary geçirmek üçin maglumat çeşmesidir. Nowaýynyň şahsyýeti, döredijiligi Magtymgulynyň şahyr hökmünde kemala gelmeginde hem-de kämilleşmeginde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Bu ruhlandyryjy täsiriň netijesini onuň birnäçe goşgularynda görmek bolýar. Awtoryň belleýşi ýaly, Nowaýynyň we Magtymgulynyň eserleri deňeşdirilip öwrenilende, olaryň döredijiliginde umumy meseleleriň beýan edilýändigini, meňzeş keşpleriň düşündirilýändigini anyk duýmak bolýar. Olaryň dünýä we ynsana, adamzat gymmatlyklaryna, bolup geçýän hadysalardyr wakalara, tebigata, jemgyýete, ýaşaýşa bolan garaýyşlary, döredijiligi meňzeş umumylyklara eýedir. Bu bölümdäki “Möwlana, Meşrep we Magtymguly” atly makala hem Magtymguly Pyraga täsirini ýetiren Gündogaryň beýik akyldarlary barada gürrüň berýär. Meşrebiň we Magtymgulynyň dünýägaraýşynyň ýakynlygy birnäçe ylmy makalalarda ýatlanylýar.

Şunlukda, taryhçy A.Karpow dana Pyragynyň şahyrana dünýäsiniň çeperçilik tilsimleriniň möhüm ähmiýetini nygtap, onuň döredijiligine Meşrebiň ýetiren täsirine ünsi çekýär. Alym M.Annamuhammedow “Magtymguly, gizlin syryň bar içde...” atly kitabynda hem-de “Meşrebiň mirasy we Magtymguly” atly makalasynda bu iki söz ussadynyň dünýägaraýşynyň, ideýa bitewüliginiň, edebi täsiriniň däplerini açýan umumylygyň bardygyny nygtaýar. Öwrenilen çeşmelere salgylanmak bilen, awtor özara edebi gatnaşyklaryň wajyp ähmiýetine ünsi çekip, Magtymgulynyň we Meşrebiň edebi mirasy arkaly Rumynyň döredijiligi bilen tanşandygyny aýdýar.

Neşir «Ylmy we medeni durmuş habarlary» atly bölüm bilen jemlenýär. Onda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen ýylyň dördünji çärýeginde bolup geçen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýän möhüm wakalar öz beýanyny tapýar.

“Miras” žurnalynyň türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilmegi ony dünýä ýurtlarynyň okyjylary üçinem elýeterli edýär. Žurnalyň sahypalarynda ýerleşdirilen köp sanly fotosuratlar makalalara goşmaça öwüşgin berýär.

Soňky habarlar
20.02
Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýady
20.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
19.02
Ulag geçelgeleriniň we ählumumy logistikanyň kemala gelmeginde Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň orny
19.02
“Miras” žurnaly: türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna alymlaryň garaýşy
18.02
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy
18.02
«Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
18.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy
18.02
Parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasynyň baş maksady
18.02
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow