Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi
Syýasy habarlar
Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi
Çap edildi 06.11.2025
2339

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasaty häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Milli Liderimiziň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratmak boýunça beren tabşyrygyndan ugur alnyp, düýn goňşy ýurda ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Munuň özi türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti O.Atabaýewa ýaňy-ýakynda goňşy ýurt Owganystanda bolan heläkçilikli ýertitreme baradaky habaryň ýurdumyzda çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini, bu tebigy betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna, weýrançylyklara getirendigini belläp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik, rehimdarlyk hem-de birek-birege kömek bermek ýaly däplerine eýerip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan bu ýurda we onuň doganlyk halkyna, hususan-da, ejir çeken çagalara ynsanperwerlik kömegini ugratmaga rugsat bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.

Milli Liderimiz bu başlangyjy makullap, halkymyzyň kyn pursatda goňşusyna ýardam bermek üçin oňa hemişe dostluk goluny uzadýandygyny belledi we ata-babalarymyzyň “Kyýamat güni goňşudan” diýen dana sözlerinden ugur alyp, goňşularymyza mätäç gününde doganlyk kömegini bermek baradaky çözgüdiň kabul edilendigini aýtdy. Hormatly Arkadagymyz doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna gaznanyň adyndan ynsanperwerlik kömegini ibermegiň wajypdygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara bu işleri guramak barada görkezmeleri berdi.

Kabul edilen çözgütden ugur alnyp, Owganystana derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk önümlerinden ybarat bolan ýükleri ugratmak dabarasy türkmen halkynyň asylly ýörelgeleri esasynda guraldy. Ynsanperwer maksatly çärä ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili, hormatly ýaşulular, käbir ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri goňşy we doganlyk ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan ybaratdyr. Şunda türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga, ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini dowam etdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Kyn günde goňşa hemaýat bermek, doganlyk goluny uzatmak türkmen halkynyň asylly ýörelgeleriniň biridir. Şu gezekki iberilen ynsanperwerlik kömegi hem köp sanly şikes ýetmelere, uly weýrançylyklara getiren tebigy betbagtçylyga duçar bolan adamlara ruhy goldawdyr. Munuň özi goňşy ýurduň halkyna bildirilýän çuňňur hormatyň aýdyň nyşanydyr. Tebigy hadysa zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde şeýle kömegiň iberilmegi ynsanperwerligiň belent nusgasyny alamatlandyrýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýan Bitarap Türkmenistan döwletara gatnaşyklary özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürýär. Ejir çeken ilata, aýratyn-da, çagalara goldaw bermek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň geçirilmegi Türkmenistanyň ählumumy derejede parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, ynsanperwer taglymlaryň dabaralandyrylmagyna ygrarlydygynyň hem güwäsidir.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow