Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 08.11.2025
1823

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda giňden we uly dabaralara beslenip bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly Prezidentimiz!

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde giň gerimde bellenilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Bu toý ýurdumyzyň ähli oba zähmetkeşleriniň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan uly sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Ol merdana halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip, sahawatly türkmen topragyndan öndüren önümlerine bolan buýsanjynyň beýanydyr. Zähmetsöýer oba hojalyk işgärlerimiz rysgal-bereket eçilýän sahawatly türkmen topragynyň gadyryny bilip, ony aýawly saklap, bol hasyl öndürýärler. Çünki toprak rysgal, sahawat, eşret, ýaşaýyş çeşmesidir, gudrat hem-de mukaddeslikdir.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň taýsyz tagallalaryňyz netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, ýer we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, has kämil tehnologiýalary ulanmak, mallardan we guşlardan bol önüm almak, pudaklaýyn ylmy, seçgiçiligi hem-de tohumçylyk işini ösdürmek babatda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Pudagy sanly ulgama geçirmek, döwrebap ekerançylyk ulgamyny, öňdebaryjy agrotehniki tehnologiýalary ornaşdyrmak, daýhan birleşikleriniň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, kärende gatnaşyklaryny kämilleşdirmek babatda-da anyk işler amala aşyrylýar. Siziň alyp barýan parasatly oba hojalyk syýasatyňyzyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda», «Pagtaçylyk hakynda», «Däneçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi uly ähmiýete eýedir.

Däp bolşy ýaly, ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýunyň dabaralarynyň çäklerinde oba hojalyk pudagynyň iň ýokary netijeleri gazanan öňdebaryjy işgärlerine, hormatly Prezidentimiz, Siziň Permanyňyza laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet sylaglarynyň, şeýle hem gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy yhlasly oba zähmetkeşlerimize goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanydyr.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Türkmen topragy ekerançylygyň baý medeniýetiniň dörän gadymy ojaklarynyň biridir. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda ýerden we suwdan netijeli peýdalanyp, dok däneli ak bugdaýyň sümmüllerini, pagtanyň bol hasylly, ýokary hilli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde güýç-gaýratlaryny gaýgyrmandyrlar. Maldarçylykdan hem-de guşçulykdan bol önümleri almagy başarypdyrlar. Şoňa görä-de, babadaýhan pederlerimiziň baý tejribesini yhlas bilen özleşdirip, ýylyň-ýylyna halal zähmet çekmegiň göreldesini, netijeli işlemäge ukyplydygyny görkezýän oba zähmetkeşlerimiziň sany barha artýar. Bularyň ählisi ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, şol sanda içerki bazarlary özümizde öndürilýän, ekologik taýdan arassa önümler bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan belent maksatlaryň üstünlikli netijeleridir. Diýarymyzda güýzlük bugdaýyň «Serdar», «Arkadag» we «Pyragy» ýaly täze sortlarynyň döredilmegi hem zähmetsöýer daýhanlarymyzy ýeneki üstünliklere ruhlandyrdy.

Türkmenistanyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmäge we ornaşdyrmaga ýardam edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şol sanda oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykarmaga, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy, has-da öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmäge, döredijilik kuwwatyny netijeli ulanmaga gönükdirilendir. Bu bolsa özüniň gowy netijelerini hem berýär.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna tutulýan Hasyl toýy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bolelin durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, türkmen topragynyň sahawaty, saçaklarymyzyň rysgal-berekedi hiç haçan egsilmesin!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow