Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy
Jemgyýet
Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy
Çap edildi 10.02.2025
173

Şu gün Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Döwletli zaman şäherçesinde 2024-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzda iň gowy etrap diýlip yglan edilen Sakarçäge etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.

Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşik ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, sebitlerde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça maksatnamalary amala aşyrmak babatda alnyp barylýan işleri höweslendirmek maksady bilen her ýyl geçirilýär. Beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden baýram edilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Sakarçäge etraby durmuş, ykdysady, medeni taýdan ýokary görkezijileri gazanmagy başardy. Bu barada 2024-nji ýylda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 7-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berildi. Mejlisde döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyny 2024-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan etrap diýip yglan etmek we bu etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak, şeýle hem 2025-nji ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýruklara gol çekdi. Hökümet mejlisinde bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň welaýatlaryny we Aşgabat şäherini bäsleşikli esasda ösdürmek baradaky asylly ýörelge hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.

...Ir bilen etrabyň Döwletli zaman şäherçesiniň medeniýet öýüniň binasynyň öňünde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabara Mejlisiň deputatlary, welaýat hem-de etrap halk maslahatlarynyň agzalary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, welaýat, etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, telekeçiler, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar. Bu ýerde dikilen ak öýleriň ýanynda türkmen milli tagamlary taýýarlanylyp, toý däpleri ýaýbaňlandyryldy. Ýörite guralan sergide etrabyň senetçileriniň, zergärleriniň taýýarlaýan amaly-haşam sungatynyň önümleri, ekerançylaryň, hususy önüm öndürijileriň öndürýän azyk harytlary görkezildi. Welaýatyň sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Soňra çäre medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda dabaraly maslahat bilen dowam etdi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň ähli ilatyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda nygtalyşy ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen medeni-taryhy ýadygärlikleri, ajaýyp tebigy gözellikleri bilen dünýä meşhur bolan Mary welaýatynyň bu sebitinde telekeçilik işiniň netijeliligi barha ýokarlanýar. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmekde, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda uly işler alnyp barylýar. Ýokary girdejiler, barha artýan ykdysady görkezijiler amatly maýa goýum şertlerini döredýär. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda iň gowy etrabyň 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanylmagynyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda etrabyň ýaşaýjylaryny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyryp, eziz Watanymyza bolan buýsanjyny has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynam bildirdi.

Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, ýurdumyzda sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmak, ähli ulgamlara sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, şonuň esasynda dürli senagat we oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Diýarymyzyň çar künjünde amala aşyrylýan iri gurluşyk taslamalarynyň çäklerinde Sakarçäge etrabynda hem ähli durmuş şertleri üpjün edilen döwrebap obalar we şäherçeler kemala geldi. Şu günki dabaranyň geçirilýän Döwletli zaman şäherçesiniň hem Milli Liderimiziň gatnaşmagynda dabaraly açylandygyny bellemek ýakymlydyr. Hormatly Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen 2022-nji ýylda etrabyň çäginde köp gatly ýaşaýyş jaýynyň dabaraly açylyp ulanmaga we durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlara sowgat berilmegi ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanmasynyň aýdyň nyşany boldy. Geçen ýylda bolsa etrabyň Şatlyk şäherçesinde täze metjit ilata gapylaryny giňden açdy.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, etrapda ähli amatlyklar bilen üpjün edilen döwrebap mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary, ýaşaýyş jaýlary guruldy we täzeleriniň gurluşyklary alnyp barylýar. Etrabyň okgunly ösüşinde hususy telekeçileriň hem mynasyp paýy bar. Olar sebitiň çäginde medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýarlar. Oba hojalyk önümlerini öndürýän daýhan hojalyklary, azyk kärhanalary azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýarlar. Etrabyň ýaşaýjylarynyň dowarlaryň, düýeleriň baş sanyny artdyrmak ugrunda gazanýan üstünlikleri-de örän guwandyryjydyr. Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, bularyň ählisi hususy önüm öndürijileri goldamak babatda döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ekerançylaryna hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Täze tehnikalary satyn almaga, obasenagat toplumynyň ähli önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga maýa goýumlar gönükdirilýär. Daýhan birleşikleri we kärendeçiler zerur tehnikalar, dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Etrabyň çäginde ýerleşýän pagta-egirme fabrigi, iri pagta arassalaýjy kärhana pagtaçy kärendeçileriň yhlasly zähmetinden kemala gelen çig maly gaýtadan işläp, içerki we daşarky bazarlara ugradýar. Dabarada çykyş edenler etrabyň ýaşaýjylaryny iň ýokary görkezijileri gazanmak babatda döwlet derejesinde geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi bolmaklary bilen tüýs ýürekden gutladylar. Olar oba zähmetkeşleriniň yhlasly zähmet çekip, eşretli zamanamyzyň hözirini görüp ýaşamaklary ugrunda döredýän şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, gazanylan üstünligiň täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýandygyny bellediler.

Ýygnananlar Sakarçäge etrabynyň ähli ilatynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşine etrabyň zähmetkeşleriniň goşan goşandyna berlen ýokary baha, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak ugrunda edilýän aladalar, sebitlerde häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümlerini kemala getirmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär.

Dabaraly maslahat welaýatyň estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazlary bilen utgaşdy. Olarda döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tutumly işleri, halkara giňişlikde giňden goldaw tapýan beýik başlangyçlary, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan ata Watanymyz belentden wasp edildi.

Soňky habarlar
11.02
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
10.02
Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy
10.02
Türkmenistanda Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.02
Ynsanperwerligiň beýik nusgasy
10.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 33 million 683 müň dollaryndan gowrak boldy
09.02
Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
08.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
07.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
07.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
top-arrow