Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2025-nji ýyldaki ilkinji sany okyjylara ýetirildi
Jemgyýet
«Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2025-nji ýyldaki ilkinji sany okyjylara ýetirildi
Çap edildi 07.02.2025
3711

Türkmen okyjylarynyň ýaş nesli eýýäm iki ýyldan bäri özleri üçin çap edilip gelinýän neşiriň ― «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň her aýda täze sany sany bilen tanşyp gelýärler.

Žurnalyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky ilkinji, umumylykda bolsa 25-nji sany «Magtymgulynyň edebi mirasynyň çuňňur beýany» atly makala bilen açylýar. Edil şol sahypalarda ýerleşdirilen «Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!» atly makala bolsa üstümizdäki ýyla bagyşlanýar.

Ýaňy bir ilkinji aýy yzda galan ýyly eýýämden «Şanly ýyl» diýip häsiýetlendirmäge esas kän. Munuň bir sebäbi «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýakynda gazanan halkara üstünligidir. Monte-Karlodaky sirk sungatynyň halkara festiwalynda Altyn baýraga mynasyp bolan topary ýurdumyzyň ýaşlar neşiriniň döredijilik işgärleri hem gyzgyn gutlaýarlar.

Žurnalyň täze sanynda rus dilinde paýlaşylan ilkinji makalada parahatçylygyň we ynanyşmagyň gadyry barada söhbet edilýär. «Ýyllaň gelşi taglymyndan bellidir...» atly makalada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň wekilleriniň ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň we milli parlamentimiziň işgärleri bilen Balkan welaýatyna amala aşyran iş sapary we saparyň dowamynda geçirilen duşuşyklar barada gürrüň berilýär.

Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň täze ýeňijileriniň ýürek buýsançlaryna bagyşlanan çykyş «Ýaşajyk zehinler ― döwrümiziň Güneşi» diýlip atlandyrylypdyr. Indiki sahypada bolsa her ýyl gowşurylýan bu baýragyň eýelerine söz berilýär.

Neşiriň täze sanynda iňlis dilindäki ilkinji makala Arkadag şäherine bagyşlanypdyr. Indiki makalada bolsa ätiýaçlandyryş hyzmatyndaky sanly ulgamyň mümkinçilikleri barada gürrüň berilýär. «Ýaşlara ekologik terbiýe bermekde Magtymgulynyň döredijiliginiň ähmiýeti» atly makala neşiriň şu sanyndaky iň täsirli çykyşlaryň biri bolupdyr.

Ýaşulularyň we ýaşlaryň arasyndaky gadyr-hormata eýlenen gatnaşyk «Nesilleriň kämil mekdebi» atly makalada beýanyny tapýar. Şol sahypalarda ýerleşdirilen «Zenan sarpasy» atly makala hem ýaşlara terbiýeçilik taýdan iňňän ähmiýetlidir. Bu pikir «Maşgala gymmatlyklary ― barlygyň we baýlygyň ruhy çeşmesi» atly makalada hem ýöredilýär.

Neşiriň däbe öwrülen «Ýaşlar ― ylym dünýäsinde» atly makalalar toplumyndaky çykyşda ýaş alymlaryň alyp baran ylmy gözlegleri barada gürrüň berilýär. Şeýle hem şol sahypalarda döwrebap bank ulgamynyň milli ykdysadyýetimizdäki ornuna bagyşlanan makala orun berlipdir.

«Adamzadyň paýhas ummany» atly makala bilen «Döwrümiziň şahyry» atly goşgy Magtymguly Pyraga we onuň beýik döredijiligine bagyşlanýar. Neşiriň täze sanyndaky «Kämillik ― üstünlige tarap ygtybarly ýol», «Gyşa galan gürrüňler» atly çykyşlar hem iňňän täsirli bolupdyr.

Neşirde halypa we döwürdeş şahyrlarymyzyň täze şygyrlary hem ýetirilýär. Ýaş nesli terbiýelemekde milli medeniýetiň ornuna (rus dilinde), dünýä giňişliginde ýaşlaryň wezipesine (iňlis dilinde) bagyşlanan makalalar okyjylary öz dünýäsine alyp gidýär.

Neşiriň täze sanynyň esasy aýratynlygy onda krosswordyň we aýlyk täleýnamanyň ýerleşdirilip başlanmagydyr. «Ýyllaryň ajaýyp ýollary» atly oýlanma bilen «Bu sözi sözlügiňizden aýryň!» atly makala hem iňňän täsirlidir. Ahyrky sahypalarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň täze yglan eden bäsleşikleriniň düzgünnamalary ýerleşdirilen.

Žurnalyň täze sanynyň ahyrky sahypalarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň senenamasy bilen hem tanşyp bilersiňiz.

Soňky habarlar
09.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
08.11
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
08.11
Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy
08.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady
08.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.11
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
07.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
top-arrow