Türkmenistanyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýasynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ygtybarly milli bank ulgamynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu wezipäni çözmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi, çünki karz edaralarynyň işiniň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmagy milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny, innowasion ösüşini, onuň ählumumy ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün etmäge goşant goşýar.
«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we beýleki maksatnamalaryň kabul edilmegi hem-de durmuşa geçirilmegi bu ugurda anyk netijeleri gazanmakda möhüm ädim boldy. Bu resminamalary durmuşa geçirmek üçin kesgitlenen çärelere laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzda banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň pudaklaryna bölünip berilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmak, bank-maliýe hasabatlaryny halkara standartlara laýyk getirmek, degişli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen anyk işler ýerine ýetirilýär. Öňdebaryjy usullar, iň täze tehnologiýalar arkaly nagt däl tölegleriň amala aşyrylmagyna, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän we dünýä tejribesinde işjeň ulanylýan bank kartlaryny, dürli ykjam goşundylary ulanmak bilen ýerine ýetirilýän amallaryň gerimini giňeltmäge, elektron töleg ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga, onuň goraglylygyny üpjün etmäge uly ähmiýet berilýär. Şonuň bilen birlikde, bank hyzmatlarynyň täze görnüşlerini ornaşdyrmak, hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini düýpli ýokarlandyrmak, degişli infrastrukturany, onuň programma-tehniki üpjünçiligini döretmek, ugurdaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda degişli işler durmuşa geçirilýär.
Gysga wagtyň dowamynda uly möçberdäki maglumatlary gaýtadan işlemäge, hyzmatlaryň doly toplumyny hödürlemäge ukyply kuwwatly, ygtybarly we çeýe tehnologik platformanyň döredilmegini öz içine alýan hyzmatlary sanlylaşdyrmak bu ugurdaky düýpli özgertmeleriň wajyp ugry hökmünde çykyş edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda karz edaralary tarapyndan hödürlenilýän döwrebap sanly hyzmatlaryň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Şolaryň hatarynda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank-terminal», «Galtaşyksyz töleg», «VISA Virtual», «Menzilara bank», «Sanly kart», «Sanly töleg», «Sanly karz» ýaly hyzmatlar bar. Olaryň kömegi bilen karzlary resmileşdirmek, internet ulgamy arkaly bank hasaplaryny görmek, elektron göçürmeleri almak, elektron töleg tabşyryklaryny taýýarlamak, onlaýn görnüşde täze bank kartlaryny açmak, bir kartdan beýleki karta pul serişdelerini geçirmek, harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyklary geçirmek ýaly dürli amallary ýerine ýetirmek mümkindir. «VISA» we «MasterCard» halkara töleg ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy bu ugurda möhüm ädim boldy. Munuň özi Türkmenistana ählumumy bank hyzmatlary ulgamyna goşulyşmaga, ýurdumyzyň esasy banklarynyň işewürlik abraýyny artdyrmaga, olaryň bazardaky ornuny pugtalandyrmagyna, köp sanly müşderini özüne çekmegine, dünýä derejesinde hasaplaşyklary amala aşyrmak üçin ägirt uly infrastrukturany peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Raýatlaryň isleglerini kanagatlandyrmak, internet arkaly hödürlenilýän hyzmatlaryň sanyny artdyrmak, bank kartlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de tölegler geçirilende töwekgelçilikleri azaltmak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan täzeçil usulyň — «VISA Virtual» bank kartynyň ulanyşa girizilendigini bellemek gerek. Mundan başga-da, «Daýhanbank», «Türkmenistan» döwlet täjirçilik hem-de «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banklary daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň okuw we umumy ýaşaýyş jaý töleglerini onlaýn görnüşde tölemek üçin niýetlenen sanly hyzmatlary hödürleýärler. Şeýle hem bu elektron töleg ulgamy arkaly fiziki şahslaryň Türkmenistanyň çäginden daşarda saglygynyň barlanylmagy we bejerilmegi üçin töleglerini tölemek, «VISA», «MasterCard» halkara bank kart hasaplaryny internet ulgamynyň üsti bilen özbaşdak doldurmak mümkindir.
«Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň «Menzilara bank» hyzmaty-da bank hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň biridir. Onuň işe girizilmegi bank hasaplaryny dolandyrmagyň has-da döwrebaplaşdyrylmagyna, dürli bank amallarynyň çalt ýerine ýetirilmegine, hususan-da, pul geçirimleriniň amala aşyrylmagyna, hasapdaky galan pul serişdeleriniň möçberiniň barlanmagyna, hasap baradaky göçürmeleriň alynmagyna, karzlary we goýumlary tölemegiň tertibiniň kesgitlenilmegine ýardam etdi. 2024-nji ýylyň 1-nji dekabry ýagdaýyna görä, «Menzilara bank» hyzmatynyň üsti bilen 24,1 müňden gowrak müşderiniň halkara «VISA» we «MasterCard» bank kart hasaplaryna, şeýle hem 6,3 müňden gowrak müşderä okuw tölegleri üçin pul serişdeleriniň resmileşdirilmegi bu hyzmata uly isleg bildirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky tarapyndan hödürlenilýän «Onlaýn halkara töleg» hyzmatynyň ähmiýetini bellemek gerek. Şu ýylyň 1-nji dekabry ýagdaýyna görä, bu hyzmata «VISA» we «MasterCard» halkara bank kart hasaplaryna pul serişdelerini geçirmek üçin 1,4 müňe golaý müşderi birikdirildi.
Ykjam aragatnaşyk enjamlarynyň ösüşindäki özgerişlikler bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmegi, şol sanda galtaşyksyz töleg tehnologiýalaryny kämilleşdirmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň karz edaralary smartfonlar üçin nagt däl tölegleri, şol sanda galtaşyksyz tölegi hem öz içine alýan degişli ykjam goşundylary işläp düzýärler. Şeýle täze hyzmatlaryň hatarynda «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Sanly töleg» atly ykjam goşundysyny görkezmek bolar. Ol müşderilere www.halkbank.gov.tm resmi saýtyndan halkara bank kart hasaplaryny ygtybarly usulda, aňsatlyk bilen doldurmaga mümkinçilik berýär. Ulanyjylar gönüden-göni smartfonlaryndan pul geçirimleriniň yzygiderliligini görüp we öz maliýe serişdelerini dolandyryp bilýärler. Şu ýylyň 1-nji dekabry ýagdaýyna görä, bu hyzmata 18,3 müňe golaý müşderi birikdirilip, olaryň halkara «VISA» we «MasterCard» bank kart hasaplaryna pul serişdeleri geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde karz hyzmatlary ilatyň gündelik durmuşyndaky adaty hyzmatlaryň birine öwrülýär. Karzlary resmileşdirmekde ýeňillikleri döretmek maksady bilen, «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan 2024-nji ýylyň iýulynda «Sanly karz» ulgamy ornaşdyryldy. Müşderiler ýörite ykjam goşundy arkaly onlaýn görnüşde sarp ediş karzyny almak üçin ýüz tutmaga, öz karz taryhyny özbaşdak barlamaga, karzyň iň ýokary möçberini kesgitlemäge mümkinçilik alýarlar. Ondan peýdalanmak isleýän raýatlaryň banka diňe bir gezek gelmeginiň ýeterlik bolmagy bu hyzmatyň esasy aýratynlygydyr. Müşderileriň şahsyýetini tassyklaýan pasportynyň we aýlyk zähmet haky geçirilýän bank kartynyň maglumatlary hem-de karz taryhy awtomatik usulda barlanylýar. Ýagny karz alyjy tarapyndan banka hiç hili resminama tabşyrmak zerurlygy ýok. 2024-nji ýylyň 1-nji dekabry ýagdaýyna görä, bu ykjam goşundynyň üsti bilen 7054 sany müşderi ýüzlenip, 23168,4 müň manat möçberinde karz serişdeleri resmileşdirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň beýleki karz edaralary tarapyndan hem bu hyzmaty işe girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
«Halkbank» tarapyndan «Halkbank terminal» ykjam programma üpjünçiligi-de işe girizildi. Bu hyzmat döwrebap we ygtybarly tehnologiýalaryň esasynda işlenip düzülendir hem-de ol nagt däl hasaplaşykda, ýagny harytlardyr hyzmatlar üçin tölegler tölenende ulanylýan adaty töleg terminalynyň ornuny tutýar. «Halkbank terminal» hyzmatynyň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň artmagy bu täze ykjam goşunda gyzyklanmalaryň artýandygynyň aýdyň güwäsidir. 2024-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda bu görkeziji 210,6 million manada ýetdi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,8 göterim ýokarydyr.
«Senagat» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan hödürlenilýän «Senagat töleg» ykjam programma üpjünçiligi arkaly «Altyn Asyr» ÝGPJ-niň TMCELL öýjükli aragatnaşyk telefon hyzmatynyň, AŞTU-nyň (Aşgabat şäher telefon ulgamy) CDMA öýjükli aragatnaşyk telefon, internet, IP TV, öý telefony hyzmatlarynyň, «Türkmentelekom» elektron aragatnaşyk kompaniýasynyň internet hyzmatynyň, «Belet film» hyzmatynyň, «Älem-TV plastik kartlary» hyzmatynyň töleglerini, şeýle-de Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň jerime töleglerini, ýerleşýän ýerlerine garamazdan, müşderiler günüň islendik wagtynda töläp bilýärler.
Ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, birek-biregi goldamak asyrlarboýy türkmen halkyna mahsus asylly ýörelgelerdir. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi we oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Häzirki döwürde gazna tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan mahrum bolan çagalaryň we ýetginjekleriň ruhy, beden taýdan sazlaşykly ösmegi, mynasyp terbiýe almagy üçin uly işler alnyp barylýar. «Senagat töleg» ykjam goşundysy arkaly raýatlara nagt däl görnüşde haýyr-sahawat geçirimlerini amala aşyrmaga, ýagny gaznanyň hasabyna pul serişdelerini geçirmäge mümkinçilik döredildi.
Nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, banklaryň işini kämilleşdirmek, şol sanda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda» ýaly onlaýn bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak işlerine yzygiderli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Olaryň kömegi bilen müşderiniň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, pul geçirimlerini ýeňilleşdirmäge, netijede, ilatyň wagtyny hem-de serişdelerini tygşytlamaga giň mümkinçilikler döredilýär. «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlary arkaly 2018-nji ýyldan 2024-nji ýylyň 1-nji dekabry aralygynda geçirilen nagt däl hasaplaşyklaryň ösüş depgini muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Ýurdumyzda ornaşdyrylan döwrebap bank hyzmatlary arkaly geçirilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 2013-nji ýylda 4,2 million manat bolan bolsa, 2023-nji ýylda bu görkeziji 17372,7 million manatdan geçdi. 2024-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda bolsa bu görkeziji 18329,2 million manatdan hem ýokary boldy. Munuň özi, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17 göterim köpdür. Türkmenistanda amala aşyrylan nagt däl hasaplaşyklaryň ösüş depginini şu aşakdaky şekilden hem görmek bolýar.
Görnüşi ýaly, bank kartlaryny, şol sanda halkara bank kartlaryny ulanmak örän bähbitlidir. Uly möçberde pul serişdelerini ýitirmek töwekgelçiliginiň peselýändigini, söwda üçin tölegleri çalt tölemek we daşary ýurt pul birligini çalyşmak mümkinçiligini, iň esasysy-da, şahsy býujetiňize gözegçilik etmegiň ýeňil we amatly şertlerini sanly hyzmatlary ulanmagyň artykmaçlyklarynyň hatarynda görkezmek bolar. Bank hyzmatlaryny hödürlemek üçin zerur bolan tehniki üpjünçiligi we onuň goraglylygy barada aýdylanda, kiberhowplara garşy göreşmäge niýetlenen programma üpjünçiliklerini satyn almak we giňden ornaşdyrmak, banklaryň zerurlyklary, netijeli işlemegi üçin täze serwer enjamlaryny, disk massiwlerini gurnamak arkaly ýurdumyzyň karz edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini bellemek gerek.
Umuman, bank hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bu ulgamyň edaralaryna ynamyň artmagyna we olaryň özüne çekijiliginiň ýokarlanmagyna, fiziki hem ýuridik şahslaryň goýumlaryny çekmegiň, olary bermegiň tertibini ýeňilleşdirmäge, bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge we onuň halkara maliýe bazarlaryna goşulyşmagyny üpjün etmäge ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini innowasion taýdan ösdürmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işler durnukly ykdysady ösüş gazanmak, ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmak üçin amatly makroykdysady şertleri döredýär.