Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Jemgyýet
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Çap edildi 09.12.2024
443

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň 2024-nji ýyldaky 11-nji sany okyjylara ýetirildi. Däp bolşy ýaly, žurnal täsirli çykyşlar bilen okyjylary özüne çekýär.

Neşiriň täze sany «Watanymyzyň geljegi ýaşlar bilendir» atly makala bilen açylýar. Makala Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 33 ýyllygyna bagyşlanypdyr. «Ählumumy abadançylygyň bähbidine» atly makalanyň awtory bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «BRICS» sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýanyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran saparyna seslenýär.

Şu ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda köpçülikleýin ýagdaýda «Saglyk ýolundan» geçilmegi, bu çäreleriň dowamynda halkara ýaryşlarda üstünlik gazanan türgenleriň sylaglanylmagy bilen bagly wakalar «Belent ykrarnamanyň hormatyna» atly makalada öz beýanyny tapypdyr. «Parahatçylygyň gözbaşy» atly makalada hemişelik Bitaraplygymyzyň ýakynlaşyp gelýän 29 ýyllyk şanly senesine seslenilýär.

Mälim bolşy ýaly, noýabr aýynda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň uly toparyna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşuryldy. Neşiriň täze sanynda şol abraýly baýraga mynasyp bolan ýaşlaryň birnäçesiniň ýürek buýsançlaryna hem orun berlipdir. Indiki sahypalarda paýlaşylan makalalarda bolsa Milli Liderimiziň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda gözelligiň şöhlelendirilişi, Magtymguly Pyraga bagyşlanan şygyrlaryň çeperçilik aýratynlyklary, şahyryň şygyrlarynyň çeperçilik sungatyndaky orny öz beýanyny tapýar.

Hytaý dilini öwrenmegiň ähmiýetine bagyşlanan makala hem diýseň täsirli bolupdyr. Şol sahypalarda «Li-Fi» ulgamynyň we elektron sportuň aýratynlyklaryny düşündirýän makala hem okyjylaryň ünsüni özüne çeker. «Ekologiýa abadançylygynyň möhüm şerti» atly makalada bolsa şol şertiň çuňluklaryna siňilýär.

Ýene şol sahypalarda rus dilinde paýlaşylýan makala ýaşlaryň psihologik aýratynlyklaryndan söz açýar. «Ýaşlar ylym dünýäsinde» atly tapgyr bu gezek Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki simwoliki aýratynlyklary öwrenen, türkmen nakyllaryny hytaý diline terjime etmegiň ýollaryny salgy beren we pederlerimiziň seýrek meşgullanan kärlerini seljeren ýaş alymlaryň ylmy gözleglerine orun berýär.

Neşiriň şu sanynda iňlis dilinde paýlaşylan ilkinji makalada sanly ulgamyň döwrebap mümkinçilikleri öz beýanyny tapýar. Indiki makalada bolsa bilim beriş işinde sanly ulgamyň ornuna üns çekilýär.

«Hasabyň çykmasa...» atly çeper çykyş okyjyny gozgalýan mesele babatynda çynlakaý oýlandyrýar. Şu sözleri «Hünär kämilligi ― döwrüň talaby» atly makala üçin hem ulanyp bolar. Neşir bu sanynda Jorj Kleýsonyň «Wawilonyň iň baý adamy» atly kitabyndan ýene bir parça paýlaşylýar. Ýene şol sahypalardan «Hasap we netije», «Ýaý ganatyň, kepderi!» atly gyzykly makalalary hem okap bilersiňiz.

Däp bolşy ýaly, neşir döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň birnäçesiniň täze şygyrlaryny hem paýlaşýar. «Akwarel ― döwrebap sungatda» atly makala bolsa 23-nji noýabrda bellenilen Halkara Akwarel gününe mynasyp seslenme bolupdyr.

Neşiriň ahyrky sahypalaryndan okyjylar «Çörek mukaddesligi» atly gysgalygyna garamazdan, örän täsirli bolan makalany okap bilerler. Bu gezek zenanlarymyza «Mähirli» işdäaçarynyň taýýarlanylyşy barada maslahatlar berilýär. Şeýle hem şol sahypalarda «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň täze ýeňijisi barada maglumat berilýär.

Elektron žurnaly «Türkmenmetbugat» saýtyndan we onuň mobil goşundysyndan okap bilersiňiz.

Soňky habarlar
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
25.12
Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy
25.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
24.12
Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap
24.12
Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi
23.12
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.12
Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
top-arrow