Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
Jemgyýet
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
Çap edildi 30.11.2024
614

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge gönükdirilen kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasyna, «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň kararynyň taslamasyna garamak gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalary barada Mejlisiň ähli komitetlerinde, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapky ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi. 31-nji maýda we 15-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasy boýunça anyk tekliplerini beýan edipdi.

Geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň, “Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamalary «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» we “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýylyň maýynda kabul edilen degişli Kararyň esasynda işlenip taýýarlanyldy. «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer. Ol, ilkinji nobatda, pudaklaryň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ykdysady ösüşiniň durnukly depgininiň saklanylmagyna, Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine, döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliliginiň üpjün edilmegine, türkmen halkynyň abadançylygynyň, her bir maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Maslahatyň dowamynda parlamentariler ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda ýeten sepgitlerini, 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny düzmäge esasy çemeleşmeleri hem-de ýörelgeleri, onuň girdeji bölegini emele getirmegiň aýratynlyklaryny, oňa degişli beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, baş maliýe resminamasy giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmäge we milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça syýasatynyň durmuşa geçirilmegi esasynda nebitgaz pudagy, obasenagat toplumy, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, dokma we azyk senagaty ýaly ugurlar geljek ýylda mundan beýläk-de ösdüriler. Ulag-aragatnaşyk, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygy ýokary depginde dowam etdiriler.

Çykyş edenler Türkmenistany durmuş ugurly döwlet hökmünde yzygiderli ösdürmegiň milli strategiýamyzyň esasy wezipeleriniň biridigini nygtap, 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň serişdeleriniň aglaba böleginiň durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdiriljekdigini bellediler. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň, ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň we täze iş orunlaryny döretmegiň hasabyna ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň netijeliligini artdyrmak üçin şertleri döretmegiň, adamlaryň saglygyny berkitmegiň, ömür dowamlylygyny uzaltmagyň, bilim, zehin we medeni mümkinçiliklerini ösdürmegiň, ýaşlar syýasatyny işjeňleşdirmegiň, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmegiň 2025-nji ýylda hem bu syýasatyň esasy maksatlarynyň hatarynda boljakdygy aýdyldy. Çykyş edenler ykdysadyýetiň we jemgyýetçilik ugrunyň esasy görkezijileriniň biri bolan aýlyk zähmet haklary we girdejiler baradaky meseläniň üstünde durup geçmek bilen, bu ugurda Türkmenistanda alnyp barylýan syýasatyň zähmet haklarynyň we girdejileriň düzgünleşdirilmegini üpjün edýändigini, onuň ilatyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilendigini bellediler. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, 2025-nji ýyldan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberi nobatdaky gezek ýokarlandyrylar. Mundan başga-da, raýatlarymyzyň aýratyn toparlary, weteranlar we maýyplar, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar üçin goşmaça durmuş ýeňillikleri döredilýär.

Maýa goýumlaryň kesgitli möçberi ýaşaýyş jaýlarynyň, binalaryň we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirilýär. Şeýle hem maslahatda geljek ýyl üçin esasy maliýe-hukuk resminamasynyň taslamasynda göz öňünde tutulan ýerli býujetleriň görkezijilerine garaldy. 2025-nji ýylda telekeçiligi goldamak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak we içerki bazarlarda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Milli ykdysadyýetiň düzüminde hususy pudagyň paýyny artdyrmak işleri dowam etdiriler. Bu babatda bank we salgyt ulgamlaryny kämilleşdirmek, döwlet hem milli maksatnamalarda göz öňünde tutulan meýilnamalary amala aşyrmak üçin goşmaça maliýe çeşmelerini gözlemek, bazar institutlaryny özgertmegi dowam etdirmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Sporty ösdürmäge, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ornuny berkitmäge, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga-da uly ähmiýet berler. Medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem ileri tutulýan wezipeleriň biridir.

Deputatlar «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň kabul edilmegini biragyzdan goldadylar. Bu resminama düýpli hasaplamalara esaslanyp, döwletiň we jemgyýetiň serişde kuwwaty bilen berkidilendir hem-de hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat eder. «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň karary-da biragyzdan kabul edildi.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda Döwlet býujetiniň ykdysadyýetimizi meýilleşdirmegiň möhüm guralydygyny belledi. Şu ýyl ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik, durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler gönükdirildi. Şeýlelikde, Döwlet býujetiniň çykdajy bölegini maksatnamalaýyn peýdalanmak we özleşdirmek üpjün edildi. Girdeji bölegi barada aýdylanda, ol ykdysadyýeti özgertmegiň, innowasion ösüşi gazanmagyň, hususy pudagyň paýyny giňeltmegiň hasabyna artdyryldy.

Soňra deputatlar «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda» hem-de «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Kanunlaryň taslamalaryna garadylar. Mälim bolşy ýaly, bu ylalaşyklara Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana resmi saparynyň we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň şu ýylyň oktýabrynda ýurdumyza amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň çäginde gol çekildi. Bu ýurtlar bilen döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirjek resminamalaryň tassyklanylmagy Türkmenistanyň dürli ugurlarda, şol sanda maýa goýum we awtomobil ulaglary pudagynda özara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmegi, dostlugy we hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmagy maksat edinýändigini aýdyň görkezýär.

«Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda» we «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara seljerme merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary-da ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, bu resminamalara goşulmagyň kanunçylyk taýdan tassyklanylmagy söwda we ulag ulgamlarynda halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, netijeli hyzmatdaşlyk üçin goşmaça mümkinçilikleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu ulgamlar boýunça öňe süren, halkara bileleşigiň giň goldawyna mynasyp bolan başlangyçlarynyň we teklipleriniň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Bu teklipler deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin örän möhümdir.

Şeýle hem deputatlar «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda Kodeksine goşmaça we üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», «Diplomatik gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanunlaryň taslamalaryna garadylar.

Maslahatda başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Mejlisiň deputatlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de ýurdumyz tarapyndan tassyklanan halkara konwensiýalaryň düzgünlerine laýyklykda işlenip taýýarlanan bu kanunçylyk namalarynyň Watanymyzyň uzak möhletleýin esasda gülläp ösmegi üçin ygtybarly binýady üpjün etjekdigine, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
25.12
Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy
25.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
24.12
Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap
24.12
Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi
23.12
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.12
Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
top-arrow