Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
Hepdäniň wakalary
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
Çap edildi 24.11.2024
39

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe gitmegini şertlendirýär.

18-nji noýabrda döwlet Baştutanymyzyň geçiren iş maslahatynda oba hojalyk toplumyny ösdürmek, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynda welaýatlarda pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, hasyly gaýtadan işlemek üçin kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigi barada aýdyldy.

Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, sürüm işleri dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly hasyly, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasyly ýygnalýar. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini gözegçilikde saklamak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz pagta hasylynyň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alynmagyny, ýygym möwsümine gatnaşýan ähli düzümleriň bökdençsiz işini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleriniň talabalaýyk geçirilişini, önüm öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta, geljek ýylyň bugdaý hasyly boýunça ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Döwlet Baştutanymyz Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şalynyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça-da degişli görkezmeleri berdi.

Bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik edaralarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly aýratyn tabşyryklar berildi.

22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, daşary ykdysady işi has-da ösdürmek, içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz hem-de ygtybarly üpjün etmek, pagtanyň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen bagly meseleler bar.

Döwletimiziň halkara maliýe reýtingini we abraýyny ýokarlandyrmak, degişli düzümler, hususan-da, Beýik Britaniýanyň “Fitch Ratings” agentligi bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Agzalan agentlik tarapyndan geçirilen seljerme işleriniň netijesinde, şu ýylyň awgustynda Türkmenistanyň karz reýtingi ýokarlandyryldy. Agentlik bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyza çekilýän maýa goýumlaryň möçberini artdyrmaga, karzlaryň şertlerini ýeňilleşdirmäge, netijede, döwletimiziň daşary ykdysady işiniň has-da ösmegine ýardam berer.

26-27-nji noýabrda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. 4 — 6-njy dekabr aralygynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň hem-de Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahatynyň meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2025-2026-njy okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek barada teklip hödürlenildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen ýaşlarynyň maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika ylymlary, oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýalar, tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar ugurlary boýunça bilim almaklary maksadalaýyk hasaplanýar.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparynyň netijeleri barada habar berildi. Onuň barşynda duşuşyklaryň birnäçesi, hususan-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan, BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyklar geçirildi.

Mejlisde ýurdumyzda dekabr aýynda geçiriljek çäreler barada-da hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp halkara maslahat, Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň duşuşygy geçiriler. Şeýle-de ýurdumyzyň raýatlaryna Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň gowşurylyş dabaralary, Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy, paýtagtymyzda medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti, welaýatlarda, Arkadag şäherinde aýdym-sazly çäreler geçiriler. Çäreleriň birnäçesi 14-nji dekabrda bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe gabatlanylar. Esasy medeni çäreleriň hatarynda “Merdana nesil — 2024”, “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly döredijilik bäsleşikleriniň jemleýji tapgyrlary, 15-nji dekabrda Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy, bu baýram mynasybetli paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda geçiriljek medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri bar. Şunuň bilen bir hatarda, dekabr aýynda medeni-durmuş maksatly binalaryň birnäçesiniň açylyş dabaralary bolar.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda 2025-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda” Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisde Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Niýaz Çardakliýadan ynanç hatynyň kabul edilmegini geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Diplomat ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, deňhukuklylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, milli ykdysadyýetimizi innowasion esasda diwersifikasiýalaşdyrmaga we kuwwatyny artdyrmaga, döwrebap düzümleri kemala getirmäge, halkymyzyň abadançylygyny we durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalara aýratyn üns çekildi. Şeýle-de ilçi amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda, türkmen parlamentiniň alyp barýan köpugurly işi we düzümi bilen tanyşdyryldy.

Diplomat Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde bar bolan mümkinçilikler barada aýdyp, iki ýurduň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýän söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň biri boldy. Iki dostlukly ýurduň medeniýetlerini özara baýlaşdyrmaga ýardam eden bu döredijilik çäresiniň maksatnamasy Özbegistanyň sungat ussatlarynyň konsertini, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini, iki ýurduň ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygyny, özbek lybaslarynyň görkezilişini öz içine aldy.

Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumy hem-de özbek harytlarynyň milli sergisi geçirildi. Şeýle hem dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen mowzuklaýyn maslahatlaryň birnäçesi guraldy.

Sergi meýdançasynda goňşy ýurduň dag-magdan, metallurgiýa, nebitgaz senagatynda, maşyn gurluşygynda, elektrik energetikasynda, dokma we himiýa senagatynda, gurluşyk serişdeleri, durmuş tehnikasy, azyk önümleri, lukmançylyk serişdeleri, söwda ulgamlarynda iş alyp barýan iri döwlet düzümleriniň, hususy kompaniýalarynyň öndürýän önümleri we hyzmatlary görkezildi. Iki dostlukly ýurduň işewürleriniň arasynda geçirilen duşuşyklaryň dowamynda işjeň gatnaşyklary ösdürmegiň, bilelikdäki kärhanalary döretmegiň, iň täze tehnologik işläp taýýarlamalary ulanmagyň we innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça işjeň tejribe alyşmagyň türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygy bellenildi.

Oba hojalygy, energetika, himiýa we nebithimiýa senagaty, maşyngurluşyk, dokma, derman senagaty pudaklary işjeň hyzmatdaşlyk üçin uly kuwwata eýe bolan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunda işewürlik ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şeýle-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň, ylym, bilim, syýahatçylyk ulgamlarynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisiniň ikinji gününde geçirilen Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumyna iki ýurduň söwda, maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary, welaýat häkimleri, hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, şeýle çäreleriň geçirilmegi asylly däbe öwrülip, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky mizemez dostlugyň güwäsi bolup durýar. 2022-nji ýylda Buharada Türkmen-özbek I sebitara forumy üstünlikli geçirilipdi. Şu ýylyň iýulynda bolsa Daşkentde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisi guraldy.

Döwletara hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny ulanmak maksady bilen, Aşgabat hem-de Daşkent şäherlerinde bilelikdäki söwda öýleri açyldy. «Daşoguz — Şabat» geçiriş-gözegçilik nokadynda türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň gurluşygy dowam edýär. Awtomobil ýollarynyň, demir ýol şahalarynyň, ammarlaryň we beýleki infrastruktura desgalarynyň gurulmagy hem-de döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň Lebap, Daşoguz welaýatlarynyň, Özbegistan Respublikasynyň Buhara, Horezm welaýatlarynyň ykdysadyýetleriniň kuwwatyny artdyrmaga goşant goşar.

Özbek tarapynyň çykyşlarynda şu gezekki forumyň we Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisiniň iki ýurduň işewürleriniň arasynda täze gatnaşyklary ýola goýmakda, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakda ähmiýetli bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, Özbegistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň durnukly ösýändigine üns çekildi. Iki ýurduň işewürlerine döredilýän ýeňillikler sebitara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, özbek tarapynyň özara söwda dolanyşygyny artdyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Forumyň çäklerinde iki ýurduň wekilleriniň arasynda duşuşyklar geçirildi. Olarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, serhetýaka söwda-maýa goýum mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ösdürmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky dialogy işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşyň ähli ugurlaryny okgunly ösdürmäge, halkymyzyň rowaçlygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga, dürli ugurlarda bar bolan uly mümkinçilikleri nazara alyp, gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

Soňky habarlar
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
top-arrow