Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
Çap edildi 21.11.2024
384

Şu gün — Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisiniň ikinji gününde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumy geçirildi. Foruma iki ýurduň söwda, maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary, welaýat häkimleri, hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda sebitiň ýurtlary, şol sanda Özbegistan Respublikasy bilen özara gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykarylyp, anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurtlarymyzyň arasynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda guralýan hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan we Özbegistan netijeli hyzmatdaşlygyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, bilelikde geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwata eýedir. Şu nukdaýnazardan, şu gezekki duşuşyk ileri tutulýan ugurlarda gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.

Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, şeýle çäreleriň geçirilmegi asylly däbe öwrülip, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky mizemez dostlugyň güwäsi bolup durýar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýärler. Ýokary derejede geçirilýän duşuşyklarda kabul edilýän çözgütler hyzmatdaşlyga täze itergi berýär. Şunda sebitara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şu maksat bilen, 2022-nji ýylda Buharada Türkmen-özbek I sebitara forumy üstünlikli geçirildi. Şu ýylyň iýulynda bolsa Daşkentde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisi guraldy.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda barha ösdürilýär. Şunuň bilen birlikde, oba hojalygy, himiýa senagaty, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, dokma we azyk senagaty, ulag-logistika, syýahatçylyk ýaly ugurlarda-da oňyn tejribe toplandy. Sebitleriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Onuň bar bolan kuwwatyny ulanmak maksady bilen, Aşgabat hem-de Daşkent şäherlerinde bilelikdäki söwda öýleri açyldy. Häzirki wagtda «Daşoguz — Şabat» geçiriş-gözegçilik nokadynda türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň gurluşygy dowam edýär. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi söwda amallaryny ýönekeýleşdirmäge, sebitleriň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, medeni-durmuş hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge ýardam berer. Serhetýaka söwdanyň ilerledilmegi ýurtlarymyzyň serhetýaka sebitlerini ösdürmäge hem itergi berer. Awtomobil ýollarynyň, demir ýol şahalarynyň, ammarlaryň we beýleki infrastruktura desgalarynyň gurulmagy hem-de döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň Lebap, Daşoguz welaýatlarynyň, Özbegistan Respublikasynyň Buhara, Horezm welaýatlarynyň ykdysadyýetleriniň kuwwatyny artdyrmaga goşant goşar. Umuman, serhetýaka söwda zolaklarynyň döredilmegi kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem depginli ösdürilýär. Ylym, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynyň wekilleri ýakyn özara gatnaşyklary saklaýarlar. Bu ulgamlar ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky işewürlik, ynsanperwer ugurly gatnaşyklaryň ösdürilýändiginiň görkezijisi bolup durýar.

Özbek tarapynyň çykyşlarynda şu gezekki forumyň we Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisiniň iki ýurduň işewürleriniň arasynda täze gatnaşyklary ýola goýmakda, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakda ähmiýetli bolup durýandygy bellenildi. Forum hyzmatdaşlygyň gün tertibinde orun alan meseleleriň giň toplumy barada pikir alyşmak, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin meýdança bolup çykyş edýär. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi berer. Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň durnukly ösýändigine üns çekildi. Iki ýurduň işewürlerine döredilýän ýeňillikler sebitara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, özbek tarapynyň özara söwda dolanyşygyny artdyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Foruma gatnaşyjylar ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan uly şahsy goşantlary, şeýle çäreleri geçirmäge döredýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, serhetýaka söwda-maýa goýum mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ösdürmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky dialogy işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow