Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 08.11.2024
666

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si, hususan-da, “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda” hem-de ýurdumyzyň daşary syýasy başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen bagly başga-da birnäçe Kanunlar kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, dürli ulgamlarda gatnaşyklary kadalaşdyrýan birnäçe kanunçylyk namalary öňdebaryjy halkara tejribä we milli ýörelgelere, döwrüň talaplaryna laýyk getirildi. Mejlisiň kararlarynyň 19-sy kabul edildi.

Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, ýylyň başyndan bäri duşuşyklaryň 37-si geçirildi. Türkmenistanda işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriň 14-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek meseleleri boýunça halkara guramalar bilen bilelikde geçirilen maslahatlaryň 98-sine gatnaşdylar. Mundan başga-da kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 33-si guraldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap kanun taslamalaryny taýýarlamagy hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygy nygtaldy. Bu işde halkara tejribeden we milli ýörelgelerden ugur almaly. Şeýle hem dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň on aýynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, hasabat döwründe ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşi üpjün edildi, hususan-da, jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 2,5 göterime, gurluşykda 10,9 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 6,7 göterime, söwdada 9 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,8 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwrüne görä, şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy 12,5 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,8 göterim, çykdajy bölegi 97,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 25,2 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde gazanylan görkezijiler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny netijeli ösdürmäge, sebitleriň durnukly ösüşini gazanmaga möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri durmuşa geçirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere düýpli maýa goýumlaryň netijeli özleşdirilmegini üpjün etmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow şu ýylyň on aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer uglewodorod serişdelerini çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebit çykarmak boýunça meýilnamasynyň 102,4 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumlary tarapyndan 103,4 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 107,4 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 102,3 göterim, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasy 101,1 göterim ýerine ýetirildi. Şunuň bilen bir hatarda, dizel ýangyjyny, polipropilen, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak boýunça gazanylan netijeler barada hasabat berildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 106,2 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak hem-de olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň netijeli bolmagyny gazanmak zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz nebit önümlerini öndürmekde, tebigy gazyň çykarylyşynda meýilnamalaýyn işleri doly durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Ilki bilen, wise-premýer hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy oba hojalyk pudagynyň ähli işgärleriniň adyndan türkmen topragynyň sahawatlylygyny alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra wise-premýer hasabatyny dowam etdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 128,3 göterime barabar boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 101,4 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 119,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 148,6 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 227,4 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 132,2 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 102,8 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,2 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101 göterime deň boldy.

Häzirki wagtda welaýatlarda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleri, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragy dowam edýär, Mary welaýatynda bolsa ýetişdirilen gant şugundyry ýygnalyp alynýar. Ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmäge, Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada-da aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmagy we hilini gowulandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere möwsümleýin işleri agrotehniki kadalara laýyklykda, talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow 2024-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 108,6 göterim berjaý edildi. Şunda Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 106,5 göterime, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi 1 milliard 427 million manada deň boldy. Hasabat döwründe öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy Energetika ministrligi boýunça 104,2 göterime, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan 120,3 göterime ýetdi. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 113,4 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça meýilnama 141,8 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan öndürilýän önümleriň möçberini yzygiderli artdyrmak we ýerine ýetirilýän işleri kämilleşdirmek üçin, şeýle-de elektrik energiýasyny öndürmekde we ony daşary ýurtlara eksport etmekde netijeli çäreleri görmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan öndürilýän önümleriň hem ýokary hilli bolmagyny gazanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidip, onuň işini döwrebap ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň on aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar mynasybetli dürli çäreler geçirilip, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň, şol sanda gazet-žurnallaryň redaksiýalary tarapyndan yglan edilen bäsleşikleriň jemleri jemlenildi. Şunuň bilen birlikde, ýeňijileri sylaglamak dabaralary, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli medeni çäreler guraldy. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen hünärmenleri dürli medeni forumlardyr çärelere gatnaşmak üçin daşary ýurtlarda iş saparlarynda boldular.

Hasabat döwründe Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Şeýle hem 10-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Aşgabat şäherindäki “Laçyn” seýilgähinde meşhur gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasynyň bolandygy aýdyldy. Arkadag şäherinde geçirilen VI Wena baly, Mukamlar köşgünde guralan “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly hem-de onuň çäklerinde TÜRKSOÝ-nyň Muzeýler birleşiginiň agzalarynyň jemleýji maslahaty, ýazyjylaryň duşuşygy we suratkeşleriň maslahaty, meşhur akademikler, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýeleri Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň 95 ýyllygy mynasybetli guralan halkara ylmy duşuşyk hasabat döwrüniň esasy çäreleriniň hatarynda görkezildi.

Teatrlaryň, kinoteatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň, Döwlet habarlar agentliginiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada-da hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda gazanylýan üstünlikler baradaky maglumatlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmegi, medeni mirasymyzy öwrenmegi we giňden wagyz etmegi möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. Döwlet Baştutanymyz kitaphanalaryň, muzeýleriň işini kämilleşdirmegiň wajypdygy barada aýdyp, bu ugurda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Medeniýet günleriniň, festiwallaryň, bilelikdäki konsertleriň geçirilmegine-de möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygy bellenildi.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan meýilnama laýyklykda, 16-njy noýabrda jemleýji dabarany, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisini hem-de türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konsertini geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri jemlemek dabarasyny ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisini we türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konsertini geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy, sanly bilim ösdürildi, okuw kitaplary we gollanmalar neşir edildi, elektron žurnallar döredildi. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Mekdep okuwçylary, talyplar halkara bilim bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş, bürünç medallaryň 813-sini gazandylar.

Geçen on aýda ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegine, ylmy barlaglaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, ylym bilen önümçiligiň baglanyşygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işler dowam etdirildi. Ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy barlaglar ýerine ýetirildi. Alymlyk derejesine dalaşgärler hasaba alyndy, dissertasiýalar goraldy. “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy” tassyklanyldy. Ýylyň başyndan bäri dürli halkara ylmy-amaly maslahatlar, tanyşdyrylyş dabaralary, sergiler, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler guraldy.

Hasabat döwründe amaly lukmançylyga bejeriş-öňüni alyş işleriniň öňdebaryjy usullary ornaşdyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň Kararlary bilen, “Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy”, “Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy” tassyklanyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabatda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi dabaraly açyldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary welaýatynyň we Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binalary açylyp ulanmaga berildi. Şeýle hem “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat guraldy.

Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça hem işler dowam etdirildi. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça guramaçylyk topary döredildi. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlaryň 161-sine gatnaşyp, jemi 538, şol sanda 174 altyn, 150 kümüş, 214 bürünç medala mynasyp boldular.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Bellenilişi ýaly, bilim işini kämilleşdirip, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet bermek, mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň halkara ders we internet bäsleşiklerine, olimpiadalara giňden gatnaşmagy üçin ähli şertleri döretmek zerurdyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga giňden ornaşdyrmak saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge möhüm ähmiýet bermegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlaryny Olimpiýa oýunlaryna, dünýä we Aziýa çempionatlaryna ýokary derejede taýýarlamagy üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn gatnaşyklary babatda öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek üçin degişli işler amala aşyryldy.

Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynda we Gazagystan Respublikasynda iş saparlarynda boldy. Şu ýylyň başyndan bäri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine, Türkiýe Respublikasyna, Täjigistan Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan Respublikasyna, Eýran Yslam Respublikasyna saparlary amala aşyrdy. Ýurdumyza Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet sapary, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi sapary, Mongoliýanyň Prezidentiniň döwlet sapary guraldy.

11-nji oktýabrda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma Eýranyň, Pakistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň, Mongoliýanyň Prezidentleri gatnaşdylar.

Hasabat döwründe şu ýylyň 24-nji maýynda paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Premýer-ministrleri ýurdumyza iş saparlaryny amala aşyrdylar. Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretarlary Türkmenistanda saparda boldular.

Ýanwar — oktýabr aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň ýurdumyza, Türkmenistanyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran gulluk iş saparlary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle-de dürli derejedäki duşuşyklar we gepleşikler, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklar geçirildi. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň üsti 196 resminama bilen ýetirildi. Daşary syýasat edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli amala aşyrylýar. Ýylyň başyndan bäri Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi.

Ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Hasabat döwründe daşary döwletleriň Türkmenistanda täze bellenen ilçileriniň 20-si ynanç hatlaryny gowşurdy. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky 8 ilçisi, 2 konsuly we 1 halkara guramanyň ýanyndaky wekili resmi taýdan öz işine başlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň bitaraplyga we parahatçylyk söýüjilige esaslanýan daşary syýasatynyň dünýäniň ähli döwletleri, halkara guramalar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, şeýle hem Halkara Bitaraplyk gününe gowy taýýarlyk görmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 119,1 göterime deň boldy. Ýanwar — oktýabr aýlarynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 103,3 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,3 göterime barabar boldy. Geçen on aýda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 102,8 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 154,5 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 114 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 114,6 göterime deň boldy.

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler hakynda-da aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumy üçin önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň barşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegi we döwrebaplaşdyrmagy, ýerine ýetirilýän işleriň, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagy, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagy we giňden ornaşdyrmagy ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi. Agentligiň ýolbaşçysyna ýolagçy gatnatmagyň, ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak üçin zerur çäreleri görmek, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda işleri guramakda halkara tejribeden ugur almak tabşyryldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda täze şäherçeler, ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş, saglyk merkezleri, mekdepler, çagalar baglary we ençeme beýleki desgalar bar.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda hem ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde köp sanly halkara çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýüzlenip, deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze — 2025-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz 9-njy noýabrda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljekdigini, 10-njy noýabrda bolsa ýurdumyzda Hasyl toýunyň giňden belleniljekdigini nygtady. Bu baýram merdana halkymyzyň yhlasly zähmetini görkezýän rysgal-berekediň baýramydyr. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagyny ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de Hasyl toýy mynasybetli, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi we mähriban halkymyzy, zähmetsöýer daýhanlary bu baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow