Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 290 müň dollaryndan gowrak boldy
Ykdysadyýet
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 290 müň dollaryndan gowrak boldy
Çap edildi 21.10.2024
2741

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, Türkiýäniň we Ukrainanyň işewürleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. 

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Ukrainanyň telekeçilerine jins we tikinçilik önümleri, ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, nah ýüplük, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, portlandsement, şeýle hem gazlandyrylan mineral suwlar, gazlandyrylan alkogolsyz içgiler ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 290 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 21 million 264 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (“Türkmennebit” döwlet konserni), şeýle hem float aýnasyny we nah ýüplügi satyn aldylar.

Soňky habarlar
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
14.08
Giň gerimli gurluşyklar — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany
14.08
Ruhy däpleriň dowamaty
14.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
13.08
Ylym we tehnologiýalar — ýurdumyzyň rowaçlygynyň kepili
13.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
13.08
«Arkadag» topary täze ýeňişleri nazarlaýar
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
top-arrow