Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Jemgyýet
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Çap edildi 11.10.2024
698

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurlan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we adybir medeni-seýilgäh toplumy Aşgabadyň binagärlik keşbine aýratyn öwüşgin çaýýar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Mundan başga-da, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlary öňe sürdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymgulynyň döredijiliginiň umumadamzat derejesindäki ähmiýeti barha artýar. Onuň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp paýtagtymyzda geçirilýän «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum hem munuň aýdyň güwäsidir. Gündogaryň akyldar şahyrynyň edebi mirasyna hormat-sarpanyň nyşany hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy ägirt uly ähmiýete eýedir. Bu şahyrana eserde akyldaryň döredijiligi pähim-paýhas ummanyna deňelýär we onuň öňdengörüjilikli pikirleri giňden beýan edilýär.

...Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdança geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy.

Ýüzýyllyklaryň geçendigine garamazdan, şahyryň eserleri täze röwüşde ýaňlanýar we Türkmenistanyň çäklerinden has uzaklarda-da barha meşhurlyga eýe bolýar. Magtymgulynyň goşgulary Watana söýginiň, ynsanperwerligiň, parahatçylygyň, dost-doganlygyň, dürli medeniýetleriň we halklaryň arasynda özara ynanyşmagyň, hormat goýmagyň çagyryşy bolup çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen halky müňlerçe ýyllyk taryhynyň dowamynda adamzadyň umumy ösüşine uly täsir eden ruhy we medeni gymmatlyklary döreden halkdyr. Şahyryň eserleri dünýä edebiýatynyň, adamzat medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. Söz ussadynyň dürdäne eserlerini halk ýatdan öwrenipdir. Bagşy-sazandarlarymyz onuň çuň many-mazmunly goşgularyny aýdyma öwrüp, şu günlerimize ýetiripdir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymgulynyň ýadygärligine gül desselerini goýdy.

Ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, talyplar hem bu göreldä eýerdiler.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki nusgalyk ýol-ýörelgeler ýaş türkmenistanlylary terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Şahyryň taglymatlary, geljege bolan garaýyşlary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy mirasydyr. Şonuň üçin Magtymgulynyň şahyrana mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy. Nusgawy şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek halkara häsiýete eýe boldy.

Magtymgulynyň goşgularyndan eriş-argaç bolup geçýän hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, demokratiýa, däp-dessurlara ygrarlylyk ýörelgeleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirýär we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň dowamatlylygynyň çeşmesi bolmagynda galýar. Häzirki wagtda Magtymgulynyň döredijiliginiň halkara derejede dost-doganlygy pugtalandyrmaga hyzmat edýändigini aýdyp bileris. Çünki ýurdumyzyň daşary syýasaty beýik şahyryň pikirleriniň, tutuş barlyk we türkmen halkynyň dünýädäki orny baradaky garaýyşlarynyň dowamydyr.

Dabara tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, şu günki çäre we umuman, beýik söz ussadyna bagyşlanyp ýurdumyzda hem-de halkara derejede geçirilýän beýleki çäreler Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň umumadamzat ähmiýetini ýene-de bir gezek açyp görkezdi.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow