Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Watan goragçylaryna sylaglar gowşuryldy
Jemgyýet
Watan goragçylaryna sylaglar gowşuryldy
Çap edildi 28.09.2024
1560

Şu gün Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, harby gullukçylara döwlet sylaglaryny gowşurmak, olara harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabarasy geçirildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri türkmen döwletiniň sarsmaz daýanjyna öwrüldi. Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meseleleri döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar.

Ykbalyny Watan goragy bilen baglan harby gullukçylar sylaglary almak bilen, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň öňünde harby kasama, Watana wepalylygyň, türkmen halkynyň asuda we parahat durmuşynyň goragynda sarsmaz gala bolup durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde tagzym edýärler.

Merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek boýunça oýlanyşykly, onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegi göz öňünde tutýan maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirýäris diýlip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda bellenilýär.

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerini döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlemek bilen, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany durmuşa geçirýär we halkymyzyň parahat, abadan durmuşynyň kepili bolan Milli goşunymyzyň ýokary goranyş ukybyny üpjün edýär. Harby gullukçylar ata-babalarymyzyň adalatlylyk, pähim-paýhas, mertlik, edermenlik, gaýduwsyzlyk, watançylyk ýaly şöhratly ýörelgelerine eýerýärler. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, biziň Watanymyz merdana adamlaryň ýurdudyr. Türkmenistanyň parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň berkidilmegine, döwletimiziň çäk bitewüliginiň eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegine gönükdirilen daşary syýasaty esasynda işlenip taýýarlanylan Harby doktrinanyň maksatlaryna we ýörelgelerine üýtgewsiz eýermek Watan goragçylarymyzyň mukaddes borjudyr. Häzirki wagtda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky arzuwlary hasyl boldy. Türkmen halky ata-babalarymyzyň asylly arzuw-hyýallarynyň hakykata öwrülen parahat, abadan we kuwwatly döwletinde ýaşaýar.

Mukaddes harby kasama laýyklykda ak ýürekden gulluk borçlaryny berjaý edýändikleri üçin döwlet sylaglaryna, harby we ýörite atlara hem-de hünär derejelerine mynasyp bolanlar hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa ýokary sylaglar üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de öňlerinde goýlan wezipeleri ýerine ýetirjekdiklerine, Watana wepaly gulluk etmegiň, ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluna belent sarpa goýmagyň, watançylygyň, edermenligiň nusgasyny görkezjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňky habarlar
27.08
Durnukly arabaglanyşyk — durnukly ösüş
27.08
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
27.08
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2024-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Monako Knýazlygynyň Şazadasyny gutlady
26.08
Umumy abadançylygyň bähbidine döwletara hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär
25.08
Parlament forumy: ählumumy hyzmatdaşlyga çagyryş
24.08
Ählumumy ösüşiň we abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
23.08
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi
22.08
Ze­nan­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gi — He­re­ket­le­riň Awa­za mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň mö­hüm şer­ti
top-arrow