Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
Ykdysadyýet
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
Çap edildi 11.09.2024
2641

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymyna badalga berildi. 6-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz gowaça ösdürip ýetişdirýän daýhanlara we ähli oba hojalyk işgärlerine işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli ykdysadyýetimizde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak babatda maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýan pagtaçylygyň obasenagat toplumynyň möhüm ähmiýetli pudagydygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň tebigy howa şertleri gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin amatlydyr. Pagta süýümi innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap önümçiligi ýola goýmakda Diýarymyzyň dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolup durýar. Dokma senagatynyň önümleri bolsa dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän özgertmeleriň netijesinde obasenagat toplumynyň kuwwaty barha ýokarlanýar. Onuň möhüm ugurlary oba hojalygynyň häzirki zaman önümçilik we hyzmat ediş düzümlerini döretmekden, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmakdan, ekerançylygyň medeniýetini gowulandyrmakdan ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, 9-njy sentýabrda geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanymyz ýetip gelen pagta ýygym möwsümi barada aýdyp, pagta kabul ediş harmanhanalarynyň, işlediljek kombaýnlaryň, awtoulaglaryň taýýarlyk derejesini ýene-de bir gezek gözden geçirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň daýhanlaryň irginsiz zähmet siňdirip ýetişdiren hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, pudakda özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyny üpjün etjekdigini belledi.

Oba hojalyk ekinlerini suwarmaga, pudagyň tehniki binýadyny täzelemäge uly möçberde maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Şu maksatlar bilen, döwlet tarapyndan dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, oba hojalygyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga tarap ugur alyndy. Şunuň bilen bir hatarda, ylmy seçgiçilige, gowaçanyň tiz ýetişýän, ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýan täze sortlarynyň döredilmegine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, pagta ýygymy möwsüminiň sazlaşykly işini yzygiderli üpjün etmek üçin ýerlerde ulanylýan tehnikalara gije-gündizleýin tehniki hyzmatlar ýola goýuldy, mehanizatorlaryň, sürüjileriň we pagtany el bilen ýygmaga gatnaşýanlaryň öndürijilikli işlemekleri, doly derejeli dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredildi.

Şu gün ýurdumyzyň welaýatlarynyň Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, halylar we şygarlar bilen bezelen pagta kabul ediş bölümlerine, pagta arassalaýjy zawodlaryna üsti “ak altyn” bilen doldurylan awtoulaglaryň hem-de tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi. Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular hasylyň ýygnalyp başlanmagyna ak pata berip, Beýik Biribardan döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda täze zähmet ýeňişlerine tarap öňe barýan Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygyny dileg etdiler.

Dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, obasenagat pudagynyň gaýtadan işlenen harytlarynyň, dokma senagaty önümleriniň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Aýdymçy-sazandalar, tans, folklor toparlary konsert maksatnamalary bilen çykyş etdiler. Bereketli pagta hasylyny ýetişdiren önümçiligiň öňdebaryjylaryna — iň oňat pagtaçy kärendeçilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Soňky habarlar
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
14.04
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy
top-arrow