Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan — Owganystan: däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda
Ykdysadyýet
Türkmenistan — Owganystan: däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda
Çap edildi 30.08.2024
625

Şu gün paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana sapar bilen gelen Owganystanyň magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji H.Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistan oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny ösdürmäge ygrarlydygyny görkezýär. Şunda döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda goňşy ýurtlar, hususan-da, Owganystan bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmen-owgan gatnaşyklary özara hormat goýmak, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýar.

Owgan tarapynyň wekilleri myhmansöýer türkmen topragyna gelmäge döredilen mümkinçilik üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Türkmenistanyň Owganystandaky syýasy-ykdysady durnuklylyga, doganlyk halkyň abadançylygyna gyzyklanma bildirýändigini bellemek gerek. Biziň dostluk goldawymyz ýeňillikli esasda elektrik energiýasynyň we suwuklandyrylan gazyň iberilmeginde, goňşy ýurduň çäklerinde durmuş maksatly desgalary gurmakda, hünärmenleri taýýarlamakda ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň wekilleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Owganystanyň ykdysadyýetini hem-de durmuş düzümlerini mundan beýläk-de dikeltmäge gönükdirilen anyk ädimleriň ädilýändigini nygtadylar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda we beýleki iri halkara forumlarda öňe süren, dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolan döredijilikli başlangyçlary hem şaýatlyk edýär.

Ýangyç-energetika pudagy türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşyk taslamasyna üns çekildi. Bellenilişi ýaly, bu iri energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmegi owgan ykdysadyýetiniň ösmegine, oňa maýa goýumlaryň gönükdirilmegine, möhüm durmuş meseleleriniň oňyn çözülmegine, şol sanda täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder. Gurluşygy alnyp barylýan TOPH gaz geçirijisiniň ugry boýunça Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamynyň hem çekilýändigini nygtamak gerek. Bu elektrik geçiriji ulgam agzalan gaz geçirijiniň ähli infrastruktura desgalaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etmekden daşary, ony Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge-de mümkinçilik döreder.

Taraplar gurluşyk we senagat ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek baradaky meseleler boýunça hem pikir alyşdylar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Owganystanyň Ýewropa bilen Aziýanyň aralygynda geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmeginiň ulag-aragatnaşyk pudagynda netijeli döwletara hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar ýurtlaryň ikisiniň-de sebitiň we dünýä döwletleriniň bähbidine öz üstaşyr ulag kuwwatyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýändiklerini nygtadylar. Taraplar ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň oňyn depginini belläp, ulag-kommunikasiýa pudagynda netijeli gatnaşyklary ösdürmegi dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Bar bolan kuwwatlyklary durmuşa geçirmekde bilelikdäki tagallalaryň birleşdirilmegi ýakyn wagtlarda türkmen-owgan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna hil taýdan täze many-mazmun bermäge, özara haryt dolanyşygynyň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Owganystanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy myhmansöýer türkmen topragyndaky duşuşyklaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdi. Myhmanlar ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Owgan wekiliýetiniň ýurdumyza saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” döwlet kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Owganystanyň Jemgyýetçilik işleri ministrliginiň arasynda “Turgundy” demir ýol bekedinde guruljak desgalaryň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Owganystanyň Jemgyýetçilik işleri ministrliginiň arasynda gurulmagy meýilleşdirilýän Turgundy — Hyrat demir ýolunyň ugrundaky, takmynan, 22 kilometrlik Turgundy — Sanabar böleginiň iş meýilnamasy, “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasy bilen Owganystanyň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasy babatda kabul edýän tarapynyň Hökümeti bilen Ylalaşyk bar.

Şeýlelikde, Owganystanyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşyk we onuň netijesi boýunça gol çekilen resminamalar iki goňşy ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge itergi berer.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow