Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Oba hojalyk pudagynyň netijeli ösdürilmegi azyk bolçulygyny üpjün etmegiň binýadydyr
Ykdysadyýet
Oba hojalyk pudagynyň netijeli ösdürilmegi azyk bolçulygyny üpjün etmegiň binýadydyr
Çap edildi 15.07.2024
936

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri, toprakdan bol hasyl almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli oba hojalyk özgertmeleriniň esasy maksady daýhanlaryň yhlasy bilen bol hasyl eçilýän türkmen topragynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmakdan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekden we pudagy has-da ösdürmekden ybaratdyr. Döredijilikli döwlet syýasaty ajaýyp zamananyň binýadyny goýdy. Onda pederlerimiziň wesýetleri, halkymyzyň milli däpleri häzirki zamanyň ruhy bilen sazlaşykly utgaşýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän düýpli özgertmeler bugdaý ösdürip ýetişdirmekden başlap, ony gaýtadan işlemäge çenli ýurdumyzyň gallaçylarynyň ähli iş ugurlaryna öz oňyn täsirini ýetirýär.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň ussat gallaçylary şu ýyl Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu barada 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa habar berildi. Şeýle hem mejlisde birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ajaýyp zähmet üstünligi döwlet Baştutanymyzyň oba zähmetkeşleri baradaky edýän hemmetaraplaýyn aladalarynyň, obasenagat toplumyny depginli ösdürmäge, onuň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmaga, düýpli özgertmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň gallaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, ussat kärendeçilerimiziň, hususy önüm öndürijilerimiziň, mehanizatorlarymyzyň, alymlarymyzyň, bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri alyp baran her bir adamyň agzybir hem-de yhlasly çeken zähmeti netijesinde şeýle belent sepgide ýetildi. Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzy edermen babadaýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen bereketli bugdaý hasylynyň ýygnalmagy bilen gutlady.

Pudagyň zähmetkeşlerine hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi, olaryň dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän häzirki zaman, ýokary öndürijilikli tehnikalary, ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler bilen üpjün edilmegi döwletimiz tarapyndan hemişe üns merkezinde saklanýar. Ýeri gelende bellesek, 15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gyzylarbat etrabyndaky «Arkaç» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynda döwlet Baştutanymyz kärendeçileriň haýyşy boýunça bugdaýyň bir dessesini orup, galla oragyna ak pata berdi. Hormatly Prezidentimiziň bu sapary daýhanlary has-da ruhlandyryp, sahawatly türkmen topragyndan bol hasyl almaga isleglerini artdyrdy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge uly üns berilýär, oba ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin ähli zerur işler durmuşa geçirilýär. Daýhanyň ýerden bol hasyl alyp, bereket tapmagy üçin amatly şertler döredilýär. Şu ýyl bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Daýhanlar kuwwatly tehnikalar, ýokary hilli tohumlar, dökünler bilen üpjün edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 24-nji iýunda paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Aşgabat şäheriniň eteginde ýerleşýän «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynda iş maslahatyny geçirmegi hem bu pudagy ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz sahawatly toprakdan öndürilýän galla hasylynyň halkymyzyň berekedidigini belledi. Ýurdumyzyň däneçilik pudagynda alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyk derejede, ylmy esasda ösdürmek möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir. Bu ugurdaky işleriň degişli derejede ýerine ýetirilmegi bolsa bol hasylyň ýetişdirilmegini üpjün edýär. Türkmenistanda «Tohumçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda, şeýle hem halkara tejribä esaslanyp, tohumçylyk işine uly ähmiýet berilýändigini nygtamak gerek. Seçgiçilik we tohumçylyk pudagynda alnyp barylýan ylmy gözlegler, alymlaryň degişli tejribesiniň we hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy täze taryhy döwürde oba hojalygy pudagynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

Ýurdumyzda Ylmy-barlag däneçilik institutynyň, Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň işi ýola goýuldy. Bu bolsa tohumçylyk-seçgi işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, oba hojalyk ekinleriniň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän görnüşlerini taýýarlamak, oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek, önümçiligi döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak işlerine goşant goşýan ýurdumyzyň alymlaryny has-da ruhlandyrdy.

Ak bugdaýyň watanynda buýsançly zähmet çekýän türkmen daýhanlary öndürijilikli iş alyp baryp, toprakdan bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek bilen, ýurtda azyk bolçulygyny döretmäge uly goşant goşýarlar. Durmuşa geçirilýän özgertmeler bereketli türkmen topragynyň mümkinçiliklerini doly derejede açmaga gönükdirilendir. Şeýlelikde, ak ekinleriň we topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tarp ýerleri işjeň özleşdirmek, ekerançylyk meýdanlarynyň meliorasiýa we suw üpjünçiligi meselelerini çözmek boýunça alnyp barylýan yzygiderli işler ýurdumyzda gallaçylygy üstünlikli ösdürmegiň binýady bolup durýar.

Diýarymyzda düýpli özgertmeleriň üstünliklere beslenmegi, halkymyzyň yhlasly zähmet çekmegi we abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edilýän aladalar «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä esaslanýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir!


Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow