Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň ýolunda
Jemgyýet
Döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň ýolunda
Çap edildi 05.07.2024
2525

7-nji iýulda, ýekşenbe güni Aşgabatda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçiriler. Mejlisiň karary bilen kesgitlenen bu günde ýurdumyzyň raýatlary konstitusion hukuklaryndan peýdalanyp, saýlaw uçastoklaryna gelerler hem-de watandaşlarymyzyň hormatyny we ynamyny gazanan, halkyň has mynasyp, abraýly wekillerine ses bererler. Saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň möhüm tapgyry bolan tanyşdyryş çäreleri tamamlandy.

Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlygyna jemi 3 deputat saýlanar. Şunuň bilen baglylykda, 60 saýlaw uçastogy hereket edýär. Uçastok saýlaw toparlary 7-nji iýulda irden sagat 7:00-dan agşam 19:00-a çenli işlär. Saýlawlaryň resmi taýdan geçirilýän senesinden 10 gün öň käbir sebäplere görä şol gün ýaşaýan ýerinde bolup bilmeýän Türkmenistanyň raýatlaryna möhletinden öň ses bermek hukugy berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda üç sany syýasy partiýa hereket edip, olar saýlawlaryň giň demokratik esasda geçirilmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Her saýlaw okrugy boýunça birnäçe dalaşgär hasaba alyndy. Bu bolsa saýlawlaryň bäsdeşlik esasynda geçirilýändigini görkezýär. Olar dalaşgärlige Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýa tarapyndan hödürlenildi. Raýatlar toparlary hem saýlaw okruglarynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň umumy ýygnagy tarapyndan teklip edilen dalaşgärleri hödürledi.

Saýlawlaryň öň ýanynda geçirilen ýygnaklara gatnaşyjylaryň nygtaýyşlary ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasaty netijesinde döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, raýat jemgyýetiniň institutlaryny döretmek, syýasy ulgamy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen, «Syýasy partiýalar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň raýatlarynyň kepillendirilen syýasy hukuklaryny berjaý etmekleri babatda netijeli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary Türkmenistanda hereket edýän kanunçylygyň talaplaryna we halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyklykda öz wagtynda geçirildi. Olaryň dowamynda her bir dalaşgäre saýlawçylar bilen duşuşmak mümkinçiligi döredildi. Ähli okruglarda saýlaw uçastoklaryndaky saýlaw amallaryna, ýekşenbe güni geçiriljek saýlawlara ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň arasyndan bellenen milli synçylar gözegçilik ederler. Synçylaryň bellemeklerine görä, saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreler dalaşgärleriň bäsdeşlik ýörelgelerine berk eýermekleri esasynda geçirildi. Olara saýlawçylary öz maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrmak üçin deň mümkinçilikler döredildi.

7-nji iýulda saýlaw uçastoklaryna geljek ýurdumyzyň raýatlary saýlan wekilleriniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan Watanymyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmelere, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça işlere mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanmak bilen, has mynasyp dalaşgärlere ses bererler.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow