Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Käbir okruglar boýunça Mejlisiň deputatlaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy
Jemgyýet
Käbir okruglar boýunça Mejlisiň deputatlaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy
Çap edildi 27.06.2024
2649

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 27-nji iýunyndan başlap, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» okruglary boýunça Mejlisiň deputatlaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy. Ýokarda ady agzalan Kodekse laýyklykda, saýlaw gününden 10 gün öň ses bermek mümkinçiligi saýlaw hukugyna eýe bolan, 7-nji iýuldaky saýlaw güni ýaşaýan ýerinde bolup bilmeýän, gulluk iş saparyna ýa-da zähmet dynç alşyna gidýän, şeýle hem käbir sebäplere görä saýlaw uçastogyna gelip bilmeýän raýatlar üçin göz öňünde tutulandyr.

Şu günler saýlaw uçastok toparlarynyň netijeli işleri alyp barýandygyny bellemek gerek. Olaryň düzümine zähmetkeş toparlaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň has mynasyp wekilleri girýär. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda TDH-a habar berlişi ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary öz wagtynda, hereket edýän milli kanunçylyga hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda guraldy. Üç okrugda saýlaw uçastoklarynyň 60-sy doly taýýar edildi. Olar kabinalar we birmeňzeş nusgadaky ses bermek üçin gutular, degişli tehniki enjamlar, saýlawlar boýunça maglumat materiallary, usuly edebiýatlar, kadalaşdyryjy resminamalar we beýleki materiallar bilen üpjün edildi. Möhletinden öň ses bermek saýlaw uçastoklarynda sagat 8:00-dan 18:00-a çenli geçiriler.

Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan bellenen milli synçylaryň 76-sy saýlawlara gözegçiligi amala aşyrar. Olaryň ählisine ygtyýarlyklarynyň çäklerinde dalaşgärler bilen duşuşyklara, saýlawlaryň öň ýanynda, şeýle hem saýlaw güni saýlaw uçastoklaryna baryp görmek mümkinçiligi döredildi. Bu bolsa, öz gezeginde, saýlawlaryň açyklyk, aýdyňlyk ýagdaýynda, giň demokratik esasda geçirilmegine oňyn täsirini ýetirer. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda dalaşgärler bilen duşuşyklar dowam edýär. Olaryň dowamynda saýlawçylar dalaşgärleriň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmaga gönükdirilen maksatnamalary bilen tanyşýarlar.

Aşgabat şäheriniň saýlaw okruglarynyň üçüsi boýunça Mejlisiň deputatlaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermegiň şu gün badalga alan tapgyry bu jemgyýetçilik-syýasy çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlygy tassyklaýar. Bu çäre ýurdumyzyň demokratik ösüş ýoluna, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsine öwrüler.

Soňky habarlar
09.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
09.11
Belent maksatlara ýetmek ugrunda
09.11
Milli sungatyň öwüşginleri
09.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
08.11
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
08.11
Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy
08.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady
08.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow